Ýürekdeş sözler!
Maksat : Kiçi wagtym:ulalamda uly jaÿym,mashynym bolar diÿÿàdim weli, kakam bashyny ÿaÿkap oglum bu mùmkin dal diÿÿàrdi,indi ulaldym jaÿymam,mashynymam bar emma kakam yok.
C.Ronaldo
Gyzlara degisli gosgy
Betinden Sebap [off] 01.05.2025 / 17:57 Lekum dinukum we liýe din
Aslynda asylly gözel gyz bolsañ.
Adamlaryñ köp ýerinde görünme.
Durşuñ bilen kereşmedir näz bolsañ.
Artykmaç näz boljak bolup urunma.
Hemmeler sen gyza bakýanam bolsa.
Ýüregiñ gürsüldäp kakýanan bolsa.
Söýgiñ gyzgyn ganda akýanam bolsa.
Ýalt-ýalt edip töweregñe garanma.
Egerde diýseler señ söziñ mähir.
Ýada diýýäýseler señ öziñ mähir.
Şonda-da gözleñde oýnasyn gahar.
Men mähirli diýip artyk erenme.
Ýüregiñ ak bolsun diñe gar ýaly.
Kalbyñda buýsanjyñ bolsun nur ýaly.
Altyn saçlañ tolkun atsyn mar ýaly.
Rakyplaryñ bar ýerinde daranma.
Utanç saklar gyzy her bir beladan.
Çykarma diliñi dişli galadan.
Diñe abraý bolsun seniñ aladañ.
Başarsañ bolgusyz ýerde görünme.
Teswirler:
Öwreniji Daniel [off] Quran lover 🤍 01.05.2025 / 18:40+0Gyzlara degişli diyipsin weli okamany bir täsin gördüm
BetindenSebap (01.05.2025 / 23:16) Daniel, goşgyň ady şol ekenda menem şeýle diýäýdim
Premium
Bayradot [off] 01.05.2025 / 20:45+0Daş ine goşgy şular ýalyjak maşgala duşsa tepäme täç etjek
BetindenSebap (01.05.2025 / 23:18) Bayradot, sagboluň. Dilegiň hasyl bolup isleýän gyzyňyz alnyzda bolsunda belkem
Özümiziňki Fantom [off] Iň uly baýlyk, bar zadyň bilen kanagatlanmakdyr. 02.05.2025 / 03:58+0Buny sesden göçürdiňmi?
Hool ir wagyt telefonlaryň ýaňy bärde ýaýrap başlaýan wagty diňläpdim şuny.
Soňky teswirler
Käbäme
Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk?
ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...
dowamy...Aÿyplaşma!!!
Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe...
Like: 8
Awtor: bar...
dowamy...
Ýokaryk