Ýürekdeş sözler!
yurekdes : Умные люди иногда дурачиться, дураки всегда умничают
Pişikler barada gyzykly maglumatlar
Täzeje Talyp_Mugallym [off] 02.05.2025 / 19:34 Subhanallah♡
1963-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda ilkinji gezek kosmosa pişik uçurylypdyr. Agramy 2,5 kg bolan «Félicette» atly pişik Fransiýanyň kosmos maksatnamasynyň çäklerinde Alžirdäki kosmodromdan uçurylypdyr. Pişigiň atmosferanyň daşyna eden syýahaty şowly tamamlanýar.
Pişikler dünýäniň ähli halklarynda iň köp ýaýran öý haýwany hasaplanýar.
Pişigiň ilkinji karikaturasy «Felix the cat» ady bilen 1919-njy ýylda çap edilýär.
Pişik bilen syçanyň arasyndaky başdangeçirmeler barada gürrüň berýän «Tom we Jerri» multfilmi ilkinji gezek 1940-njy ýylda tomaşaçylara görkezilipdir.
Gaplaňlar hem pişikler maşgalasynyň wekili bolup, iň uly gaplaňyň uzynlygy 3,6 metr, agramy 300 kilogramdan geçýär.
Pişigiň burnunyň her tarapynda 12 murty bolýar.
Pişikler oýa wagtynyň üçden bir bölegini arassalanmak bilen geçirýärler.
Pişikler gije-gündiziň üçden iki bölegini, ýagny 16 sagadyny ýatyp geçirýärler.
Isle gyş bolsun, isle-de ýaz, pişikler özleri üçin iň gowy temperaturaly ýeri tapyp, şol ýerde ýatýarlar.
Pişikler öz bedeniniň 5-6 essesi ýaly aralyga böküp bilýärler.
Öý pişikleriniň agramy 4-5 kilogram aralygynda bolýar.
Dünýäde 500 milliondan gowrak öý pişiginiň bardygy çaklanylýar.
Pişikler adamdan has çalt ylgayarlar.
Pişikler ortaça 12-15 ýyl ýaşaýarlar. Ýuwunmak endigi:
Pişikler wagtynyň takmynan 30–50%-ni bedenlerini ýuwmaga sarp edýärler. Bu diňe arassalyk däl, eýsem rahatlyk we stresden dynmak üçin hem bolýar.
2. Öňkü moýuny ulanyp ölçemek:
Pişikler dar ýerden geçip biljekdigini öň ýüzündäki moýuny bilen ölçäp barlaýarlar.
3. Aw sowgady getirmek:
Käbir öý pişikleri eýesine tutan mör-möjek, towşan ýa-da guş getirýärler. Muny “sylag” ýa-da “aşly kömek” hökmünde edýärler.
4. Odu bilen ses çykarmak (şapap etmek):
Bu olaryň rahatdygyny, sizi halaýandygyny ýa-da özlerini begençli duýýandygyny görkezýär.
5. Ýokary ýerleri halaýarlar:
Pişikler ýokary ýerlerde ýatmagy, oturmagy halaýarlar, sebäbi bu ýerlerden olara töweregi synlamaga mümkinçilik bolýar – tebigy awçy instinkti.
6. Guýrugyny dik saklamak:
Sizi görende guýrugyny dik saklaýan bolsa, bu onuň sizi görüp begenýändiginiň alamaty.
7. Gün şöhlesinde ýatmak:
Gün şöhlesinde ýatmak pişikleriň iň halaýan endikleriniň biri. Bu olar üçin ýylylyk, rahatlyk we energiýa tygşytlamak.
8. Gat-gat “öý” döretmek:
Käbir pişikler öýüň dürli ýerlerinde özüne degişli “taýyn” ýer dörederler – düşek, karton guty, penjire ýany…
9. “Miýewläp” üns çekmek:
Olar siziň bilen aragatnaşyk saklamak üçin dürli meý-mewleýiş seslerini ulanýarlar – bu olaryň diňe adam bilen ulanýan aýratyn endigidir.
10. Köp zatlary aşaga taşlamak:
Stolda duran zatlary “ýelmenip” aşaga düşürmek – pişikleriň täsin endigi. Bu olaryň ünsüni çeken bir zady öwrenmek ýa-da ünsüňizi çekmek üçin edýän hereketidir.
Teswirler:
Öwreniji Daniel [off] Quran lover 🤍 02.05.2025 / 20:32+0Pişijekleri gowy görýäň öýdýän
TäzejeTalyp_Mugallym (02.05.2025 / 20:48) Daniel, hawaa
Gytyndan Pegas [off] “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...” 02.05.2025 / 23:21+1Jynym alanok şu jandary.
Premium
rexha (03.05.2025 / 15:42) Pegas, menem
Täzeje Domen [off] К черту, эти правила... 03.05.2025 / 08:41+0Pishik gowy zad
Öwreniji Daniel [off] Quran lover 🤍 03.05.2025 / 10:18+0Gün şöhlesinde ýatmak:
Gün şöhlesinde ýatmak pişikleriň iň halaýan endikleriniň biri. Bu olar üçin ýylylyk, rahatlyk we energiýa tygşytlamak.
Öwreniji Daniel [off] Quran lover 🤍 03.05.2025 / 10:18+0Gün şöhlesinde Witamin D bar
ÖzümiziňkiFantom (05.05.2025 / 15:56) Daniel, Bar bar, emma dowup gelýän günde bar. Günertan günden d witamin tapmarsyň. Diýip eşidipdim.
Özümiziňki Fantom [off] Iň uly baýlyk, bar zadyň bilen kanagatlanmakdyr. 05.05.2025 / 16:06+0Şu pişik diýeniňde, howa yssy wagtynda işik oknony açyp skwoznýak edip ýatýanda.
Bir gün dünýäni unudyp kitap diňläp ýatyrdym. birdan aýagyma pagta ýaly bir zat süüükenip gitdi welin, nädäýersiň telefony zyňagede zöwwe ýerimden galdym.
Haý gorkupdyrnow şonda, edil ýöne tok uron ýaly, esli wagyda el aýakda titreme galmady.
Olam wara daýawdan gara pişik diýäler.
Meň begenýän ýerim, telefona zat bolmady şonda...
Premium
Orazjan [off] Biz naparsak yapalim. onlar herzaman birşey derler 05.05.2025 / 19:50+0Zyýansyzja haýwanjykda olam
Soňky teswirler
Ýokaryk