Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
BAY-HAN : Erkeksiräp el göterme zenana, Senem zenan getirendir kemala

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Adamyň ýatkeşligi barada
 Betinden
 Sebap [off]
 04.05.2025 / 17:12
 Lekum dinukum we liýe din

Ýatkeşlik – psihikanyň iň möhüm wezipeleriniň biri. Ol tejribe toplamaga, geçmişe we şu güne geçmäge mümkinçilik berýär. Newrofiziologlaryň hasaplamalaryna görä, adam beýnisi 5-den 20 petabaýta çenli maglumaty ýatda saklamaga ukyplydyr. Bu göwrümi tutuş global tora deňeşdirip bolýar. Şeýle-de bolsa, köplenç telefony nirede goýandygymyzy ýa-da öýden çykanymyzda ütügi öçürendigimizi ýatdan çykaryp bilýäris. “Synergy” uniwersiteti, beýnimiziň işlemeginiň käbir syrlaryna düşünmäge kömek etjek bu ugurdaky ajaýyp ylmy gözlegleriň sanawyny taýýarladylar:

Ýat ätiýaçlygyny köpeldip bolar. Adamyň ýatkeşligi 25 ýaşa çenli ösmegini dowam edýär. Orta hasap bilen, mümkinçilikleriniň iň ýokary derejesi 19–20 ýaş aralygynda ýüze çykýar we beýni 50 ýaşdan soň gowşap başlaýar.

Suratlar ýatdan has çalt çykýar. Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary surata düşürilen zatlaryň ýatdan has çalt çykýandygyny subut etdiler. Hakykatdan hem, belli bir zady surata düşürenimizde beýnimiz surata düşýän zadymyza däl-de, surata düşürmek bilen bagly hereketlerde jemlenýär.

Ýaramaz ýatlamalar has çalt ýitýär. Ýatdan çykarmak – ýadyň esasy wezipeleriniň biridir. Gereksiz maglumatlary pozmaga we nerw ulgamyna çakdanaşa agram düşmeginden goramaga kömek edýär. Şol bir wagtyň özünde, beýni iň ýakymly we islenilýän pursatlary ýatda saklap, ýaramaz täsirleri has çalt ýatdan çykarýar.

Dürli iýmitlerdäki B, C, E witaminleri we ýag turşylyklary ýatkeşligi gowulandyrmaga ýardam berýär. Beýnide ýat tutmak prosesine jogapkär neýronlar bar. Sagdyn minerallara baý iýmit beýniniň gowy işlemegine we onuň ýatda saklamak ukybyna kömek edýär.

Günüň dowamynda gysga wagt aralygyň dowamynda uklap turmak täze maglumatlary ýatda saklamaga kömek edýär. Uzak wagtlap synaglara taýynlanýan bolsaňyz we köp mukdarda maglumatlary ýatda saklamak isleseňiz, hünärmenler gysga wagt aralygyň dowamynda uklap turmaga maslahat berýärler.

Ýatkeşlik arassa howada has gowy işleýär. Açyk meýdanda geçirilen bir sagat hatda ýady we ünsi 20 göterim ýokarlandyrýar.

Çepbekeýleriň ýady has gowy. Dünýä ilatynyň diňe 10 göterimi çepbekeýdir we alymlar adamlaryň bu az böleginiň maglumatlary saglakaýlar bilen deňeşdirilende has gowy ýatlaýandygyny subut etdiler.


99

13

2

2

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Boniya [off]
 04.05.2025 / 20:25

+0

Öňrägem açyldy öýdýän şu tema


Betinden
Sebap  (04.05.2025 / 20:36) 

Boniya, Bilemok mena kim aşdy ýadyňa düşýämi?


Öwreniji
Daniel  (04.05.2025 / 22:40) 

Sebap, ýatkeşligini synayamyn 😅


Betinden
Sebap  (04.05.2025 / 23:08) 

Daniel, birazajyk howwa meň ýadyma düşenokda öň şular ýaly bardygy


Täzeje
Boniya  (04.05.2025 / 23:19) 

Sebap, kimin aşanyny bilemok iki aý boldy


Premium
rexha  (04.05.2025 / 23:22) 

Sebap, öň diyyaň velin nache vagtdan bari bar sen bu yerde?


Täzeje
Boniya  (04.05.2025 / 23:28) 

Sebap, mowzuk_35851.html


Betinden
Sebap  (05.05.2025 / 11:52) 

rexha, Howwa bar näçe wagtdygyny bilemok ýöne ýyla bolandyr


Betinden
Sebap  (05.05.2025 / 11:54) 

Boniya, açan wagty görendäldirin bul gyzyňkyny

 Öwreniji
 Daniel [off]
  Quran lover 🤍
 04.05.2025 / 22:41

+0

Agza boldum welin mowzuk acyp bolanoga o tayda , gowa bordy paylashyp bolsa


Betinden
Sebap  (04.05.2025 / 23:07) 

Daniel, wi....... Aý borda bärde goýaňda okarysda indi

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


Bir adamam "Tüweleme, ýeňişiňiz bilen gutlaýaryn" diýmändir, onsoň başga zada nädip garaşjak ...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Wrestling (Şugün, 05:09)

Owadan yazuw basleșik


Mana hokman yatladyn yarys golaylanda, men pocerk gorkezeyin size ...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Wrestling (Şugün, 05:03)

Owadan yazuw basleșik


Standart list tapsam gatnasjak)...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Bezzat (Şugün, 01:35)

Owadan yazuw basleșik


2 adam minus basypdyr...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
BAY-HAN (Şugün, 00:45)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gowy ýazypsyň)...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Aurora (Şugün, 00:27)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gowy bolupdyr,ynjytman mylakatly hem degişmeli edip düzülipdir ...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Violetta (Şugün, 00:09)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Pikirleriňize garaşýan......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
medet_mededi (Şugün, 00:03)

Owadan yazuw basleșik


Gatnasyan agzalara ustunlik arzuw etyan...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Sebap (Düýn, 22:42)

Owadan yazuw basleșik


Gowy pikir edipsin malades goldayan...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Sebap (Düýn, 22:41)

Owadan yazuw basleșik


Malades gowy pikir isinde ustunlik gatnasyanlarada ustunlik arzuw etyan....dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
BAYOGUL (Düýn, 22:36)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика