![]() 101 |
![]() 21 |
![]() 5 |
![]() 4 |
![]() 0 |
![]() 0 |
![]() 1 |
Gowy eken agam täze ýazdyňmy?
Sebap, howwa.
@menin_dunyam, Aha
Salam gowmy ýagdaýlaryň ýitip gitdiňiza?
Sebap, salam gowy siz gowmy. Arasnda gelyanlay
"Soñky gez bagtyña guwanyp geldim."
Şu "gezek" diýen sözi näme üçin "gez" diýip ulanýaňyz? Tirsekden barmagyň ujuna barýança bolan uzynlyga "gez" diýilýär. Hemem degirmeniň bir guraljygyna diýilýär. Bu sözüň "gezek" diýen söz bilen hiç hili baglanyşygy ýok. Sözleri dogry ulanyň, şahyrlar.
Pegas, bul(ar) goren zadyny edyada seytmelidir oydup
Ýigit dünýä geldi,
Enäniň boýy
Ösdi bir gez, nur çaýyldy ýüzüne.
Gijelerni gündiz bilen deňledi,
Bal bilen ýag gatdy her bir sözüne.
Italmaz Nuryýew
Pegas, .
Zeýrenme, bu yşka sataşanyňa
Hemem yşkyň ataşyndan eýmenme.
Söýülmek gyzlara uly bagtdyr,
A ýigitler üçin bir gez beýgelme.
Gyrbandurdy Orazow "Hijran halkasy"
Pegas, .
Günde müň gez gaýtalaýan, şondanmy?!
Gulagyma yssy gelýär adyňam.
Eger jady bolsa, haýyş edýärin:
Jadygöýüm, açma meni jadydan!
Mahym Nurgeldiýewa "Jadygöý"
Pegas, .
Ençelerden saýlap, seçip,
Bir ýar söýdüň jandan geçip,
Ýedi ölçäp, bir gez biçip,
Dikeniňem kesip barýaň.
Gülnäz Nurekowa "Seçip barýañ"
Alienus, Italmaz Nury bilen Gurbandurdy aga dogry manysynda ulanypdyr. Beýlekiňki ýalňyş.
Pegas, .
Edepli oglanjyk beýgelip bir gez,
Joñkuldap ugrardy işine sary.
Işläp bilmese-de ulular kimin,
Ýadardy ol edil ulular ýaly.
Halyl Kulyýew "Edepli oglan"
Alienus, Gülnäziňkem ýalňyş. Daşoguzlylar "gezek" manysynda ulanýar esasan.
Alienus, Halyl Kulyňkam dogry.
Pegas, ine esasy yalnyshlyk shul her kim ozun(inkiler)e gora yazanok kopyalap yazyalar (owrenyaler)
Pegas, kabirsi turklerde bar "kez" bizdede gez dir diyip dusunyan bolmaly...
Alienus, az okaýalar. Çeper eseri köp okaýan adam özi hem bilmezden köp sözüň manysyny öwrenýär.
Pegas, ola anyk
Ýok, men aglamadym söýgimiz ýatlap, emma seň gözüňde göründi ýaşyň...
Gyz durmusha chykypdyrmy