Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
BAYOGUL : sensizlik diymek demsizlik diymekdir ejemjan

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Gerek däl
 Betinden
 Sebap [off]
 06.05.2025 / 07:59
 Lekum dinukum we liýe din

Gözleriň gözüme düşüp durmasa,
Dünýäň başga baýlyk-bary gerek däl.
Ömrüm barlygyňdan lezzet almasa,
Onuň galan gylla ýary gerek däl.

Sesiň eşdilmese gaçýar kararym,
Sensiň söýüp, didarym deý aýanym!
Özüm munda, seň ýanyňda hyýalym,
Maňa aýralygyň sazy gerek däl.

Gursagyňda goýup uklaýyn başy,
Sensiz hasap etmen ýaşalan ýaşy.
Uçursam başyma gonan ak guşy,
Özge bilbilleriň zary gerek däl.

Sen ýetiş dadyma ýürek aglasa,
Ýalňyzlyk ataşy kalbym daglasa.
Nädeýin, seň yşkyň gözüm baglasa,
Sensiz didarymyň nury gerek däl.

Ömür dessanymyň soňky aýdymy,
Saňa söýgi syrym gözlem ýaýdymy?!
Eý, ýalňyzym, ýüregimiň söýdügi,
Maňa sensiz ömrüň özi gerek däl.

Dürnabat Aşyrowa


36

5

0

1

0

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ilki bilen Salam


Hoş geldiñ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Miss_minnosh (Şugün, 12:51)

Enäniň şanyna


Şu goşgyny ýatdan bilmeýänem barmyka 😊...dowamy...
Umumy | Enäniň şanyna
Gulmahrem (Şugün, 12:04)

Ilki bilen Salam


Salam, gowmy sen, hoş geldiň dosoglan...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Khanture00 (Şugün, 11:07)

Ilki bilen Salam


Salam. Men hem edil şolar ýaly talyplarda kän mowzuk açamokdym. Aÿda 2 gezek ýa açýan, ýa-da açamokdym. Hoș geldińiz)...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Аджап (Şugün, 10:20)

Ilki bilen Salam


Salam! Hoş geldiň....!...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Orazjan (Şugün, 09:24)

Ilki bilen Salam


Ohow futbol barada gyzyklyja mowzuklary yagdyr oňkiň yaly talyplarda goryadim tanyșma mumkinçiligima bolmady wn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Bezzat (Şugün, 08:07)

Ilki bilen Salam


Bu saytda hemme zat pula durýandyr ýöne, ýa da bal-a.😁...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Ahmal (Şugün, 06:44)

Ilki bilen Salam


Isleneninem islenen.ru wagty gideninmi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Ahmal (Şugün, 06:42)

Ilki bilen Salam


Walikimessalam hoş geldiň...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Sebap (Şugün, 06:11)

Ilki bilen Salam


Salam Talyplarda agza bolup bolmansoň bilemok ýöne islenen-dä görýädim...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
State (Şugün, 03:45)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика