Ýürekdeş sözler!
Relax : Hiç kimiň gürlemeýän ýerinde gürlemek hezil.#setdars
SAŇA MEŇZEŞ ÝIGIDE
Gytyndan Pegas [off] 06.05.2025 / 12:06 “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
Golaýlaşsaň, alyp gaçýan özümi,
Görünmeseň, elek edýän dünýäni.
Gün bar wagty görünenok ýyldyzlar,
Ýa ýyldyzlar daňa golaý sönýärmi?!
Sataşaňda zora salýan özümi,
Bolanokdy aljyraman, owsunman.
Mende owal şuňa meňzeş duýgular
Öň bolupdy garaşylýan möwsümden.
…Ynha-da men – ýigrimi bäşiň dälisi,
Hatda boýun alardanam agyrdyň.
Sen öz eden arzuwlarňy sanaýaň,
Men sanaýan gözlerimiň ýygyrdyn.
Beýle-de bir meňzeşlik bor oguşýa,
Gabat gelýär hatda adyň adyna.
Niçik agyr, iliň bagtyna dörän
Meňzeş bolsa seň ýitiren zadyňa...
©Ogulnur ATAÝEWA
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Ilki bilen Salam
Salam. Men hem edil şolar ýaly talyplarda kän mowzuk açamokdym. Aÿda 2 gezek ýa açýan, ýa-da açamokdym. Hoș geldińiz)...
dowamy...Ilki bilen Salam
Ohow futbol barada gyzyklyja mowzuklary yagdyr oňkiň yaly talyplarda goryadim tanyșma mumkinçiligima bolmady wn...
dowamy...
Ýokaryk