Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Kelebek misalidir aşk; anlamayana ömrü günlük, anlayana bir ömürlük!
Erkek kişi dowzahda bolandygyny gürrüň berdi
Premium
BAYOGUL [on] 07.05.2025 / 10:55
Kaliforniýanyň (ABŞ) ýaşaýjysy Stiw Kan uzak dowam eden operasiýa wagtynda haýsydyr bir «garaňky we gorkunç» ýerde bolandygyny, ony dowzah diýip atlandyrsa boljakdygyny gürrüň berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.
Waka baryp 1998-nji ýylda boldy, emma Stiw şol wakadan soňra dine uýup, dindar boldy hem-de ol barada indi gürrüň bermek kararyna geldi diýlip, habarda aýdylýar.
Kanyň sözlerine görä, onuň düşen ýerinde ýagtylyk we ösümlikler ýok ekeni, Hemme ýerde gan-gyzyl reňkli gaýalar bolupdyr, umuman, ýagdaý Aýsyz tüm gijäni ýatladypdyr. Äpet arwahlar bolsa, köp sanly adamlaryň ejir çekişlerini synlaýan ekeni. Kanyň özi soňsuz agyrydan, günälilik we gorky duýgusyndan ejir çekipdir. Ol hatda iň ganym duşmanyna hem şol ýerde bolmagy arzuw etmejekdigini gürrüň berýär. Kanyň başdan geçiren duýgusyna görä, onuň syýahaty 20 minutdan uzak dowam etmändir, emma hakykatda ol sekiz sagatlyk operasiýany başdan geçiripdir diýip, «The Daily Mail» ýazýar.
Öň amerikaly zenan kliniki ölümi başdan geçirip, özüniň Hudaý bilen duşuşandygyny gürrüň beripdir. Zenanyň sözlerine görä, ony jennete eltipdirler, ol ýerde zenan birwagt aradan çykan dogan-garyndaşlaryna duşupdyr. Soňra ony dowzaha eltipdirler, ol ýerde günälileriň gykylygyny eşidipdir hem-de elhenç ys alypdyr. Ondan soňra Hudaý zenana yzyna dolanmak mümkinçiliginiň bardygyny aýdyp, görenlerini dirilere gürrüň bermegi maslahat beripdir.
Teswirler:
Gytyndan Pegas [off] “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...” 07.05.2025 / 10:59+0Narkozyň oýny
Gytyndanyurekdes (07.05.2025 / 20:44) Pegas, goşylýan
Gytyndan Pegas [off] “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...” 07.05.2025 / 11:03+1Oýalykda köp pikir eden, köp eşiden zadyny ýadaw beýni aňasty aňa (подсознание) ýelmeşdirýär. Şundaky ýaly çyna meňzeş wakalara ýa düýşlere eltýär netijesi.
Özümiziňki Fantom [off] Iň uly baýlyk, bar zadyň bilen kanagatlanmakdyr. 07.05.2025 / 15:37+1Äý, bunuň ýaly wakalar ruslaryň: "РЕН ТВ" kanalynda dooolylaý...
Nähiýlek, nireden tapýarlar onuň ýaly wakalary, haýran galarsyň!
Gytyndan yurekdes [off] "Meñ ýűregim sowady indi gelme űşärsiñ" 07.05.2025 / 20:48+0Hudaýy Ahyretden őñ gőrmek műmkin däl ahyry
Öwreniji Daniel [off] Quran lover 🤍 07.05.2025 / 21:18+0Ýalan gürrüň beripdir ol aýal
Öwreniji Daniel [off] Quran lover 🤍 07.05.2025 / 21:19+0Haýsy akyl eýesi bolan adam jennete giren soň yza dolanmagy islär
Soňky teswirler
Meniň öýüm Daşoguzda...
Oba ýere höweslidim. Näme hyzmat bolsa, ederdim. Sebäbi hakyky sada, adam ýaly adamlar obada ýaşaýarlar. Şähere gelýän obalylar soň üýtgeýärler....
dowamy...Meniň öýüm Daşoguzda...
Tüweleme. " Şu zatlara razy bolsaň ine men"-i sypaýyçylyk bilen ýetiripsiň. Söýgisi üçin göreşýän gyzlar düşünerle bu zatlara...
dowamy...Meniň öýüm Daşoguzda...
Gaty gowy gordum. Yone men-a gyzyn deregine bolsam bu gosguny okap ara acardym senden ) gunde myhman, corek yap, sygyr sag...))
Merkez diyyanin D...
dowamy...Owadan yazuw basleșik
Su saytyñ media lentasynda goýsañam bolýardy. Goyan suratynynam asagyna"ýazuw bäsleşik üçin" diyip goýsa. Bir gun belläp hemme suratyny şoña taýy...
dowamy...Söýgi sözleri❤️
Bolgusyz terjimäñ üstüne suwjukluyk, hasam beter mynasyp edipdir diss like a. Gatam gorme onsan...
dowamy...
Ýokaryk