Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Yalnyshanmy bilsemem dowam edmek isleyan yolum sen!
“Green Card” netijeleri 3-nji maýda belli bolar
Premium
BAYOGUL [on] 07.05.2025 / 13:26
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýaşamak we işlemek üçin uly mümkinçilikleriň biri bolan “Green Card” lotereýasynyň netijeleri yglan ediljek güni belli boldy.
Netijeler Haçan Belli Bolýar?
DV-2026 lotereýasynyň netijeleri: Amerikanyň wagty bilen 2025-nji ýylyň 3-nji Maýy, sagat 12:00 (EDT) Türkmenistanda bolsa bu takmynan 3-nji Maý sagat 21:00 töweregi bolar. Şol wagtdan başlap, gatnaşyjylar netijelerini barlap bilerler.
Netijeler Nireden Görülýär? Netijeleri diňe ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň resmi sahypasyndan barlap bolýar: https://dvprogram.state.gov/
Netijäni Nädip Barlaýar?
1. dvprogram.state.gov sahypasyna giriň.
2. “Check Status” bölümini saýlaň.
3. Size berlen Confirmation Number-i giriziň.
4. Familiýaňyzy we doglan senäňizi girizip, netije üçin “Submit” düwmesine basyň.
Üns Beriň!
• Netijeleri barlamak üçin diňe resmi web sahypany ulanyň.
• Email ýa-da telefon arkaly gelen “siz ýeňiji boldunyz” ýaly habarlara ynanmaň — olar kezzaplykdyr.
• Ýeňiş gazanan ýagdaýyňyzda, wiza resminamalary boýunça görkezmeleri ýerine ýetiriň.
• Tassyklaýyş belgiňizi azyndan 2026-njy ýylyň 30-njy sentýabryna çenli saklamagy unutmaň.
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Meniň öýüm Daşoguzda...
Oba ýere höweslidim. Näme hyzmat bolsa, ederdim. Sebäbi hakyky sada, adam ýaly adamlar obada ýaşaýarlar. Şähere gelýän obalylar soň üýtgeýärler....
dowamy...Meniň öýüm Daşoguzda...
Tüweleme. " Şu zatlara razy bolsaň ine men"-i sypaýyçylyk bilen ýetiripsiň. Söýgisi üçin göreşýän gyzlar düşünerle bu zatlara...
dowamy...Meniň öýüm Daşoguzda...
Gaty gowy gordum. Yone men-a gyzyn deregine bolsam bu gosguny okap ara acardym senden ) gunde myhman, corek yap, sygyr sag...))
Merkez diyyanin D...
dowamy...Owadan yazuw basleșik
Su saytyñ media lentasynda goýsañam bolýardy. Goyan suratynynam asagyna"ýazuw bäsleşik üçin" diyip goýsa. Bir gun belläp hemme suratyny şoña taýy...
dowamy...Söýgi sözleri❤️
Bolgusyz terjimäñ üstüne suwjukluyk, hasam beter mynasyp edipdir diss like a. Gatam gorme onsan...
dowamy...
Ýokaryk