Ýürekdeş sözler!
Jasmin : Bagt pulda dal, ýüregimiñ töründe, Sensiz öli boldum yşgyñ göründe, Ine şeydip goşgy düzüp yörün-dä, Söýgüme mynasyp söýgüli gerek
Ýazga geçirilen ýűrek gűrrűñi
Gytyndan yurekdes [off] 07.05.2025 / 20:50 "Meñ ýűregim sowady indi gelme űşärsiñ"
ÝAZGA GEÇİRİLEN ÝÜREK GÜRRÜŇİ
Dolan, dolan, dolan. Ýok sen dolanma,
Bu gün dolanardan juda giç indi.
Düýnem dolanmana wagt ýok däldi,
Arzuwlar puç indi, söýgi puç indi.
Duýýan indi güýzde baglaň halyny,
Seni söýenime puşman däl asyl.
Şemallar ýapragy göterýär göge,
Menem ýapraklar deý giderin basym.
Sary ýapraklaram bezegdir dünýä,
Tüýs bir gelşik, ümsüm, tukatdyr hemem.
Men-ä ýaprak bolup giderin baka,
Ýapragy ýok şaha bolarsyň senem.
Baharda dönersiň öňki baglygňa,
Şahaňdan pyntyklar başga bir ýaprak.
Meniň weli üstüm örterde tozan,
Dünýäden hem senden ýygşyrar toprak.
Toprak gizländen soň bu günkim ýaly,
Mežnun dek yzyňda ýörmerin entäp.
Belki düşünersiň, dönersiň belki?!
Heniz topraga çen, wagt bar entek.
Tirkişmyrat Nurýagdyýew
Teswirler:
Soňky teswirler
Ilki bilen Salam
Salam. Men hem edil şolar ýaly talyplarda kän mowzuk açamokdym. Aÿda 2 gezek ýa açýan, ýa-da açamokdym. Hoș geldińiz)...
dowamy...Ilki bilen Salam
Ohow futbol barada gyzyklyja mowzuklary yagdyr oňkiň yaly talyplarda goryadim tanyșma mumkinçiligima bolmady wn...
dowamy...
Ýokaryk