Köp janly görnüşler üçin ýaşaýyş üçin esasy ýer bolup hyzmat edýän uly we çuň ummanlar syrlardan doly. Ummanlar taryhy döwürlerden bäri adamzadyň ünsüni özüne çekip gelýär. Hat-da ummanlaryň täsir galdyryjy we syrly gurluşy, dünýä belli alymlary hem oýa batyryp gelýär. Ummanlar hakda henizem jogapsyz soraglar örän kän.
Ummanlar baradaky käbir gyzykly maglumatlar:
- Ýagtylyk diňe ummanyň üstünden 200 metr çuňluga düşüp biler. Ummanlarda 200 metrden aşakda garaňkylyk höküm sürýär;
- Ummanlaryň 95%-i entek doly açylmadyk. Gözleg yzygiderli dowam etse-de, ululyklary sebäpli ummanlaryň diňe 5%-i doly öwrenildi;
- Ummanlarda gözlegleri kynlaşdyrýan iň möhüm faktorlaryň biri, suwuň basyşydyr. Sebäbi soňky tehnologiýalar hem birnäçe kilometr çuňlukdan soň öz işini bes edýär;
- Ummanlar janly bakteriýalardan doly. Köpüsi zyýansyz. Ýöne ummanda adamlara zyýanly bakteriýalar we wiruslar has köp;
- Gynansagam, ummanlarda millionlarça tonna zibil we galyndy bar. Aslynda zyýanly bakteriýalaryň köpelmegine şu hapalar we galyndylar sebäp bolýar;
- Ummanlar görnüşi ýaly asuda däl. Munuň tersine, olaryň gorkunç sesleri bar. Näçe çuňluga gitseň, sesler şonça-da gaty eşidilýär;
- Ummanlarda 20 million tonnadan gowrak altyn bar;
- Ummanlar alýan kislorodymyzyň takmynan 70% -ini öndürýär.
63
10
1
4
0
0
1
Teswirler:
Özümiziňki Fantom [off] Iň uly baýlyk, bar zadyň bilen kanagatlanmakdyr. 08.05.2025 / 01:20
+0
Gaty dogry, biz su assy barada hiç zady bilemzok diýsegem bolsa gerek.
Meduzalary şeýle akylly edip görkezýärler welin, has çuňrakda näme barka onda?
"РЕН ТВ".
Oba ýere höweslidim. Näme hyzmat bolsa, ederdim. Sebäbi hakyky sada, adam ýaly adamlar obada ýaşaýarlar. Şähere gelýän obalylar soň üýtgeýärler....dowamy...
Gaty gowy gordum. Yone men-a gyzyn deregine bolsam bu gosguny okap ara acardym senden ) gunde myhman, corek yap, sygyr sag...))
Merkez diyyanin D...dowamy...
Su saytyñ media lentasynda goýsañam bolýardy. Goyan suratynynam asagyna"ýazuw bäsleşik üçin" diyip goýsa. Bir gun belläp hemme suratyny şoña taýy...dowamy...