Ýürekdeş sözler!
Zehin : Hemme zat gutardy diyyan bolsanyz. Onda yalnysyanyz. Eger demin gelip duran bolsa heniz dowam edyar
Şu gun sana kop zat aydasym geldi
Betinden Sebap [off] 08.05.2025 / 17:13 Lekum dinukum we liýe din
Şu gün saňa köp zat aýdasym geldi,
Goýdum takdyrymy pelek çarhynda.
Arman, umytlarym eýläpdir bendi,
Öýkeli men günleň ötüp barşyndan.
Şu gün saňa köp zat aýdasym geldi,
Utuldym, unutdym, eýledim puşman.
Hasrata bukulyp ýörenim geňmi,
Geňmi gezip ýörmäm şatlyga duşman?
Men şol arzuwlary guran serwi dal,
Perwana men, yşkym, yşygym senmi?!
Iki dünýäň arasynda sermisal,
Şu gün saňa köp zat aýdasym geldi…
***
Maňa bir kän zat gerek däl,
Söz bilen göwnüm awlasaň.
Mähre zarlykdan kereplän,
Kalbymyň halyn aňlasaň.
Maňa bir kän zat gerek däl,
Ynam berseň, ynandyrsaň.
Özge hiç zada seretmän,
Bu gudraty ynandyr sen!
Maňa bir kän zat gerek däl,
Söýgi sözleň tirip bilsem.
Diňe hakykat gereklän
Ýüregime girip bilseň.
Awtor: Gulsirin Hanowa
Teswirler:
Soňky teswirler
Meniň öýüm Daşoguzda...
Oba ýere höweslidim. Näme hyzmat bolsa, ederdim. Sebäbi hakyky sada, adam ýaly adamlar obada ýaşaýarlar. Şähere gelýän obalylar soň üýtgeýärler....
dowamy...Meniň öýüm Daşoguzda...
Tüweleme. " Şu zatlara razy bolsaň ine men"-i sypaýyçylyk bilen ýetiripsiň. Söýgisi üçin göreşýän gyzlar düşünerle bu zatlara...
dowamy...Meniň öýüm Daşoguzda...
Gaty gowy gordum. Yone men-a gyzyn deregine bolsam bu gosguny okap ara acardym senden ) gunde myhman, corek yap, sygyr sag...))
Merkez diyyanin D...
dowamy...Owadan yazuw basleșik
Su saytyñ media lentasynda goýsañam bolýardy. Goyan suratynynam asagyna"ýazuw bäsleşik üçin" diyip goýsa. Bir gun belläp hemme suratyny şoña taýy...
dowamy...Söýgi sözleri❤️
Bolgusyz terjimäñ üstüne suwjukluyk, hasam beter mynasyp edipdir diss like a. Gatam gorme onsan...
dowamy...
Ýokaryk