Müň ýokluk bir bar bolmaz,
Haky söýen har bolmaz.
Özüň beýle gynama,
Menden saňa ýar bolmaz.
Agzym süýjüdeý diýdim,
Nabat tapdym, zäk çykdy.
«Bar zatda gara bagtym,
Garpyz ýardym ak çykdy».
***
Ýalňyz höwrüm gije bilen,
Okaşýas täze şygrymy.
Duşduk. Täleý, bije bilen,
Gözýaşa ezdiň bagrymy.
Sen deý belent dagyň ýanda,
Men bir kindiwanja gaýa.
Ýokdur mähir, yşkdan ganmak,
Haýyşym özüňi aýa!
Duýgularmy dograp-dograp,
Goşgy berdiň girewine.
Düýşlem bilen assa ýöräp,
Girip gitdiň ýüregime!
Awtor: Gülşirin Hanowa
63
12
1
0
0
0
1
Teswirler:
Gerekli Sasiyona [off] Bizimde yukumuz ağirdi ama kimseye geltaşı demedik 08.05.2025 / 17:51
Her setire siñmiş obanyň ysy, Okañda duýulýar, hakyky söýgi. Özüne çekiji goşgy bolupdyr, her bendi ýüregiñe barýar. Gowy ÿazylypdyr, üstünli...dowamy...
Oba ýere höweslidim. Näme hyzmat bolsa, ederdim. Sebäbi hakyky sada, adam ýaly adamlar obada ýaşaýarlar. Şähere gelýän obalylar soň üýtgeýärler....dowamy...