Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
I_miss_you : Bizden birşey kalmadıysa, canımı yakan bu heyecan nedir..

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Ýalňyş yşk-my?
 Täzeje
 Alienus [off]
 08.05.2025 / 20:18
 Yşk — ýowuz synag, mähir bolsa bagt.

Dünýä maňa ýeňilýär
ýanymdakaň.
Tüýs yşga berilýän,
Gaçyp demiňe bakan.

Ysyň bilen dolýar dünýäm,
Dünýäm oýanýar.
Soňra ikimiz
serhet bozýarys bile.
Edep ýurdy bombalanýar...

Çaknyşýarys. Akylsyz biz.
Akylsyz ýigit,
Akylsyz gyz.
Tiz bolaly. akylly Adamlar kän
Gep edýärler arman.
Goýalanmyşlar.
Ýaşlygyň turşy gönezligin
ömrüne garman...

Her saparam unutýaryn,
öpmekligi unutmagy.
Ýanyňdakam.
Tüýs ýyrtyja öwrülýärin,
Gaçýaň gujagma bakan.

Iller geplär,
Uly dert däl.
Seniň päkligiňi siňdirdi ýürek
klapynlarna, damarlaryna, gana,
Şondan bärem şübhe ýok senden ýana.

Seň ýanyňda men günäsiz bäbejik,
Ysyň alýan, elleýän, emýän...
Seň ýanyňda men günäkär ganhor,
Yşk üçin öldürýän sogaplarmyzy,
Döşüň ýassyk edip üstüňe süýnýän...

Soňlanmajak ýaly göýä,
Düýş kimin süýji pursatlar:
Daňa çen, berilýär wada,
Daňa çenli, aýrylmaýar gursaklar.

Biz asylam ýaş-ýetginjek uçgun däl,
Biz asyl-ha, är-aýal däl bagtly.
Ykbal goýduk aramyzdaky zada,
Adyn "Ykbal" diýip tutýas, getirsek ýada.

Yşk beýle halda-da bor eken datly...

Alienus


109

18

4

4

0

0

1
Teswirler:
 Betinden
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 08.05.2025 / 22:38

+0

Ýetirip dur goşgyň gowy bolupdyr

 Gytyndan
 Pegas [off]
  “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
 08.05.2025 / 23:57

+0

At-familiýa?


Öwreniji
Kesxa  (09.05.2025 / 00:23) 

Pegas, şul şol öýdýän


Täzeje
Alienus  (09.05.2025 / 14:27) 

Pegas, onki aydanym


Gytyndan
Pegas  (09.05.2025 / 14:27) 

Alienus, öň näme aýtdyň?


Täzeje
Alienus  (09.05.2025 / 14:27) 

Pegas, Alienus

 Täzeje
 Bentner [off]
  Люди принимают доброту за слабость.
 09.05.2025 / 07:20

+0

Kopculikde emiship mekdepcileň kellesini bulashdyrma


Täzeje
Alienus  (09.05.2025 / 14:27) 

Bentner, owal bulasan zady bulasdyryp bolmaz

 Täzeje
 Luckyboy [off]
  Trust Yourself
 09.05.2025 / 07:27

+0

Çaknyşýarys. Akylsyz biz.
Akylsyz ýigit,
Akylsyz gyz.
Tiz bolaly. akylly Adamlar kän


Täzeje
Alienus  (09.05.2025 / 14:28) 

Luckyboy, dusunen zadyna menem dusunesim gelya

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Owadan yazuw basleșik


basmaça my ýa ýazmaça tapawudy ýokmy?...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Boniya (Şugün, 13:33)

Ýanymda otyr..


Mlds.Gowy goşgy ekeni.Like...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Sasiyona (Şugün, 13:24)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Her setire siñmiş obanyň ysy, Okañda duýulýar, hakyky söýgi. Özüne çekiji goşgy bolupdyr, her bendi ýüregiñe barýar. Gowy ÿazylypdyr, üstünli...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Аджап (Şugün, 12:45)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Ýazara zat kän gysgaça hemme zadyň soňunda bagtly durmuşuň garaşýandygyny aýdyp biljek...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Mizan (Şugün, 12:32)

Ýanymda otyr..


Mana na minus basdyn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Olya (Şugün, 12:12)

Ýanymda otyr..


Haa mana minus basdyn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Olya (Şugün, 12:12)

Ýanymda otyr..


Bolýa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Olya (Şugün, 12:08)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


GUTLAÝAN) Şeýle ýaryşlar köp geçirilibersin...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Koroleva (Şugün, 11:36)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Berekella örän gowy goşgy çykypdyr.Mlds.Yetirip dur...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Sasiyona (Şugün, 11:19)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Oba ýere höweslidim. Näme hyzmat bolsa, ederdim. Sebäbi hakyky sada, adam ýaly adamlar obada ýaşaýarlar. Şähere gelýän obalylar soň üýtgeýärler....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Gulmahrem (Şugün, 10:46)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика