Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Bashimow_Toyly : Sonuçta sevilen her kadın güzel bir şarkıdır, bütün sözlerini hatırlayamazsın belki melodisi aklında kalır.

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

GELNEJEM
 Gytyndan
 Pegas [off]
 09.05.2025 / 12:13
 “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”

Çal jagrama küýsetmezdi
Aňzakda ojar-gandymy.
Sen bize paýlap bererdiň
Ýygnalyp goýlan gandyňy.

Nirä gitseň, jüýjäň ýaly,
Yzyňa tirkär ýörerdiň.
Erik iýsek, şänik döwüp,
Maňzyny bize bererdiň.

Ekiz çyksa-da, birinem
Öz agzyňa atmazdyň sen.
Gaýma gaýar oturardyň,
Biz ýatsagam, ýatmazdyň sen.

Eşekli harman döwmäge
Giderdik irden seň bilen.
Bir täsin aýdym aýdardyň
Aga çalymdaş heň bilen.

Yza galardym duýdurman
Aglap barýanňy aňamda.
Diýerdim: “Il-ä gelip dur,
Geläýmel-ä meň agam-da!”

Diýerdiň: “Galm-a, ýüwürjim,
Ýa ýadajak bolaýdyňmy?”
...Sen ýok, indi bilýänem ýok
Seniň aýdýan şol aýdymňy.


©Atajan ANNABERDIÝEW


116

29

7

4

0

0

1
Teswirler:
 Gytyndan
 Pegas [off]
  “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
 09.05.2025 / 12:15

+0

“Bir täsin aýdym aýdardyň
Aga çalymdaş heň bilen.”


Gaty agyr goşgy. Urşuň yzýanyndaky epizodlar...


Özümiziňki
Fantom  (09.05.2025 / 12:18) 

Pegas, Endamyň tikenekledýä...

 Täzeje
 Baharyaz [off]
  "Oňarsaň bar zady oňatlyga ýor".
 09.05.2025 / 12:55

+1

Şol döwüriň gelnejelerem gowy bolandyr. Alla saklasyn, uruş bir bolmasyn.


Premium
rexha  (09.05.2025 / 13:03) 

Baharyaz, ämin

 Premium
 rexha [off]
  Gitmerin diýenleriň köpüsi bilen sagbollaşdyk👋🧸
 09.05.2025 / 13:05

+1

Iň soňky bendi, hakyky erved degyaray

 Özümiziňki
 Fantom [off]
  Iň uly baýlyk, bar zadyň bilen kanagatlanmakdyr.
 09.05.2025 / 19:29

+1

Şu "Gara kelleler" diýip radio oýun bar, şonam bir diňleseňizä

 Betinden
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 09.05.2025 / 19:47

+1

Gowy goşgy eken ýetirip duruň

 Gytyndan
 Aixcam_nx [off]
  Raionymyn ovadanjasylai_nx
 09.05.2025 / 21:32

+1

Gowy gosgy eken,yetirip dur👏
Biza genje mahrini görmedik dine son gepini cekyas ❤️

 Premium
 BAYOGUL [1s]
  Yurekdesh.ru
 11.05.2025 / 12:38

+1

Gowy gosgy ekeni

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Owadan yazuw basleșik


basmaça my ýa ýazmaça tapawudy ýokmy?...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Boniya (Şugün, 13:33)

Ýanymda otyr..


Mlds.Gowy goşgy ekeni.Like...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Sasiyona (Şugün, 13:24)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Her setire siñmiş obanyň ysy, Okañda duýulýar, hakyky söýgi. Özüne çekiji goşgy bolupdyr, her bendi ýüregiñe barýar. Gowy ÿazylypdyr, üstünli...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Аджап (Şugün, 12:45)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Ýazara zat kän gysgaça hemme zadyň soňunda bagtly durmuşuň garaşýandygyny aýdyp biljek...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Mizan (Şugün, 12:32)

Ýanymda otyr..


Mana na minus basdyn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Olya (Şugün, 12:12)

Ýanymda otyr..


Haa mana minus basdyn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Olya (Şugün, 12:12)

Ýanymda otyr..


Bolýa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Olya (Şugün, 12:08)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


GUTLAÝAN) Şeýle ýaryşlar köp geçirilibersin...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Koroleva (Şugün, 11:36)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Berekella örän gowy goşgy çykypdyr.Mlds.Yetirip dur...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Sasiyona (Şugün, 11:19)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Oba ýere höweslidim. Näme hyzmat bolsa, ederdim. Sebäbi hakyky sada, adam ýaly adamlar obada ýaşaýarlar. Şähere gelýän obalylar soň üýtgeýärler....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Gulmahrem (Şugün, 10:46)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика