Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
PeRMaN : - Özüňe ynanmasaň, başgalary saňa ynanmaýanlygy üçin günäkärleme...

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Gosgularym
 Täzeje
 Bashimow_Toyly [off]
 11.05.2025 / 14:44

Beren wadalaryña gazyp mazary
Baryny bir jemläp gömüp barýañmy
Bolmalysymy,ýa söýenime jezamy
Ýa bagtyñ özgede görüp barýañmy

Eger şeýle bolsa,bar,bagtyñ bolsun
Guwanaýyn göwne kine salmaýyn
Öz saýlaw,islegiñ,öz erkiñ bolsun
Soñ bagtyña böwet bolan bolmaýyn

Bakma yza,meni hiç wagt ýatlama
Özge bilen durmuş göwne jaý bolsa
Seredip geç bakýan deýin ýatlara
Saýlanyñ tümlügiñe ýagty aý bolsa

Toýuñ bolar,gelin borsuñ törüne
Öwrenşersiñ günleñ bagta baglaşar
Söýüp söýlüp mährem bolup ýaryña
Sen bagtly bol,men bolaýyn azaşan
Bäşimow Toýly
865424319


92

20

8

3

0

0

0
Teswirler:
 Täzeje
 Bashimow_Toyly [off]
 11.05.2025 / 14:50

+0

Döwür geçer,günler geçer elbetde
Hemme zatlar galar,bolup bir salgym
Hatda ömrüm dursa soñky serhetde
Men şondada ejemli güni küýsärin

Barýas durmuş akymyna garylyp
Tolkunlarda ýollar aşyp günsaýyn
Men bolsa şol ýatlamalara baglanyp
Dolanmajak ejemli güni küýsärin

Ýaşym geçer,ýeter elli altmyşa
Alla berse belki känem ýaşaryn
Ýöne welin göwnüm goýup geçmişe
Men şondada ejemli güni küýsärin
Bäşimow Toýly
865424319

 Täzeje
 Bashimow_Toyly [off]
 11.05.2025 / 14:51

+0

Bu gün ýene küýsäp mährem didaryñ
Çäresin tapmadym ýazmakdan başga
Bolsañ beýle jebire ýol bermezdiñ
Wah,arman ejemjan aramyz daşda

Ynha süýji ýatlamaly suratlar
Alyp gitdi eje senli günlere
Wah hyýalda dälde hakyky bolsa
Dönsem şol gün güller açar ömrüme

Gözlem görmesede duýup dur göwnüm
Sen mydama aramyzda biz bilen
Ýürekden şatlyk daş umytlar solgun
Kalbym mydam gamda,diñe ýüz güler

Daşymdan beýle bir bildirmesemde
Içimde sensizlik,küýseg möwüç urýar
Bir eje ogluny bagra basanda
Görsem kemsinmekden kalbym sanjylýar

Barlygyñda ýyljajykdy gyşlaram
Sen gitdiñ ýaz günem üşeýär kalbym
Sebäp pasylda däl,göwnüm gyşlanan
Señ mähriñ şeýlebir küýseýär ogluñ

Henizem ýadymda şol ýagyşly gün
Seni bizden has uzaga äkitdi
Meni şol wagta çen ýakmadyk durmuş
Şol wagt şeýlebir gowrup ýakypdy

Sen gitdiñ,ýat boldy mylaýym mähir
Hasda aýratyndyñ hasda üýtgeşik
Indi bolsa oýanamda her säher
Küýsegli dertlerim gelýär utgaşyp

Dünýäde deñ taýsyz "Ejem"sözüni
Indi diñe goşgulamda ulanýan
Ömrümiñ iñ hezil senli günlerime
Eje diñe düýşlerimde dolanýan
Bäşimow Toýly
865424319

 Täzeje
 Bashimow_Toyly [off]
 11.05.2025 / 15:00

+0

Bu gün ýene şol gün,laýyk bir ýyl öñ
Ýagyş sil deý ýeri ezen ekeni
Meñ üçin iñ eziz mährem ejemi
Görüşim şol soñky gezek ekeni

Ýagyşly bir günde doglan ekeniñ
Ýagyş bilen soñlanypdy ömrüñ hem
Eje seniñ giden günüñden bäri
Öñkisi deý şatlananok göwnüm hem

Göwnüm şatlanarmy señ ýok ýeriñde
Şatlanmagymyñ düýp sebäbi bir sendiñ
Ömrüñ ýatlamaly ýowuz gününde
Eje saña goşgy ýazýar perzendiñ

Eýýäm bir ýyl,çalşyk etdi pasyllar
Ýenede mart geldi,ýakymly howa
Seniñ küýsegiñde derde batyrlan
Kalbym sen bolmasañ neneñsi ýylar

Geçsede aradan ençeme günler
Heniz hem senden jañ geläýjek ýaly
Göwnüm ýoklugyñy kabul edenok
"Geldim" diýip mähirli güläýjek ýaly

Wah eje,bir görsem mylaýym keşbiñ
Ýa-da birje eşitsem,diýişiñi "oglum"
Sorasa diýerdim ýeke haýyştym
Iñ bolmanda düýşde ýanymda bolgun
Bäşimow Toýly
11.03.25




Bu gün ýene şol gün,laýyk bir ýyl öñ
Ýagyş sil deý ýeri ezen ekeni
Meñ üçin iñ eziz mährem ejemi
Görüşim şol soñky gezek ekeni

Ýagyşly bir günde doglan ekeniñ
Ýagyş bilen soñlanypdy ömrüñ hem
Eje seniñ giden günüñden bäri
Öñkisi deý şatlananok göwnüm hem

Göwnüm şatlanarmy señ ýok ýeriñde
Şatlanmagymyñ düýp sebäbi bir sendiñ
Ömrüñ ýatlamaly ýowuz gününde
Eje saña goşgy ýazýar perzendiñ

Eýýäm bir ýyl,çalşyk etdi pasyllar
Ýenede mart geldi,ýakymly howa
Seniñ küýsegiñde derde batyrlan
Kalbym sen bolmasañ neneñsi ýylar

Geçsede aradan ençeme günler
Heniz hem senden jañ geläýjek ýaly
Göwnüm ýoklugyñy kabul edenok
"Geldim" diýip mähirli güläýjek ýaly

Wah eje,bir görsem mylaýym keşbiñ
Ýa-da birje eşitsem,diýişiñi "oglum"
Sorasa diýerdim ýeke haýyştym
Iñ bolmanda düýşde ýanymda bolgun
Bäşimow Toýly
11.03.25

 Öwreniji
 Daniel [off]
  Quran lover 🤍
 11.05.2025 / 15:30

+0

Tuweleme, galamyň ujy ýiti bolsun!


Täzeje
Bashimow_Toyly  (11.05.2025 / 15:31) 

Daniel, sagbolun


Täzeje
Bashimow_Toyly  (11.05.2025 / 15:32) 

Daniel, sagbolun

 Gerekli
 @menin_dunyam [off]
  Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM
 11.05.2025 / 15:32

+0

Bakma yza,meni hiç wagt ýatlama
Özge bilen durmuş göwne jaý bolsa"-
Sul setir bogun sany artyk dos


Täzeje
Bashimow_Toyly  (11.05.2025 / 15:33) 

@menin_dunyam, bor


Gytyndan
Pegas  (11.05.2025 / 15:52) 

@menin_dunyam, niresinde artyk?


Gerekli
@menin_dunyam  (11.05.2025 / 15:54) 

Pegas, Bakma yza,meni hiç wagt ýatlama 11
Özge bilen durmuş göwne jaý bolsa 11
Seredip geç bakýan deýin ýatlara 11
Saýlanyñ tümlügiñe ýagty aý bolsa 12

 Premium
 rexha [off]
  Gitmerin diýenleriň köpüsi bilen sagbollaşdyk👋🧸
 11.05.2025 / 15:41

+0

Teswire pylchayypsynda gozelim mowzuga ****syň

 Premium
 bars [off]
  тот самый 😎
 11.05.2025 / 17:42

+0

ýitiñ ujy galam bolsun

 Premium
 BAYOGUL [1s]
  Yurekdesh.ru
 12.05.2025 / 11:58

+0

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Oglanlara sorag


Bar yone hich kime aytmajagmy ono soz berdim Syr ikimiziñ aramyzda öler diydim Bagyshlañ atlandyryp bilemyok...dowamy...
Umumy | Oglanlara sorag
Bayradot (Şugün, 15:08)

Owadan yazuw basleșik


basmaça my ýa ýazmaça tapawudy ýokmy?...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Boniya (Şugün, 13:33)

Ýanymda otyr..


Mlds.Gowy goşgy ekeni.Like...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Sasiyona (Şugün, 13:24)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Her setire siñmiş obanyň ysy, Okañda duýulýar, hakyky söýgi. Özüne çekiji goşgy bolupdyr, her bendi ýüregiñe barýar. Gowy ÿazylypdyr, üstünli...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Аджап (Şugün, 12:45)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Ýazara zat kän gysgaça hemme zadyň soňunda bagtly durmuşuň garaşýandygyny aýdyp biljek...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Mizan (Şugün, 12:32)

Ýanymda otyr..


Mana na minus basdyn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Olya (Şugün, 12:12)

Ýanymda otyr..


Haa mana minus basdyn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Olya (Şugün, 12:12)

Ýanymda otyr..


Bolýa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Olya (Şugün, 12:08)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


GUTLAÝAN) Şeýle ýaryşlar köp geçirilibersin...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Koroleva (Şugün, 11:36)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Berekella örän gowy goşgy çykypdyr.Mlds.Yetirip dur...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Sasiyona (Şugün, 11:19)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика