Ýürekdeş sözler!
Aixcam_nx : Ynsan ýaşy näçe bolsa bolsun, aglanda hiç kimsiz çagadyr. #Aixcam_nx
“Saçlaryň agşam ýelidi...”
Gytyndan Pegas [off] 12.05.2025 / 09:16 “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
Saçlaryň agşam ýelidi,
Gabaklaryň badamdy seň.
Söýüp, dyzmaç şahyr boldum,
Aslym ýuwaş adamdy meň.
Maňa hiç zat düşündirme,
Gitseň, ümsüm ötägitgin!
Bilip hem bilmän goýberen
Säwligim az däldir, ötgün!
Hoşlaşmagyň hajaty ýok,
Sensiz göwnüm hoş bolarmy?!
Hatlarymy alýaňmy sen,
Okaýarmyň goşgularmy?!
Garym-gatym boldum sensiz,
Ruh nirede, ten nirede?!
Del gözlere dözmedigim,
Men nirede, sen nirede?!
Ýolumy sowan jemalyň,
Bilýän, dulumy bezemez.
Bir bagtly geler gaşyňa
Gelnalyjysy bezemen.
Saçlaryň agşam ýelidi,
Gabaklaryň badamdy seň.
Saňa çenli bir oglantak,
Ýalňyşmaýan adamdym men.
©Seýitmyrat GELDIÝEW
Teswirler:
Öwreniji Daniel [off] Quran lover 🤍 12.05.2025 / 10:25+1
Soňky teswirler
Meniň öýüm Daşoguzda...
Her setire siñmiş obanyň ysy, Okañda duýulýar, hakyky söýgi. Özüne çekiji goşgy bolupdyr, her bendi ýüregiñe barýar. Gowy ÿazylypdyr, üstünli...
dowamy...Meniň öýüm Daşoguzda...
Oba ýere höweslidim. Näme hyzmat bolsa, ederdim. Sebäbi hakyky sada, adam ýaly adamlar obada ýaşaýarlar. Şähere gelýän obalylar soň üýtgeýärler....
dowamy...Meniň öýüm Daşoguzda...
Tüweleme. " Şu zatlara razy bolsaň ine men"-i sypaýyçylyk bilen ýetiripsiň. Söýgisi üçin göreşýän gyzlar düşünerle bu zatlara...
dowamy...
Ýokaryk