Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Aixcam_nx : Öz ayybyny yapyp bılmeyan adamlar,men kolegamın ayybyny gozleyaler??#aika_71

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Lolular
 Gerekli
 Sasiyona [off]
 12.05.2025 / 20:14
 Bizimde yukumuz ağirdi ama kimseye geltaşı demedik

Erkekleriň arasynda loly kän.
Çünki olaň ýodasy kän, ýoly kän.
Işi düşse, enaýy däl heleýden,
Kürsä münse habar berýär
Çingiz handan, Tüleýden…
Içiň döküp bir gep diýseň,
Gepiň ýelden çalt gider.
Kürsüden gaýdan günüň,
Ýakyn gider, ýat gider.
Malyň-mülküň bolmasa,
Abraý gider, at gider.
Wepadarlyk hakda kasam edeniň,
Ertir senden ýüz öwürip bilýändir.
Nämedendir ýazygyň?
Gum sowuryp bilýändir.
Loly erkekler, loly erkekler,
Towşan ýaly gorkaklar,
Syçan görse ürkekler.
Eger oýnatgy bolsaň,
Dostuňy duşman ederler.
Duşmanyňy dost ederler.
Günäkäri özüňsin,
Geplän gepiň rast ederler.
Ömüriňe kast ederler.
Loly erkekler hakda,
Eýsem kimler ýazmady?
Çörek diýseň getirerler,
Aragyňy ýetirerler.
Gujaklarda götererler.
Garaşmaýan halatyňam
Çukurlara itererler.
Şeýdip niçe set müňüň
Bagtlaryny ýatyrarlar.
“Loly” diýip ýazylan,
Tagmasy ýok ýüzünde.
“Loly erkek” diýilen,
Ýazgysy ýok yzynda.
Bir seretseň ýaranjaňam däl ýaly,
Bir seretseň garanjaňam däl ýaly.
Diýýärler emjegi kyrk,
Mämeleri kän ýaly.
Häsiýetine belet sen,
Häsiýetine belet men.
-Az-diýdiler-başaşak
Goýberseňem Erekden.
Bu gep asla telek däl,
Ah, loly erkekler,
Sizler kime gerek däl?!
Kem däl-ä siz melekden,
Nalamaň-a pelekden.
Loly erkekler, loly erkekler,
Gepiň keltesi—messebi ýoklar…

Siz owadan, siz betnyşan,
Näz edip bilýärsiňiz.
Gam-gussada oturany
Ýaz edip bilýärsiňiz.
Ýalandan gülýärsiňiz,
Ýanandan bolýarsyňyz.
“Dostuňyzyň” dostuny
Halandan bolýarsyňyz.
“Dostuňyzyň” duşmanyny
Tanandan bolýarsyňyz.

Tanap bolýar biriňizi birbada,
Biriňizi tanap bilmez Huda-da.
Sizi “ýeňdim” diýen ýokdyr hiç mahal.
Sizi alyp bilmez gazapdyr gahar.

Ah, siz, loly erkekler, loly erkekler,
Pyragy aýtmyşlaý, …. erkekler

(Käbir erkekler üçin)
Awtory :Allaýar Curiyew


124

33

8

6

0

0

3
Teswirler:
 Premium
 Bayradot [off]
  ÝÜREK OWAZYM
 12.05.2025 / 20:26

+0

Name ucn loly erkekler dine
Hany loly ayallar barada yokmy


Gerekli
Sasiyona  (12.05.2025 / 20:35) 

Bayradot, Aýallar hakda yokda


Premium
Bayradot  (12.05.2025 / 20:38) 

Sasiyona, hmmm ok 2 tarapdada yeterlikli lolylar bardyr yone ...


Gerekli
Sasiyona  (12.05.2025 / 20:40) 

Bayradot, bardyr bardyr ýok diyjekdal

 Premium
 Bayradot [off]
  ÝÜREK OWAZYM
 12.05.2025 / 20:27

+0

Soz yok gowy goshy eken yone indikide loly ayallar barada goyaysanyz

 Premium
 Bayradot [off]
  ÝÜREK OWAZYM
 12.05.2025 / 20:39

+0

Erkekler tarapdada ayallar tarapda da has juda gowylaram kopdir yone

Loly erkekler diyipsin voli ozime cekdim
( Kabir erkeklere degisli ) Diyip gowmaly ekenin


Gerekli
Sasiyona  (12.05.2025 / 20:41) 

Bayradot, wayyy özüne cekme loly dalsina sen Lolular bilýändir özüne degislidigini


Premium
Bayradot  (12.05.2025 / 20:43) 

Sasiyona, erkekler diysen bar erkeklere degisli bolya skopkada kabirleri ucn diyen bolsan gowy bolardy

Bu goshgyn tutush erkeklere degishli bolup dur


Gerekli
Sasiyona  (12.05.2025 / 20:56) 

Bayradot, Kim nähili dusinse dusinibersin


Gerekli
Sasiyona  (12.05.2025 / 20:57) 

Bayradot, esasy zat sen özüne cekme


Premium
Bayradot  (12.05.2025 / 20:57) 

Sasiyona, ok dushundim minnetdar

 Gytyndan
 Pegas [off]
  “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
 12.05.2025 / 20:57

+1

Aşagynda awtory goýulmasa, şol goşgyny Puşkin ýazanam bolsa okasyň gelenok. Üstesine, awtoryň adyny goýmadyk adamy hem sowatsyz hasaplaýan.


Gerekli
Sasiyona  (12.05.2025 / 21:03) 

Pegas, bollymy


Gytyndan
Pegas  (12.05.2025 / 21:10) 

Sasiyona, näme üçin ilkibaşdan goýaňok?


Gerekli
Sasiyona  (12.05.2025 / 21:24) 

Pegas, ýatdan çykypdyr🙄

 Premium
 Belki [off]
  Zyndan kändir -- men taşlara zyndan ýok.
 12.05.2025 / 21:28

+0

Su in sonky setirdaki kop nokadyn yerine gelyan soz Pyragydan okamda-da bimaza edipdi. Hazirem bimaza edye.
Loly dal-da heley diyyes biz-a on yalylara. Aydan hasiyetlen "heley" dip atlandyryanlaryn hasiyetleri.

 Betinden
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 12.05.2025 / 21:35

+0

Gowy eken ýetirip duruň


Gerekli
Sasiyona  (12.05.2025 / 21:37) 

Sebap, sps👍

 Gytyndan
 Aixcam_nx [off]
  Raionymyn ovadanjasylai_nx
 13.05.2025 / 01:25

+0

gouy eken mlds


Gerekli
Sasiyona  (13.05.2025 / 04:57) 

Aixcam_nx, sps akylm


Gytyndan
Aixcam_nx  (15.05.2025 / 01:04) 

Sasiyona, 💋🌸

 Premium
 Akademik3 [off]
 13.05.2025 / 07:05

+0

Belki bizin hemmamizde Sol hereket bardyr yaranmak gowy gorunjek bolmak yada kabirlerinin pikri bula meni hoplady yada sona Menzes soz diyaler egerde sen birinin gownu ucin yylgyryp gurlesen yada sona bir doslasmak ucin bir Soz aydaysan seyle pikirleri etyaler aslynda yaranjaklyk iki soygulinin arasynda yada iki dostun arasynda hem bolyandyr YALANMY BELKI AGZA MEN SANA YARANDYGYM BOLYAMY YADA BEYLEKI AGZALAR KA BIRI SIZE KOMEK EDILENDE SOLANAM BARY HEM LOLULUKMY HA

BEYLE PIKIRLERI YOKLAN GOSGYN GOWY


Gerekli
Sasiyona  (13.05.2025 / 19:11) 

Akademik3, nirden cykdyneyy sen Gorunman gezip birden peýda bolayyyan

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Owadan yazuw basleșik


basmaça my ýa ýazmaça tapawudy ýokmy?...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Boniya (Şugün, 13:33)

Ýanymda otyr..


Mlds.Gowy goşgy ekeni.Like...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Sasiyona (Şugün, 13:24)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Her setire siñmiş obanyň ysy, Okañda duýulýar, hakyky söýgi. Özüne çekiji goşgy bolupdyr, her bendi ýüregiñe barýar. Gowy ÿazylypdyr, üstünli...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Аджап (Şugün, 12:45)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Ýazara zat kän gysgaça hemme zadyň soňunda bagtly durmuşuň garaşýandygyny aýdyp biljek...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Mizan (Şugün, 12:32)

Ýanymda otyr..


Mana na minus basdyn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Olya (Şugün, 12:12)

Ýanymda otyr..


Haa mana minus basdyn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Olya (Şugün, 12:12)

Ýanymda otyr..


Bolýa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Olya (Şugün, 12:08)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


GUTLAÝAN) Şeýle ýaryşlar köp geçirilibersin...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Koroleva (Şugün, 11:36)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Berekella örän gowy goşgy çykypdyr.Mlds.Yetirip dur...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Sasiyona (Şugün, 11:19)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Oba ýere höweslidim. Näme hyzmat bolsa, ederdim. Sebäbi hakyky sada, adam ýaly adamlar obada ýaşaýarlar. Şähere gelýän obalylar soň üýtgeýärler....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Gulmahrem (Şugün, 10:46)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика