Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : “I like her, not as a friend but as a woman.”

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Akyl hem Ýürek
 Gytyndan
 Sebap [off]
 Düýn, 19:19
 Lekum dinukum we liýe din

Liriki kyssa

Ýürek teşnelikden ýaňa halys surnugypdy. Özüni nirä urjagyny bilmän gürsüldeýärdi. Häzir oňa bary-ýogy ýitiginiň didaryny görmek ýeterlikdi. Ol uludan dem alyp, öz ýanyndan ahmyrlyja seslendi:

-Ýene-de bir dynç gününi sensiz geçirmeli boljag-ow!

Akyl Ýüregiň bolup ýörşüne haýrandy. Ol Ýüregi aýamak parzyny bütin durky bilen amal etjek bolýardy:

-Ah, Ýürek, tizara bu zatlara-da öwrenişmeli borsuň! Onsoňam öz-özüňi şu günlere salar ýaly üýtgeşik bolan zadam ýok-la. Saňa-da çişir diýseler…

Ýürek çyny bilen janykdy:

-Öň men ony görmändim. Duşmandymam, tanamandymam. Indi bolsa bu ýagty jahanda onuňam barlygyny bildim.

-Nätsem diýýäň?!

-Indi nirede näme işlesemem bar küýüm-köçämiň ol boljagy çyn. Onda-da säherini, öýlesini, agşamyny goýman. Ýaşaýşymyň ýolgörkezijisi bolan söýgime duşmagym, gör, neneň oňat boldy. Haçandan bäri karar tapman elewremelerimem ýöne ýerden däl eken asyl.

-Şeý diýsene…

-Ýogsa-da, Akyl! Sen hakykykatdanam Akyl bolýan bolsaň, meniň kesgitsiz hyjuwlydygymy, ýandyryjy hem ýakyjy häsiýete eýedigimi bilýänsiň-le.

Akyl Ýüregiň halys jylawdan çykyp barýanlygyna göz ýetirdi. Ony her edip, hesip edip öz ornunda oturtmalydy. Üstesine-de, Ýüregiň gel-gel, bu günki gün özüne göwniýetijilik bilen üstüne sürünmesi Akyla ýokuş degdi:

-Eger-de seniň duýmak ukybyň bolmadyk bolsady, men asla oýanmazdym. Beýle ejirlere sezewar bolmasamam bolmazdym. Hut, sen bu ýoly saýlap-seçip, yşkyň nämedigine göz ýetirtdiň.

Akylyň başga-da kän zatlary diýesi geldi. Ur-tut gönülemekden çekinibem ýene başdaky sypaýçylygy bilen:

-Muňa “süýjüje ejir” diýerler. Ol ejiriň ünjüsem diňe saňa ýaraýar. Men bolmasadym, sen birçaklar ejizlemekdenem gaýtmazdyň.

-Ynjap, ezýet çekip duran halyma beýle gürrüňleri nireden tapýaň? Meniň heläk bolmagym mümkin ahyry.

-Ahyr soňunda özüňem ýadyňa düşd-ow? Menden-ä duýgudaşlyga garaşma!

-Seniň maňa duýgudaşlygyň däl-de, kömegiň gerek. Ynanaý, onuň ýene ýekeje gezek didaryny görsem bes.

-Köp dälmi bu?

-Onda sesini eşideýin. Bolman-da uzaklardan bir ýerlerden gelýän gülküsine diňşirgeneýin. Meniň üçin şujagaz pursatlary döretmäge-de gurbuň çatmazmy, hä?

-Sen didaryň kül-külüne düşüp, özüň bolmaklygam düýpgöter unudypsyň. Galp bilen hakykatyň parhynam ýitiripsiň. Bolup ýörşüň ýaldyr-ýuldura aldanyp, hakyky bagtyň içki dünýäde ýerleşýändigini bilmeýäne meňzeýär. Hatda onuň dürmi ýa daşdygynam syzjak bolmadyň. Şo-ol yňdyň ýördüň. Özüňe duýgudaş hem dertdeş köňli küýseseň bolmadymy?!

-Pikir etmek ukyby saňa laýyk, Akyl! Men seni hem rahatlyga atarjak güýçdirin. Eýse seniň özüň dälmi, şol müşküň yşkynda meni dälireden?! Duýgurlygyňa, töwekgel meýilleriňe özümi ezdirip, hemişe men saňa boýun bolup gezdim.

Akyl birsellem içini hümletdi. Ol birhaýukdan soň başyny agraslyk bilen ýokary göterdi-de:

-Ah, Ýürek, dogrudanam, men seni jylawlamak bilen öte geçäýdimmikäm? Ters ölçän amallarymyň pidasy bolan bolsaň-a özümi hiç haçanam bagyşlap bilmen…

-Ýok, ýok! Aýdýanyň näme, Akyl dogan, sen ilkinji jaň gelende-de özüňi unudyp meni diňlediň ahyry. Halys böküp duramsoň razylyk bereniňem bilýän.

-Hawa, şol ilkinji jaň ilkinji duýduryşdy. Meniň gözüm gapylypdyr.

-Ýöne bil, arzuwlarda hiç wagt galplyk bolup bilmez.

-Dogry, o diýeniňem jany ýok däl. Ýöne meniň borjumam bilýänimi aýtmak. Galanynam özüň bil!

-Hemme zadyň gowulyk bilen tamamlanjagyna ynamym bar. Onsoňam şu ýerliksiz dawamyzy bes etsek nädýär. Ýogsa huşuň öçüp, bar zady bulaşdyrjak bolup barýaň.

Ýürek Akylyň golaýjagyna süýşdi. Akylam ak ýapynjasyny alyp, Ýürege uzatdy. Gyp-gyzyl gyrmyzy Ýürek akja ýapynja dolanyp, hemaýat tapynan dek Akyla gysmyljyrady. Akyl togalajyk başyny egip, Ýüregi synlady, giň penjesini açyp, uzyn barmaklary bilen onuň saçlaryny sypalady. Ol şundan soň Ýüregi öz diýeninden dändirip bilmejegine ymykly göz ýetirdi…

Sähragül JANMÄMMEDOWA


16

6

1

1

0

0

1
Teswirler:
 Betinden
 rexha [off]
  Forever in my mind only you🐼
 Şugün, 07:24

+0

Süýjije ejir....

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Sensizligi sen öwretdiñ söýgülim


Gaty ajayyplay...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sensizligi sen öwretdiñ söýgülim
rexha (Şugün, 11:30)

Sözler9


Ýanyñda bolasym gelip bolmaýan ýene bir günüm gutardy. Inni aýt maña söýgülim men bu şäheriñ niresine sygaýyn?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sözler9
rexha (Şugün, 11:19)

Sözler9


Bir gün şu sözi utanyp özüñe diýersiñ: Men kör bolsam hem, şo bolşuma kabul edip biljek birini ýitirdim....dowamy...
Erkin mowzuklar | Sözler9
rexha (Şugün, 11:16)

Danalardan dürdäneler.


"Dostlaryň zyýaratyna eliň boş gitmek, degirmene bugdaýsyz giden ýalydyr". Häzirki krizisde has oktuwal zat şu....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Danalardan dürdäneler.
Fantom (Şugün, 07:45)

Цитаты и фразы.


Не бывает страшных женщин, бывают трусливые мужчины...dowamy...
Erkin mowzuklar | Цитаты и фразы.
rexha (Şugün, 07:35)

Цитаты и фразы.


Хочу духи с запахом счастья, тушь цвета радости и крем с ощущением любви....dowamy...
Erkin mowzuklar | Цитаты и фразы.
rexha (Şugün, 07:32)

Akyl hem Ýürek


Süýjije ejir.......dowamy...
Erkin mowzuklar | Akyl hem Ýürek
rexha (Şugün, 07:24)

Hindistanda hyýalym


Hawa Heykelam bar shol Bayram hanyn Hindistanda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hindistanda hyýalym
rexha (Şugün, 07:22)

Telefon ulansynyza serediň hasiyetinizi bilin!Smartfon we häsiýet barada psihologik test


Yokardaka goshulyan...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Telefon ulansynyza serediň hasiyetinizi bilin!Smartfon we häsiýet barada psihologik test
rexha (Şugün, 07:21)

Ömrüme pent


Hakyky stihotvoreniyanyny chuňňur manyly yazyaray....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ömrüme pent
rexha (Şugün, 07:16)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика