Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
BAYOGUL : Söýse öýüme söýmese toýuma geler ??

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Täze ýazan goşgularym
 Özümiziňki
 Gerceknazar [off]
 16.05.2025 / 17:43
 Kanagatly bende baýdyr soltandan

YLHAM

Ylham!
Bolduň dürli dertlerme melhem.
Ykbal böwedine ýykylan çagym.
Galamym-taýagym, galdyrýar şol dem,
Aglap, ak kagyzy gujaklaýaryn.

Ak kagyzyň ysy, jennetiň ysy,
Setirler ýüzünde suwa düşýärler.
Ýazyp ýetişmedik sözlermiň yzy,
Uzakdan naýynjar seredişýärler.

Hak seni bagş etdi gursagma guýup,
Berilen zady hem almaýarmykam?
Ýa-da "Her zadyň öz wagty bar" diýip,
Garaşyp, özümi aldaýarmykam?

Başyndan aýlaşyp gyzyl ýaglygyn,
Albasy alyna saljak bolýarlar.
Şahyryň şuglasy ruhy erkinlik,
Ony hem ömrümden aljak bolýarlar.

Ylham!
Ýüregimde açylan gül sen,
Sepindinler senden ýasap müşk baryn.
Sensiz uzak ýaşap bilmeýärin men,
Sen gutaran çagyň, menem gutaryn.

***

YNAM

Şu jaý garaşypdyr şeýle pursata,
Biziň barymyzy üýşürmek üçin.
Agym tutýar, diňläp tamyň owazyn,
Çyralar edýärler töwerekden syn.

Ýazan goşgularym okalýan eken,
Ony tanaýarlar özümden beter.
Atgarynja setirleriň içinden,
Her kimse gözleýän zadyny tapar.

Anyk şu pursaty gördüm düýşümde,
Ýazgyt ýazgylarma ýerlemän görsin.
Galam gürlemezmi ýürek joşanda?
Gürlemän görsin.

Ulalmadyk umytlarmy gögerdip,
Poeziýa ynandyrýar ynamlar.
Elin bulap gygyryşýar agaçlar:
-Ynanýarlar
-Guwanýarlar
-Ynanýas...

***

UTANJAŇLYK

Men saňa söýgümi aýdyp bilemok ,
Şeýlebir utanýan, çekinýän senden.
Aýtjak bolýan...
Wah, ýene-de bolanok,
Şeýle ýygralygma ökünýän çyndan.

Saňa "Söýýän" sözün aýdyp bilemok ,
Seni görenimde tutulýar dilim.
Sen gitdiň yzyňa gaýdyp geleňok,
Şondan soňra seni görmedim gülüm.

Şondan soňra seni gözledim telim,
Bagt gözlerme bakyp ýylgyryp gitdi.
Owadanlap ýazan söýgi hatlarym,
Kisämiň içinde ýyrtylyp gitdi.

Hatlar gowuşmady hak eýesine,
Ahyr uzaklaşyp gitdiň sen menden.
Men saňa söýgümi aýdyp bilemok ,
Şeýlebir utanýan, çekinýän senden.

Gerçeknazar Amannazarow.


77

16

6

1

0

0

0
Teswirler:
 Öwreniji
 Daniel [off]
  Quran lover 🤍
 16.05.2025 / 18:38

+0

Tuweleme, öñden bäri syn edýän gosgularyña
Kämilleşipsiñ !!!
Galamyñ ujy ýiti bolsun dost!


Özümiziňki
Gerceknazar  (17.05.2025 / 17:55) 

Daniel, köp sag bol dost!

 Betinden
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 16.05.2025 / 18:55

+0

Ýetirip duruň gowy eken


Özümiziňki
Gerceknazar  (17.05.2025 / 17:55) 

Sebap, nesip bolsa ýetirip duraryn.


Betinden
Sebap  (17.05.2025 / 17:56) 

Gerceknazar, bolýa

 Özümiziňki
 Fantom [off]
  Iň uly baýlyk, bar zadyň bilen kanagatlanmakdyr.
 16.05.2025 / 19:09

+0

"Şahyryň şuglasy ruhy erkinlik,
Ony hem ömrümden aljak bolýarlar".

Dogrydyr...
Emma diňe söýgi, dosluk, we şm, zatlar üçinä päsgel ýokdurlaý?
Emma: E...lr, bizden ýonup soýdular, aýallar müňläp dollar ýoýdular... 😉


Özümiziňki
Gerceknazar  (17.05.2025 / 17:57) 

Fantom, "ýokdyr" diýip bolmaz,durmuşyň päsgelçilikleri köpdir. Alla gowsuny etsin.

 Gytyndan
 Aixcam_nx [off]
  Raionymyn ovadanjasylai_nx
 16.05.2025 / 19:35

+0

Gowy eken 👍


Özümiziňki
Gerceknazar  (17.05.2025 / 17:58) 

Aixcam_nx, minnetdar

 Gytyndan
 yurekdes [off]
  "Meñ ýűregim sowady indi gelme űşärsiñ"
 16.05.2025 / 22:06

+0

Tuweleme Aşyrmät Halypañ sozleri tasir edipdir goryan welin


Özümiziňki
Gerceknazar  (17.05.2025 / 17:59) 

yurekdes, Aşyrmät Garlynyň sözlerine täsirlenmek mümkin däl. Bagyşlaň sizi tanamadym.

 Premium
 rexha [off]
  Gitmerin diýenleriň köpüsi bilen sagbollaşdyk👋🧸
 16.05.2025 / 22:11

+0

Ajayyp.


Özümiziňki
Gerceknazar  (17.05.2025 / 18:01) 

rexha, sag boluň

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ilki bilen Salam


Ohow futbol barada gyzyklyja mowzuklary yagdyr oňkiň yaly talyplarda goryadim tanyșma mumkinçiligima bolmady wn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Bezzat (Şugün, 08:07)

Ilki bilen Salam


Bu saytda hemme zat pula durýandyr ýöne, ýa da bal-a.😁...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Ahmal (Şugün, 06:44)

Ilki bilen Salam


Isleneninem islenen.ru wagty gideninmi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Ahmal (Şugün, 06:42)

Ilki bilen Salam


Walikimessalam hoş geldiň...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Sebap (Şugün, 06:11)

Ilki bilen Salam


Salam Talyplarda agza bolup bolmansoň bilemok ýöne islenen-dä görýädim...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
State (Şugün, 03:45)

Ilki bilen Salam


Soyguli.ru saydynda bardynmy men sol yerinin admini PowerTwo...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Akademik3 (Şugün, 01:34)

Ilki bilen Salam


salam hoş geldiň otayda açmadyk mowzuklaryny barde yagdyryber...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Diamante (Şugün, 00:44)

"Yurekdesh.ru:kalplaryň köprüsü" (gosgy)


Chatgpt yazdy gerek...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | "Yurekdesh.ru:kalplaryň köprüsü" (gosgy)
BAYOGUL (Şugün, 00:07)

"Yurekdesh.ru:kalplaryň köprüsü" (gosgy)


Jemile goşgusuna meňzäpdur...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | "Yurekdesh.ru:kalplaryň köprüsü" (gosgy)
Olya (Şugün, 00:04)

"Yurekdesh.ru:kalplaryň köprüsü" (gosgy)


Eeeeý bu näme...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | "Yurekdesh.ru:kalplaryň köprüsü" (gosgy)
Olya (Şugün, 00:04)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика