Ýürekdeş sözler!
Yekejelai : Agrasdy, yone agraslygy bilen meni eretmani basharyardy. #Yekejelai
"Kowusnama" eserinden dost tutunmak we onuň kadalary hakynda
Betinden Sebap [off] 17.05.2025 / 12:42 Lekum dinukum we liýe din
Oglum bilip goýgun, diri kişiler dostsuz oňup bilýän däldir, çünki dostsuz bolandan dogansyz bolan ýagşydyr.
***
Bir danadan: “Dost gowumy, dogan?” diýip sorapdyrlar. Olam: “Dost bolan dogan ýagşydyr” diýip jogap beripdir.
***
Dostlaryň barada alada edeniňde, olara sowgat-peşgeş göndergin, olar bilen mylakatly bolgun, çünki dosty barada alada etmeýän adam hakynda dosty hem alada edýän däldir, şeýlelikde ol hemişe dostsuz galýandyr.
***
Isgenderden: “Az wagtyň içinde beýle uly baýlyga nädip ýetdiň diýip sorapdyrlar. Olam: “Duşmanlarymy hoş söz bilen dep edip, dostlarymy alada bilen gurşap ýetdim” diýip jogap beripdir.
***
Dosty köp bolanyň aýyplary örtülip, laýykatlarynyň üsti açylýar.
***
Köneler aýtmyşlaýyn: “Gowy dost uly hazynadyr”. Şonuň üçin saňa dostlukly garaýan adamlaryň, dostlaryň gadryny bilgin, olara ýagşylyk etgin, sarpalaryny saklagyn, her bir haýyr-şerde olara kömek etgin, seniň mürewwetiňi gördükleri olar saňa öňküdenem mährem bolarlar.
***
Dostuň gowusy-da bolýandyr, hordasy-da, olaryň ikisi bilen-de dost bolgun, ýöne gowusy bilen tüýs ýürekden dost bolup, ýamany bilen kiçi dilden bärde dost bolgun, şeýlelikde, olaryň ikisi he saňa dostlukly garar.
***
Ýazgarylasyň gelmese, dostlaryň we beýleki adamlaryň haklaryny äsgermezçilik etmegin. Öňkiler aýtmyşlaýyn, iki jür adam ýazgarylmaga laýykdyr, olaryň bir-ä dostlarynyň hakyny depgileýänler, beýlekisi hem ýagşylygyň gadyryny bilmeýänlerdir.
***
Dostuňy şatlykly hem hasratly günde ýatlagyn. Hoş günüňde altyn-kümüş, hormat bilen, kyn gününde kömege ýetişmek bilen ýatlagyn.
***
Seniň duşmanyňy duşman hasap etmeýäni dost bilmegin, beýle adam dost saýylman, tanyş saýylýandyr
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
KESMEÝÄN GYLYÇ
hm, başyny okamda mango myka diýdim, emma töre han münbere çykyp okap bersede boljak ekeni....
dowamy...Oglanlara sorag
Bar yone hich kime aytmajagmy ono soz berdim
Syr ikimiziñ aramyzda öler diydim
Bagyshlañ atlandyryp bilemyok...
dowamy...
Ýokaryk