Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Prinsesa : Durmuşyň her bir pursadyndan lezzet alyp ýaşa

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Üçlemeler.
 Özümiziňki
 Fantom [off]
 18.05.2025 / 01:33
 Iň uly baýlyk, bar zadyň bilen kanagatlanmakdyr.

Bir gör, onuň telpegini elle-de,
Şular ýaly nepis zadyň içinde
Bolaýmal-a bir oňatja kelle-de.
***
Gyzy gaçan içip , nas atan eken,
Ol “Beýdip ýörmäň-de ylalaşaýyň!”
Diýip, baranlary tas atan eken.
***
Aýlawly geplern-ä bizem söýerdik,
Diýerdi ol insi öýlenende-de:
“Aýalymyň ýüwürjisin öýerdik.”
***
Onuň bolup ýörşi geňdi, syrlydy,
Saklaýany täze dükanam bolsa,
Göterip ýöreni köne hyrlydy
***
Ol oýnady, utuldy,
Dostlar-a düşdi ele,
Duşmanlaram gutuldy.
***
Durmuş bize gaty kän zat eçilýär,
Ýöne olaň öz wagtynda köpüsi
Ýa görülmän , ýa alynman geçilýär.
***
Muňa sen iru-giç akyl ýetirsiň,
Ýetimsiň sen aýra düşseň iliňden,
Watanyňdan aýra düşseň ýesirsiň.
***
Ýalbar-ýakar, oýun eder,
Halys bolmajagyn bilse,
Aglar welin, boýun eder.
***
Hakykaty boýun alalyň , geliň!
Ýigidiň başyna bela getirýän
Ýa haram puldur, ýa biwepa gelin
***
Hakyň bolsa al elinden gaňyr-da,
Onuň bilen bärde hasaplaşmasaň,
Hezil bermez aňyrda.
***
Ýaşap ýörse, derrew çykar bergiden,
Ýeke oguldyr-da öýlendireni,
Çykarmaly gyzam bar-a birgiden.
***
Aýalam gaty erbet-le,
Ol görgüläde adamsy
Öwredýändird-ä , elbetde.
***
Buşla bar , bolanny jigiň,
Ýöne oňatja barlagyn,
Ýyrtyk bolaýmasyn jübiň!
***
Işgärlern-ä büre daran
Ýaly eder ,ol başlygy
Bolan bolsa bir edaraň.
***
Başlygymyz it edindi.
Geçjek bolsaň , bir zatjagaz
Emlemeli ite-de indi.
***
Dostam bolsaň, ýüz görmeýär,
Elleşmezem elliň üçin,
Ýüz bermeseň , ýüz bermeýär.
***
Sypdym ,
bar zat düzeldi,
Berdim ýüz gram üçin
Her haýsyna ýüz elli.
***
Geplärdi özgäň adyndan,
Öz adynyň barlygynam
Çykaran borly ýadyndan.
***
Edinipdir bir ýodajyk,
Ýazan bolýar ýaňsylama,
Degişme ýa parodiýajyk.
***
Diýýär:”Geliň , gatyk alyň!”
Bendäň eli ýuka borly,
Ýöne ýüz-ä gaty galyň.
***
Ellerinden dür dökülýär,
Ýöne alýar näçe berseň,
Diýenok ol: “Dur, dökülýär !”
***
Satdym ähli goýunlarmy, sygrymy,
Süýjüligi, atgulag-a elli jüp,
Halady iki ýüz müňem ýigrimi
***
Kezzaplygň-a barybir
Bilýäs welin,
dogrumy
Şu aýdýanlaň ýary bir ?!
***
Semredi , doýup aýryldy,
Ýöne öz ýerine
horja
Ogluny goýup aýryldy.
***
Ýagdaý-a agyr görgüliň,
Ýöne pulun gömen ýerin
Aýtmaz-la sorap gör welin,
***
Bir gör bolup oturşyny,
Içip, taýýarlyk görýär ol
Bulamaga oturşygy.
***
Alýar işe magnit ýaly ol çekip,
Aýlygyňam alýar özi, sen diňe
Gaýtsaň bolýar aý ahyrda gol çekip.
***
Akylsyza hem akylla
Akyl beren bolýar welin,
Arman , özi kemakyl-da
***
Gülümjirän bolup, syn ederdi ol,
Alýanjasyn berseň, kyn işi aňsat,
Bermeseň, aňsady kyn ederdi ol.
***
Gör, bu şalaň gözýetimniň darlygyn,
Heý, görüňde rahat ýatyrarlarmy,
Bilseler gabryňda altyn barlygyn.
***
Düşünersiň muňa ulalyberseň,
Tozuberýär eken dostluk diýlen zat
Dostuňy aýaman ulanyberseň.
***
Galkan edinme-de dogumsyzlygy,
Gazaply bolmagy öwren ataňdan,
Öwren öz eneňden dözümsizligi.
***
Dert adama ýolda ýolugarmyşyn,
Aňsat gazanç gözläp, ters ýola gitseň,
Ýol inçelip, ýoda ýolunarmyşyn.
***
Kyn ýörejek ýoluň batgaly bolsa,
Ýol bererler birýan gyra çekilip,
Ilki öňe düşen batmaly bolsa.
***
Bürgüt ölse: “Nahar bolmaz, bar gidiň”,
Diýip , garga kowar gazan başyndan
Ýetim galan çagalarny bürgüdiň.
***
Girimin-çykymyn öwrenip goýuň,
Başyňa düşmejek gumany ýokdur
Ýas bilen toýuň.
***
Toprak eklär , sen topragy ekleseň,
Ýöne ol özünde bar zadyn berýär,
Sen özüňe gerek zady ekmeseň.
***
Adamy bezeýän oý-hyýalydyr.
Öz bilýän zadyňy öwretmän gitmek
Hazynaňy gizläp giden ýalydyr.
***
Her kim tapawersin öz ornun, ýerin,
Mis teňňeler üçin uly ejirdir
Arasynda ýatmak altynyň , zeriň.
***
Barýas örňäp , bir-birekden daş bolup,
Şoň üçin hiç kimi keseki saýmaň,
Ýat saýanňyz çykar garyndaş bolup.
***
Haram baýlyk gapan bolsa garagyn,
Tanamaz dost-ýaryn, görmez hiç kimi
Tä düşýänçä öz başyna gara gün.
***
Ol ýürekden urdy, gör ökdedigin,
Wah , bilýär ekeni ganym duşmanam,
Mähriban Watanyň ýürekdedigin.
***
Aňsat ýasalan zat bolanok merdem,
Ýumşak görüp, işi gaýdan alaka
Hin gazynar eken suw geljek ýerden.
***
Öz ornuň tap, ilden janyň aýama,
Eger telpek bolsaň , başda götärler,
Köwüş bolsaň geýilersiň aýaga.
A. Annaberdiýew.


30

4

0

1

0

0

0
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüp


Dogamyy bar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüp
Ayjahan (Şugün, 00:24)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Imo grupbamyz bar gosgy yazmakdan yaryslar gurnayas pikir alysyas. Gosulasynyz gelse su yere idinizi yazayyn....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Belki (Düýn, 22:19)

KESMEÝÄN GYLYÇ


hm, başyny okamda mango myka diýdim, emma töre han münbere çykyp okap bersede boljak ekeni....dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Fantom (Düýn, 19:44)

Owadan yazuw basleșik


äý, menä häzir emeli aňa çekdirýän... ))...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Fantom (Düýn, 19:01)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Berekella! anha goşgyň gowylygyny alan like bahalaň aýtýar. köpden bäri gabat gelmedim şunça like alana! üssünnikler!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Fantom (Düýn, 18:53)

Owadan yazuw basleșik


Ile menzesh yazuwmyzam yok gatnasayly diysek...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Olya (Düýn, 18:01)

KESMEÝÄN GYLYÇ


Sun yazan islendik eserini okanymda dalini dinlap oturan yaly duyyan ozumi....dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Belki (Düýn, 16:42)

KESMEÝÄN GYLYÇ


Minnetdar ýetireniňize....dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Pearl (Düýn, 16:15)

Oglanlara sorag


-GSM200- Sul ağza ynanyan dine 🙂...dowamy...
Umumy | Oglanlara sorag
Aixcam_nx (Düýn, 15:20)

Oglanlara sorag


Bar yone hich kime aytmajagmy ono soz berdim Syr ikimiziñ aramyzda öler diydim Bagyshlañ atlandyryp bilemyok...dowamy...
Umumy | Oglanlara sorag
Bayradot (Düýn, 15:08)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика