Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
PeRMaN : - Bilmeýänligi üçin däl. Hakykaty bilýändigi üçin gürlemez käbir adamlar...

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

(Ýaryş üçin) Dünýä
Premium
 Sebap [54s]
 18.05.2025 / 21:19
 Lekum dinukum we liýe din

Kimler, gujagyňda mes bolup ýörkä,
Kimler döwüm nana, zar bolup otyr.
Enesiz atasyz, minnet gemirip,
Bal ýaly çagalar, köçede ýatyr.

Gyssanyp, gyjyklap, toýlar tutunyp,
Aýryşýan köpelýär ýyly ojakdan.
Kimseler, namysyn baýlaga satyp,
Orun gözlär, binikahly gujakdan.

Hany, wepa ygrar, nirede söýgi,
Berilen wadalar nirede duýgy,
Ýaşaýyşa, düşüner ýaly bolmady,
Gün geçdikçe artyp, kellede gaýgy.

Kim üçin ýagşy sen, kim üçin ýaman,
Kim üçin teşne sen damjalap daman,
Bu günüň gywyrdap geçsede welin,
Ertir, bar ýogumyz garaňky güman.

Öwezgeldi, dünýä geldiň nalynma,
Ýagşylary bu dünýäden gabanma,
Zordan gaçyp, ejizlere awanma,
Görkezeniň, görkezdirýän dünýä bu.

Awtor: Öwezgeldi Taganow


104

18

5

8

0

0

1
Teswirler:
 Gerekli
 Sasiyona [off]
  Bizimde yukumuz ağirdi ama kimseye geltaşı demedik
 18.05.2025 / 21:43

+0

Gaty manyly goşgy eken Mlds.Bir like mennen


Premium
Sebap [54s] (18.05.2025 / 21:45) 

Sasiyona, Sagboluň minnedar


Premium
Sebap [54s] (18.05.2025 / 21:46) 

Sasiyona, minnetdar

 Özümiziňki
 Fantom [off]
  Iň uly baýlyk, bar zadyň bilen kanagatlanmakdyr.
 18.05.2025 / 22:07

+0

Şuň goşgylary başga-da bamy?


Premium
Sebap [54s] (18.05.2025 / 22:09) 

Fantom, Bilmedim tapyp goýaryn bar bolsa gerekmi?


Özümiziňki
Fantom  (18.05.2025 / 22:11) 

Sebap, ýutub-da kän ekeni, emma ýazgy görnüşde tapmamsoň gyzyklyda. bunam suratdan göçirdiňmi?


Premium
Sebap [54s] (18.05.2025 / 22:13) 

Fantom, Howwa suratdan menem seredişdirip göreýin bolmasa suratdan tapjak bolaryn

 Premium
 rexha [off]
  Gitmerin diýenleriň köpüsi bilen sagbollaşdyk👋🧸
 18.05.2025 / 23:05

+0

Görkezeniň, görkezdirýän dünýä bu.



#Dopba dogry


Premium
Sebap [54s] (19.05.2025 / 09:01) 

rexha, Aha

 Premium
 rexha [off]
  Gitmerin diýenleriň köpüsi bilen sagbollaşdyk👋🧸
 19.05.2025 / 05:00

+0

Ozam dine bir mowzuk achyaň oňada yarysh uchn dp belleyaň diydi. Yagny dineje bir mowzuk yarysh uchn bolmoly


Premium
Sebap [54s] (19.05.2025 / 09:02) 

rexha, Bah ol ýerini okamadym men sagbol aýdanyňa

 Premium
 rexha [off]
  Gitmerin diýenleriň köpüsi bilen sagbollaşdyk👋🧸
 19.05.2025 / 05:02

+0

Shertleri bilmesen goshulmada senem chagam)


Premium
Sebap [54s] (19.05.2025 / 09:03) 

rexha, şertlerini okadymam bilýänem on güniň içi diýip düşşünäýipdirinda öňündäki ýazgyny aýyrsak şol bor häzir

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Men minus basjakdym. Ön goylup goylup lenc edilen eser bolany ucin. Yone Fantom aga yaly okamadyklar bar eken....dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Belki (Şugün, 07:53)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Sag bol yetirip dur gaty gyzykly yzy !!!! Nache okasamda doyomok bir plus gitdi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Tukel (Şugün, 06:22)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


gowy. emma diňe öýiň özi bar, daş töwerek aýdylanok. waka nirede geçýäni bilinse has gyzykly boljak. gramatika taýdanam gaty gowy. meňä pragramm...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Fantom (Şugün, 05:32)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Dogamyy bar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Ayjahan (Şugün, 00:24)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Imo grupbamyz bar gosgy yazmakdan yaryslar gurnayas pikir alysyas. Gosulasynyz gelse su yere idinizi yazayyn....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Belki (Düýn, 22:19)

KESMEÝÄN GYLYÇ


hm, başyny okamda mango myka diýdim, emma töre han münbere çykyp okap bersede boljak ekeni....dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Fantom (Düýn, 19:44)

Owadan yazuw basleșik


äý, menä häzir emeli aňa çekdirýän... ))...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Fantom (Düýn, 19:01)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Berekella! anha goşgyň gowylygyny alan like bahalaň aýtýar. köpden bäri gabat gelmedim şunça like alana! üssünnikler!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Fantom (Düýn, 18:53)

Owadan yazuw basleșik


Ile menzesh yazuwmyzam yok gatnasayly diysek...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Olya (Düýn, 18:01)

KESMEÝÄN GYLYÇ


Sun yazan islendik eserini okanymda dalini dinlap oturan yaly duyyan ozumi....dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Belki (Düýn, 16:42)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика