![]() 55 |
![]() 12 |
![]() 3 |
![]() 5 |
![]() 0 |
![]() 0 |
![]() 0 |
GEL, SEÝLE ÇYKALY
Gözlermiň içinde kirlenýär dünýä,
Hatda, ýüreklere urupdyr reňki.
Ne-hä naçarlaryň agysy diňýä...
...Biparh garap geçýäs soňy garaňky.
Gel, seýle çykaly ýalňyz syrdaşym,
Görsün hemme bir ýerlerde bardygym!
Özüni tanatdy dosty-gardaşym,
Pelekden yzba-yz zarba aldygym.
Gurçuk deý etimi iýen dört diwar,
Bilsin oň elinde tussag däldigim.
Kalbymyň perdesin örtüpdir gubar,
Indi bilýän mekirleriň kändigin.
Dokuzym düzüw däl, goý, bolup geçsin,
Biz barymyz bilen bazar eýläli.
Ýüzümiz bir ýagty äleme düşsün,
Ýer astyna girsek, onsoň neýläli.
Herkim gözi bilen bir zatlar diýer,
Ýogsam, hiç birine azarym ýetmez.
Derdi egni bilen çekenler biler,
Käte ýönekeý zat bolýar elýetmez.
Alla bilýär, aman bolsa bir başym,
Bagtyýar günlerden umydgärdigim.
Gel, seýle çykaly ýalňyz syrdaşym,
Görsün hemme bir ýerlerde bardygym.
Süleýman Tekäýew
Belki, Haý berekella!!! Gowy ýazylypdyr...
Belki, Ýöne buny näme üçin mowzuk edip açman bärde goýduňyz?