Ýürekdeş sözler!
Sasiyona : Düşman kör nişancidir,dost bilir nerden vuracagini... Tailor
(Ýaryş üçin) Maňa dostlar şunyň ýaly ýar gerek
Premium
Sebap [off] 20.05.2025 / 16:25 Lekum dinukum we liýe din
Şu dünýäde seniñ göwnüñi aljak,
Aglañda aglaýyp, güleñde güljek,
Ýüzüñe seredip halyñy biljek,
Maña dostlar şunuñ ýaly ýar gerek.
Daň säherler turyp işe gideňde
Iňrik garalanda öýe geleňde
Mähir bilen garşy aljak öňüňde
Maňa dostlar şunuň ýaly ýar gerek.
Bir zada gynanyp göz ýaş dökeñde
Bagryñy paralap ahmyr çekeñde
Ýüregiň gysylyp, göwnüň çökende
Maňa dostlar şunuň ýaly ýar gerek.
Ajy sözün saňa aýtmaýan hergiz
Bimany sözleri aýtmasyn ýersiz
Mydam bolýan saňa durmuşda eziz
Maňa dostlar şunuň ýaly ýar gerek.
Kynçylyk ýollarda el ele berýän
Ajy süýji günleriňe döz gelýän
Wepaly bolaryn diýp söz berýän
Maňa dostlar şunuň ýaly ýar gerek.
Myhman gelse mydam güler ýüz bilen,
Garşylasyn şirin-şeker söz bilen,
Myhmany hezzetläp nahar-duz bilen,
Maña dostlar şunuñ ýaly ýar gerek.
Arzuwlarym kabul eýle, Biribar,
Ýaşaýar kalbymda şeýleräk bir ýar,
Şonsyz giñ jahanym bolup barýar dar
Maña dostlar şunuñ ýaly ýar gerek.
#Gurban Geldiýew
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
KESMEÝÄN GYLYÇ
hm, başyny okamda mango myka diýdim, emma töre han münbere çykyp okap bersede boljak ekeni....
dowamy...
Ýokaryk