Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
BAYOGUL : Meni kontaktyndan pozupdyrmyš xix aklm mni intäk soxranit edemoga ??

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Şygyrýet bagyndan bir gunça
 Gytyndan
 yurekdes [off]
 20.05.2025 / 21:17
 "Meñ ýűregim sowady indi gelme űşärsiñ"

Indi, bäş ýyl bäri göterip ýören,
Ol söýgüm kalbymda ýatyr gar ýaly.
A men ýüzüm sallap şol ýaşap ýörşüm,
Bu zatlara özüm günäkär ýaly.

Adamlaram gahar bilen seredýär,
Öýke-kine sanjylyp dur böwrüme.
Ýol ugrunda ýatan sary ýaprak hem,
"Sen günäkär" diýýän ýaly göwnüme.

Gyşyň sowuk şemaly hem şuwwuldap,
Gahar bilen çalyp geçýär çekgäme.
Ýatlamalar bolsa egnimden basyp,
Diýýän ýaly: "dünýä geldiň çekmäne".

Tebigatyň jezasy bu, men seni,
Ähli zatdan eziz görenim üçin.
Saçlarymda ýeke ak bar, görýäňmi,
On sekiz ýaşymda söýenim üçin.

Toprak bolup giderime howlukma,
Wagty gelse gider adam diýilýän.
Söýýän adam ähli zatda günäkär,
Hiç bir zatda günäkär däl söýülýän.

Azym Rejebow


32

7

0

2

0

0

0
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Owadan yazuw basleșik


Kitayca yazsanam bolyamy ya lukmanlaryn yazuwynda...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Sayman (Şugün, 10:52)

Owadan yazuw basleșik


Onson̈ keyigim utana name bayrak bolar...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Sayman (Şugün, 10:49)

Ýolda


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýolda
Gunesh (Şugün, 10:32)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Men minus basjakdym. Ön goylup goylup lenc edilen eser bolany ucin. Yone Fantom aga yaly okamadyklar bar eken....dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Belki (Şugün, 07:53)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Sag bol yetirip dur gaty gyzykly yzy !!!! Nache okasamda doyomok bir plus gitdi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Tukel (Şugün, 06:22)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


gowy. emma diňe öýiň özi bar, daş töwerek aýdylanok. waka nirede geçýäni bilinse has gyzykly boljak. gramatika taýdanam gaty gowy. meňä pragramm...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Fantom (Şugün, 05:32)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Dogamyy bar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Ayjahan (Şugün, 00:24)

KESMEÝÄN GYLYÇ


hm, başyny okamda mango myka diýdim, emma töre han münbere çykyp okap bersede boljak ekeni....dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Fantom (Düýn, 19:44)

Owadan yazuw basleșik


äý, menä häzir emeli aňa çekdirýän... ))...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Fantom (Düýn, 19:01)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Berekella! anha goşgyň gowylygyny alan like bahalaň aýtýar. köpden bäri gabat gelmedim şunça like alana! üssünnikler!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Fantom (Düýn, 18:53)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика