Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
@menin_dunyam : Hijem ayrlmañ. Saña gelin taplar, oñada ăr. Ÿőne bulara ene ata tapdyrmaz

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

(Ýaryş üçin) Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar.
Premium
 Sebap [off]
 21.05.2025 / 16:28
 Lekum dinukum we liýe din

Durmuş pursatyndan
Türkmen maşgalasynda gelin-gyz terbiýesine örän uly üns berilýär. Onuň oturup-turşundan başlap, her bir işi ýerine ýetirişine inçelik bilen çemeleşilýär. Hususan hem ene-mamalarymyz gelin-gyzyň öz köýneklerini özüniň tikip bilmelidigini, ýaka tikip başarmalydygyny, haly dokamalydygyny ündäpdirler. Ene-mamalarymyz mamla…Sebäbi bu el işleriniň ählisi diňe bir ajaýyp sungat eseriniň kemala gelmegine ýardam bermän, eýsem gelin-gyzyň terbiýesine, sabyrlylygyna, gözellige bolan garaýşyna täsir edýär. Tikin-çatyndan başy çykýan gelin-gyzyň haty hem köpçülikden tapawutlanýar. Özümde hem synap gördüm…hünji ýaly ýazuw gözelligiň mysaly hökmünde göze ilýär.

Ýöne döwür üýtgeýär, heňňamlar geçýär. Bu günki gün töweregimizdäki ähli zatlar kämilleşýär, döwrebaplaşýar. Bu öňegidişlikler adamyň wagtyny tygşytlaýar, işiňi ýeňilleşdirýär. Diýmek adamyň öz-özüni has-da kämilleşdirmegi we özüne wagt aýyrmagy üçin mümkinçilikler peýda bolýar. Gelin-gyzlar babatda hem şeýle… Bu günki gün gözüňi dokundyrýan reňkler bilen bezelen halylary haly stanoklary dokaýar, köýnekleri tikin maşynlar tikýär, biri-birinden owadan ýakalary kompýuterde gurnadyňmy, hana saňa islegiňe görä ýaka…Muňa garamazdan elde tikilýän ýakalaryň gözelligi bir başgadyr…Onuň gözelligi aýry…Gepiň tümmek ýeri häzirki wagtda gelin-gyzlar milliligini saklap, olara döwrebap öwüşgin çaýdylar. Bu bolsa, türkmen gelin-gyzlarynyň ajaýyp aýratynlygydyr.

Häzirki wagtda gelin-gyzlaryň ýurdumyzyň ähli ýokary okuw jaýlarynda diýen ýaly okamaga mümkinçilikleri bar. Olar öz hünärini ele alyp, işlerinde uly üstünlikleri gazanýarlar. Öz ykbalyny ylym-bilime baglan ýaşlarymyz az däl. Şu ýerde durmuşda gabat gelip bilaýjek kiçiräk durmuş pursatyny siz bilen paýlaşmak isleýärin…

Biz Hazaryň kenarynda ýaşaýardyk. Ene-atamyň körpeleridim. Öýde meniň bir sözümi ýere gaçyrmazdylar. Şeýdip lälik ösdürdiler. Kitaby söýerdim, dürli öwrediji kurslara gatnardym, şeýlelikde ejem maňa biş-düş etmegi öwretmedi…Hamana hemişe göz alnynda bolaýjak ýaly, menden talabam edilmezdi.

Lälik terbiýäm durmuşda birnäçe kynçylyklary döretdi. Biş-düş edip görmedik halyma, gelen öýümde-de gaýynenemiň ynjyk bolmagy meni birbada aljyratdy. Indi näme etmeli? Boýun alsam-da, almasam-da biş-düş etmek, hamyr ýugrup, çörek bişirmek bu öýde meniň borjum.

Aşhana girip birlaý göz gezdirdim. Gap-gaçlar, gazan-tagan, hojalyga gerek bolan ähli zatlar bardy. Bu zatlara seredip oýa batyp durşuma, gapydan gaýynenem geldi. Görsem-baksam öýe märeke ýygnanjakmyş, gaýynenem hem olara çakylyga gidip geljek eken. «Gelin men häzir gelerin. Gutap bişirmäge başlaý. Et bilen kädini garyp edeli. Hurşunam taýýarlaý» diýdi-de gidiberdi. Meniň ýaýdanýan zadym – indi nähili hamyr etmeli, nähili gutap bişirmeli? Ine saňa gerek bolsa «biriniň körpe gyzy» diýip, ejem ýaly bu ýerde kim meniň ýüzümi sypajak, şeýle et, beýle et diýip, indi maňa kim öwretjek?

Şeýlelik bilen aljyraňly halyma telefon arkaly ejemden hamyr edilşini, gutap bişirilişini öwrendim. Az wagtym bardy. Aljyrap oturşyma şeýle bir çalasynlylyk we isleg bilen gutaby bişiripdirin welin, göräýmäge gaty kynam däl eken diýip ýere çökdüm. Ýalyklarymam gyşaryp gidendir-dä, gaýynym gapydan girenini eşitdim. «Gelin, gel men saňa kömek edeýin, görýän weli ýadapdyrsyň» —diýdi-de ýylgyrdy. Menem üm bilen gaýyneneme gutaby taýýar edendigimi edeplilik bilen aýtdym. «Haý, tüweleme, gelin jan, juda süýji bişipdir» — diýdi-de elini ýuwup, bir käse çaý bilen iýmäge oturdy. Men hem «Gaýynenem meniň göwnüme degmejek bolup, iýýärmikä ýa-da hakykatdan hem süýji boldumyka, aljyrap oturşyma dadybam görmändirin» diýip içimi gepletdim…Bir görsem okuwdan Atajan gelipdir. Ajygyp gelşine, ol hem gutapdan datdy-da iýmäge oturdy. Diýmek gaýynenem göwnüm üçin däl-de hakykatdan hem işdä bilen iýipdir. Men şu durmuş pursatymdan şeýleräk netije çykardym: Islendik işe söýgi bilen ýapyşsaň, netijesi hem islegiňe görä bolýar…


37

8

0

2

0

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Men minus basjakdym. Ön goylup goylup lenc edilen eser bolany ucin. Yone Fantom aga yaly okamadyklar bar eken....dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Belki (Şugün, 07:53)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Sag bol yetirip dur gaty gyzykly yzy !!!! Nache okasamda doyomok bir plus gitdi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Tukel (Şugün, 06:22)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


gowy. emma diňe öýiň özi bar, daş töwerek aýdylanok. waka nirede geçýäni bilinse has gyzykly boljak. gramatika taýdanam gaty gowy. meňä pragramm...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Fantom (Şugün, 05:32)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Dogamyy bar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Ayjahan (Şugün, 00:24)

KESMEÝÄN GYLYÇ


hm, başyny okamda mango myka diýdim, emma töre han münbere çykyp okap bersede boljak ekeni....dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Fantom (Düýn, 19:44)

Owadan yazuw basleșik


äý, menä häzir emeli aňa çekdirýän... ))...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Fantom (Düýn, 19:01)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Berekella! anha goşgyň gowylygyny alan like bahalaň aýtýar. köpden bäri gabat gelmedim şunça like alana! üssünnikler!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Fantom (Düýn, 18:53)

Owadan yazuw basleșik


Ile menzesh yazuwmyzam yok gatnasayly diysek...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Olya (Düýn, 18:01)

KESMEÝÄN GYLYÇ


Sun yazan islendik eserini okanymda dalini dinlap oturan yaly duyyan ozumi....dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Belki (Düýn, 16:42)

KESMEÝÄN GYLYÇ


Minnetdar ýetireniňize....dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Pearl (Düýn, 16:15)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика