Ýürekdeş sözler!
gizem-avjisi : Adam hemme zady bilyandirin oydip kopzady bilmeyandigine goz yetirya
Her ýana
Betinden Sebap [2m] 03.06.2025 / 09:05 Lekum dinukum we liýe din
Ýarsyzlykdan ýaman iş ýok,
Göz salyp gezsem her ýana.
Ýa, ýaradan, bir ýar bergil,
Köp muşakgat degdi jana.
Bir ýar bergil etli-ganly,
Köňli giň, göwsi meýdanly,
Dil bilen, akly kemally,
Ýüzi hem bolsun görkana.
Gadyr bilenden daş etme,
Nägadyra ýoldaş etme,
Til bilmez bela duş etme,
Sada dil bolsun – türkana.
Keremiň güçlüdir, görgül,
Diýr sen: “Doga kyl, el gergil”.
Ne berseň, tizräk bergil,
Ygtybar ýokdur bu jana.
Boýy uzyn, pes bolmasyn,
Hetden aşa mes bolmasyn,
Akylsyz, näkes bolmasyn,
Sadadan bolsun – türkana.
Ýagşy aýal ele gelmez,
Nadan ýagşyň gadryn bilmez,
Aýalsyza mydar bolmaz,
Dönseň häkim Süleýmana.
Derwüşlere ýolsuzlygy,
Ýigitlere malsyzlygy,
Ylahy aýalsyzlygy
Görkezme hiç musulmana.
Magtymguly, köýsem, bişsem,
Ynanmazlar oda düşsem,
Höwesim bar, bir gyz guçsam,
Diýsem sözümni erkana.
Magtymguly Pyragy
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Komek gerek.
Itin amsady ola dowabit duruzya baryanda ozune duruzya doretyan yorute gusli imolarda edip bolyandyr telin versiasy 5 den uly bolmaly yorute post...
dowamy...Komek gerek.
Imo girip barmagyň bilen 2 3 gezek çepe syr. Kontaktlaň çykar. soňra o ýerde Создать diýeni tapyp isleseň kanal isleseň grup açyp bilersiň...
Emm...
dowamy...Gidende
Bularyň baryny 1 mowzuk edip goşgylar diýip açaýmaly ekeniň!
bunça mowzuk nämä gerek?
äý näbileýindä...
Şahyr girdi aÿralygyñ ÿoluna,
Durmuş se...
dowamy...
Ýokaryk