Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Orazjan : Dana kishi aýdypdyr: - baýlyk bar aýbyñy ýapýar.

Forum | KÖMEK GEREK | Umumy

PSIHOLOGIÝA ÝALANY
 Özümiziňki
 Khanture00 [off]
 03.06.2025 / 12:58
 Fe inne mea'l'usri yusran, inne mea'l'usri yusran

PSIHOLOGIÝA ÝALANY


Psihologiýasy iň bozuk jemgyýet jahylyýet döwründäki arap jemgyýeti bolupdy. Adamlar atasynyň mirasyna ir eýe çykmak üçin öz atasyny öldürip, jesedini duşmanynyň ýa-da dawalaşan ynsanynyň meýdanyna taşlaýardy. Soňra Pygamberimiziň (s.a.w) ýanyna gelip, "Atamy biri öldürdi, jesedini meýdanda tapdym" diýip, aýdýardylar. Pygamberimiz (s.a.w) olaryň sözlerine ynanýardy. Käbir alymlar "Zümer" süresiniň 19-njy aýatynyň inmeginiň sebäbini şular ýaly wakalar bilen baglanyşykly diýip, şeýle düşündirýärler: "Alla, gözleriň hyýanatyny we ýürekleriň içindäki gizlin zatlary hem görýär".

Bu gün ýalan enjamy adamzadyň ýalanlaryny we hyýanatlaryny dolulygyna ýüze çykarýar. Göz we gaşlaryň hereketlerinden peýdalanyp, näme diýilýänini analiz edýär. Biz jahylyýet döwrüniň psihologiki bozulmalarynyň esaslaryna dolanyp gelýäris. Jahylyýet döwri "Sen meniň duşmanym!" diýip, birek-biregi öldürýänler, öz gyzlaryny diri halda jaýlaýanlar, aýallaryny bir erkekden başga erkeklere tabşyrýan bozuk bir jemgyýet bolupdy. Şol döwürde pygamberimiz (s.a.w) bu bozuk halky nähili tälim-terbiýe bilen maslahatlandyrdy?

• Pygamberimiz (s.a.w.) olara şu dört ýörelge bilen ýüz tutdy:

1. Allaha we ahyret gününe ynanan adam gowulyk bilen gürlesin ýa-da dymyp otursyn.

2. Gowy ahlakly musulman özüne degişli bolmadyk zatlara goşulmasyn.

3. Gazaplanmasyn.

4. Özüne halan zady doganyna hem halal görsün.

Bu dört ýörelge özüňi terbiýelemek üçin ajaýyp nusgalar bolup durýar. Biraz oýlansaňyz, bu gün biziň ähli etýän işlerimiziň tersi edilýär. Biz psihologiýany öz dini bähbitlerimize garşy ulanýarys we din bilen baglanyşykly bar zatlary Ýewropadan öwrenýäris. Fatih Soltan Mämmediň goşunyndaky esgerleriň ýaşlary 16-22 ýaş aralygyndady.

• Psihologiýanyň "geçiş döwri" baradaky ideýasy hakynda hiç oýlanýarmysyňyz?

Psihologlar 14-20 ýaş aralygyndaky ýaşlary "geçiş döwri" diýip atlandyrýarlar. Käte bu döwürdäki wakalara "häzir ol geçiş döwründe ahyryn" diýip bahana tapýarys. Bu bolsa şol ýaşlaryň jogapkärçiligini azaltmak we olaryň işlerini ýeňilleşdirmek maksady bilen öňe sürülýär. Emma Kurany Kerim we hadyslarda beýle döwrüň bardygy barada hiç hili ýatlama ýok. Yslam taryhyndan mysal getirsek:

- Abdyrahman Nasr ýigrimi bir ýaşynda Andalus döwletini dolandyrýardy we döwlet üýtgetmelerini amala aşyrdy.

- Fatih Sultan Mämmet ýigrimi iki ýaşynda döwüriniň iň uly hökümdarydy we Konstantinopoluň ýeňilmezek hasaplanýan gala diwarlaryny böwsüp ýeňiş gazandy.

- Usama ibn Zeýd on sekiz ýaşynda bolup, Ebu Bekir Syddyk we Omar ibn Hattabyň özünden ululygyna garamazdan, yslam goşunynyň serkerdesi edilip bellendi.

- Muhammet Kasym on ýedi ýaşynda Päkistan bilen Hindistan araçägindäki Sind welaýatyny ýeňip aldy.

- Sagd ibn Ebu Wakgas on ýedi ýaşynda Pygamberimiziň (s.a.w.) maslahat geňeşiniň alty agzasynyň biri boldy. Pygamberimiz (s.a.w.) oňa "Men özümiň kömekçimi Sagdy saýlap alýaryn" diýip, berk ynam bildiripdi.

- Erkam ibn Ebu Erkam on alty ýaşynda öýüni Pygamberimize (s.a.w.) berip, oňa on üç ýyllap hyzmat etdi.

- Talha ibn Ubeýdullah on alty ýaşynda uruşlarda Pygamberimiziň (s.a.w.) janyny gorap, ähli garşy durmalara garşy söweşdi.

- Zubeýr ibn Awwam on bäş ýaşynda bolup, pygamberimiz (s.a.w.) oňa "Meniň ýakyn kömekçim we yslam üçin söweşijim" diýip ýatlaýardy.

- Amr ibn Jumuah on üç ýaşynda we Muaz ibn Afra on dört ýaşynda Bedr söweşinde Ebu Jehli öldürip, taryh ýazdy.

- Zeýd ibn Sabit on üç ýaşynda wahyý kätibi bolup, on ýedi günüň içinde sürýany we ýewreý dilini kämil derejede öwrenip, Pygamberimiziň (s.a.w.) terjimeçisi boldy.

- Ymam Mälik ibn Enes fetwa bermäge on ýedi ýaşynda başlady. Ol "Medinede ýetmiş alymyň pikirine goşulmazdan fetwa bermedim" diýip aýdypdyr.

Geçiş döwrüniň ýalňyşlygyndan çykyp, çagalaryň özüne bolan ynamyny we mertebesini ösdürmegiň wagty geldi. "Geçiş döwri" diýilýän düşünje uly bir howsaladan başga zat däl. Bu düşünjäni Ýewropalylar yslama garşy ýörite strategiýa hökmünde girizdi, maksady bolsa ýaşlary öz maşgalasyndan we jemgyýetinden üzňe edip, ýok ediş strategiýasyny durmuşa geçirmekdi. Netijede, bu strategiýalar bilen üstünlik gazanyldy. Psihologiýany öwrenmek üçin hiç haçan yslamdan başga çeşme gözlemäliň.

© Marziýa SAÝDAM. ("Suwyň ysy (Suv xidi)" kitabyndan)

Terjime eden: Baýramgylyç SAPARGYLYJOW


103

26

4

9

0

0

2
Teswirler:
 Täzeje
 Mizan [off]
 03.06.2025 / 13:11

+2

Berekella, sagbol terjime edip ýetirenňe!

 Täzeje
 Mizan [off]
 03.06.2025 / 13:11

+1

Haýsy dilden terjime etdiň?


Özümiziňki
Khanture00  (03.06.2025 / 14:24) 

Mizan, öwzögüssanyň resmi dili wolon öwzökçödön täržümä ätdim

 Gerekli
 Sasiyona [off]
  Bizimde yukumuz ağirdi ama kimseye geltaşı demedik
 03.06.2025 / 13:13

+0

mlds


Öwreniji
Kesxa  (03.06.2025 / 16:44) 

Bir-a begenipsiň)

 Täzeje
 Junior [off]
 13.06.2025 / 22:14

+0

Saol

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

ADMIN GÜNI - lýul aýynyň soňky Anna güni


Birwagtlar Nowçany ýaňsylap ýazylan mowzukdy. Ýalňyşmasam @Garagujik agza ýazypdy öýdýän. Nowca lampa çalşanda otagy pyrlaýa, lampany däl. İçin...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | ADMIN GÜNI - lýul aýynyň soňky Anna güni
Rabiya (Şugün, 18:29)

Sebäp


Gowy goshgy......dowamy...
Şygryýet | Sebäp
rexha (Şugün, 17:43)

ADMIN GÜNI - lýul aýynyň soňky Anna güni


innikide mana düz...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | ADMIN GÜNI - lýul aýynyň soňky Anna güni
rexha (Şugün, 17:33)

Bagyşla meni


Bagyşlammok...dowamy...
Şygryýet | Bagyşla meni
rexha (Şugün, 17:31)

Bagyşla meni


Haý awtor diýip öldüňizleý näme bir goşgy üçin sudýa gitjek bolýaňzmy?...dowamy...
Şygryýet | Bagyşla meni
Crazy-boy (Şugün, 17:26)

Bagyşla meni


Bir görgüliň azabyny ogurlap at aljak bolýanlara nälet bolsun...dowamy...
Şygryýet | Bagyşla meni
Bentner (Şugün, 14:51)

Bagyşla meni


Hmbah, mundan gelip çykdow...dowamy...
Şygryýet | Bagyşla meni
BAY-HAN (Şugün, 14:47)

Bagyşla meni


Bäh, gowy ýazypdyr bu goşgyny diýjek bolup durdum. Edil beýdäýmeli däl eken. Bimany bolsada, öz goşgyň bolsun. Bolmadyk ýerinde düzetseň bolýa....dowamy...
Şygryýet | Bagyşla meni
Gulmahrem (Şugün, 14:42)

ADMIN GÜNI - lýul aýynyň soňky Anna güni


Admininkini gotermeda beydip...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | ADMIN GÜNI - lýul aýynyň soňky Anna güni
Domen (Şugün, 14:23)

Eje 1


...dowamy...
Şygryýet | Eje 1
@menin_dunyam (Şugün, 14:07)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика