Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Gerceknazar : Durmuş bize öwredýär gör köp zady, Internetde , kitaplarda ýok zady. @Gerçeknazar

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Magtymguly
 Betinden
 Sebap [off]
 09.06.2025 / 18:51
 Lekum dinukum we liýe din

Näçe uzaklardan görenembolsaň,
Bu günlere gözüň ýetäýdimikän?
Zada haýran galynmaýan asyrda
Saňa haýran galýar goşgyňy okan.

Beýik diýseň beýikdenem ýokarda,
Danadanam on esseräk dana sen,
Öz soragyň bilen sorag bereýin:
Aýt, bu zatlardan başga NÄME SEN?

Iki ýarym asyr ýaşan halyňa,
Şeýle döwrebap sen, şeýle täze sen,
Garaňky geçmişiň parlak ýyldyzy,
Zeminmiň sen, asmanmyň sen, NÄME SEN?

Entek-enteklerem soňuna çenli
Okalmadyk parasatly nama sen.
Muny bilýäs, hawa, muny bilýäris,
Zeminmiň sen, asmanmyň sen, NÄME SEN?

Öz diline eýe eden Ezizim,
Seni okap duýdum sözüň güýjüni.
Hasar bilen Sünt dagynyň üstünde
Görüpsiň sen dünýäniň dört künjüni.

Goşgularyň gudratyna meýmiräp,
Şeýleräjik bolandygyna ynanýan.
Agyr günde seni arka edinsem,
Aljyramda ýene saňa daýanýan.

Dag-u-derýalary dogran tebigat,
Sag bol, Pyragyny bagyşlanyňa.
Sag bol, şeýdip, bu gadymy topragy,
Bu buýsançly halky alkyşlanyňa!

Awtor:Berdinazar Hudaýnazarow


49

11

3

2

1

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Ahmal [2s]
 09.06.2025 / 19:03

+0

Berdinazar aga naman sen


Betinden
Sebap  (09.06.2025 / 19:04) 

Ahmal, hiçzadymam däl!

 Premium
 rexha [off]
  Gitmerin diýenleriň köpüsi bilen sagbollaşdyk👋🧸
 10.06.2025 / 00:13

+0

Name sen

 Gerekli
 Sasiyona [off]
  Bizimde yukumuz ağirdi ama kimseye geltaşı demedik
 10.06.2025 / 06:59

+0

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Atsyz


Agy adyna "Adam" diýip goýsaň näme?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Atsyz
Sebap (Şugün, 22:58)

Atsyz


Gowy bolupdyr goşgyň galamyň ýiti bolsun...dowamy...
Erkin mowzuklar | Atsyz
Sebap (Şugün, 22:53)

Atsyz


Agy awtory özüň bolsaň aşagyňdan niki goýda meňki ýaly...dowamy...
Erkin mowzuklar | Atsyz
Sebap (Şugün, 22:53)

Atsyz


Gaty gowy eken adyn name ucin goymadyn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Atsyz
Gulum (Şugün, 22:49)

Atsyz


Berekella, ýetirip dur...dowamy...
Erkin mowzuklar | Atsyz
BAY-HAN (Şugün, 22:33)

Kaka soygusi


Kakam meň üçin arkamda duran dagym kakam janm meň gaty Gou gosgy nace söz yazsaňam az......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Kaka soygusi
Bravee (Şugün, 22:12)

Kaka soygusi


Kakam menin ucin uly Owulyä Kakam uly dunyam Yurekde soygim Kakam menin ucin gaty kosendi Indi durmus kosenc berme kakama...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Kaka soygusi
Akademik3 (Şugün, 22:02)

Kaka soygusi


Meň çyn dostlarmyň 99%-niň kakasy ýok... Nämäň alamatyka?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Kaka soygusi
Khanture00 (Şugün, 21:49)

Bir dogan bolar


Jan jigim, biz duyn-onninlikde mowzukda agzalar bolup, gunde 1 mowzukdan artyk acmasak gowy boljak diyip karara geldik. Ol mowzuklaram copy-paste...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bir dogan bolar
Belki (Şugün, 21:35)

Bir dogan bolar


Yene 1-nji...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bir dogan bolar
BAY-HAN (Şugün, 20:56)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика