Ýürekdeş sözler!
Sebap : Biride çikip demiýor ki, şu kizi üzeni üzerim diýe
Ynamdar adam gep gezdirmez
Gerekli Sasiyona [off] 10.06.2025 / 06:37 Bizimde yukumuz ağirdi ama kimseye geltaşı demedik
Öňki döwürde iki sany dost bar eken. Günleriň birinde olaryň bir tanşy beýleki dostuny ýamanlapdyr. "Sen hakda şeýle-şeýle sözleri diýdi" diýip, öz alyny - şeýtan hyýalyny ýaňzydypdyr.
Ol esli wagtlap görme-göreşe barmandyr. Bu ýagdaýlardan bihabar beýleki dosty ynjalman başlapdyr. "Ep-esli wagtdan bäri hat-habar ýok-la. Ertir irgözinden soramaga gideýin" diýip, ýola düşüpdir. Dostunyň diridigini görüp begenipdir. Hal-ahwalyny sorapdyr, ahyry beýleki dost oňa içini döküpdir. Ýoldaşyndan gaty görendigini, öýkeländigini, "pylan wagt, pylan ýerde şeýle-şeýle diýendigini" mälim edipdir.
Dosty beýle zatlar diýmändigini her näçe aýtsa-da, "Ýok, ol habary aýdan adam ynamdardy" diýipdir.
Şonda dosty: "Ynamdar adamlar hiç haçan gep gezdirmeýär" diýip jogap beripdir...
Rehmet Gylyjow
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Bagyşla meni
Bäh, gowy ýazypdyr bu goşgyny diýjek bolup durdum. Edil beýdäýmeli däl eken. Bimany bolsada, öz goşgyň bolsun. Bolmadyk ýerinde düzetseň bolýa....
dowamy...
Ýokaryk