Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Bashimow_Toyly : Ben seni bir damla sudan kıskanırken meğer sen ne yağmurlarda ıslanmışsın

Forum | KÖMEK GEREK | Umumy

"Agla gözlerim gan agla..."
Premium
 Sebap [off]
 12.06.2025 / 09:42
 Lekum dinukum we liýe din

Geçen asyrda, ondan öňem gyzylbaşlar Garrynohury özlerine tabyn etjek bolup, hälişindi parahat oturan obanyň üstüne çozuş edip durupdyrlar. Nohurlylar bolsa azdyklaryna garamazdan, öz arnamyslaryny gorap, gyz-gelinleri gyzylbaşlaryň eline bermejek bolup söweşipdirler. Bir sapar gyzylbaşlaryň köp sanly goşuny duýdansyzlykda gelip, Nohuryň hemme ýoluny we töweregini baglaýar. Goňşy obadaky türkmenlere habar ýetirmäge hiç hili puryja galmandyr. Nohurlylar gala gabalýarlar. Gazaply söweşlerden soň, gyzylbaşlara galany almak başardypdyr. Kürtler galany basyp alanlaryndan soň, bar mallary olja alýarlar, gyz-gelinleri-de ýesir edip, Nohurdan alyp ugraýarlar. Gije Tagarowyň dagyna ýetýärler. Garaňky düşýär. Şol ýerde kürtler ýatarman bolýarlar. Garawul goýlan kürtler ýatanda, birnäçe adama gaçmak başardypdyr. Olar öz ýanlary bilen gelingyzlaryň hem birnäçesini alypdyrlar. Kürtler bolsa gojalardyr çagalary, mal-garalary Eýrana sürüp äkidýärler. Bu habar şaha ýetýär. Şa «Ähli nohurlylary getirdiňizmi?« diýip soraýar. Onda «Biz ählisini getirýärdik, ýöne Tagarow dagynda gije özüni oňarýan erkekler bilen aýalgyzlar gaçdylar« diýýärler. Şa aýdýar: «Aç börüni goýup gelipsiňiz. Indi olar ýekesi ölýänçä urşarlar. Gowusy eltip öňki ýerlerinde goýuň». Şondan soň olar ýesirleri getirip, Nohurda goýup gidipdirler. Birnäçe ýyldan soň, gyzylbaşlar ýene Nohura çozuş edýär. Eýran şasy goşun serkerdesine perman beripdir: «Nohuryň bag-bakjasyny gyryp, bugdaýarpasyny atlara orup beriň, öýlerini otlaň, gaýtawul berenini öldürip galanyny ýesir edip getiriň, özlerinem Dübün (Diwin) diýen ýerde oturdyň « diýýär.
Goşun gelip Nohury gabaýar. Bakjasyny gyrýar, öýlerini otlaýarlar. Bugdaýarpalaryny göklügine atlaryna orup berýärler. Gan döküşiklik köp bolýar. Iki tarapdan hem adam ölýar. Iki aýdan soň, kürtler zor salyp, Nohury basyp alýarlar. Ýesir edip, Eýrana sürüp ugraýarlar. Şarowyň tagtasyna çykýarlar. Ýesirleri saklap, kürt goşunynyň baştutany şeýle diýýär. «Ýurt aýralygy ýaman bolar. Siziň içiňizde şahyryňyz, dessan düzýäniňiz ýokmy? Ýadygärlik galar ýaly aýtsaňyz, hup bolardy». Şonda Şyh Abdylla diýen biri gözüne ýaş aýlap, kürtlere bildirmejek bolup, gelingyzlaryň ýesir bolşuna bagyşlap, şu goşgyny aýdypdyr:

Ýesir etdi kürtler bizi,
Agla, gözlerim, gan agla.
Ýetim goýdy oglangyzy,
Agla, gözlerim, gan agla.

Nohuryň gara daglary,
Saýalydyr çynarlary.
Aýrakly-goçly daglary,
Galdy, gözlerim, gan agla.

Gyzyl başlar hüjim kyldy,
Degredaşy gurşap aldy.
Nohur türkmen ilim galdy,
Galdy, gözlerim, gan agla.

Garawulotum, suwlugym,
Üçguýudadyr ýaýlagym.
Şarowçeşmedir oýnagym,
Galdy, gözlerim, gan agla.

Ýesir boldy gelingyzlar,
Sargardy merdana ýüzler,
Gyşa döndi baharýazlar.
Agla, gözlerim, gan agla.

Bag-bakjalary gyrdylar,
Bugdaýy bişmän ordular.
Tamlarmyza ot urdular,
Agla, gözlerim, gan agla.

Kesir, Tutlygala hem Deşt,
Bizden galyp bolmaň serhoş,
Diňläň sözüm siz deňiduş,
Galdy, gözlerim, gan agla.

Manaman hem Kelet dagy,
Gyzylbaşlar boldy ýagy.
Könegümmez, Akbulagy,
Galdy, gözlerim, gan agla.

Gezdepe hem Garkyn gala,
Aýydere, Çarbag bile,
Gyzgelinler seýran kylar.
Galdy, gözlerim, gan agla.

Gyzylbaşlar saldy dawa,
Ot goýdular Nohur oba.
Arçman, Börme goňşy oba,
Galdy, gözlerim, gan agla.

Kesearkajyň düz sährasy,
Gumda gezer baý çarwasy.
Iner, maýaarwanasy
Galdy, gözlerim, gan agla.

Abdylla diýr, ýigitlerim,
Aryny alar mertlerim,
Bizden galsyn şu atlarym,
Galdy, gözlerim, gan agla.

1990 ý, oktýabr.
Halk döredijiligi we rowaýatlar


44

8

0

3

0

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

ADMIN GÜNI - lýul aýynyň soňky Anna güni


Birwagtlar Nowçany ýaňsylap ýazylan mowzukdy. Ýalňyşmasam @Garagujik agza ýazypdy öýdýän. Nowca lampa çalşanda otagy pyrlaýa, lampany däl. İçin...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | ADMIN GÜNI - lýul aýynyň soňky Anna güni
Rabiya (Şugün, 18:29)

Sebäp


Gowy goshgy......dowamy...
Şygryýet | Sebäp
rexha (Şugün, 17:43)

ADMIN GÜNI - lýul aýynyň soňky Anna güni


innikide mana düz...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | ADMIN GÜNI - lýul aýynyň soňky Anna güni
rexha (Şugün, 17:33)

Bagyşla meni


Bagyşlammok...dowamy...
Şygryýet | Bagyşla meni
rexha (Şugün, 17:31)

Bagyşla meni


Haý awtor diýip öldüňizleý näme bir goşgy üçin sudýa gitjek bolýaňzmy?...dowamy...
Şygryýet | Bagyşla meni
Crazy-boy (Şugün, 17:26)

Bagyşla meni


Bir görgüliň azabyny ogurlap at aljak bolýanlara nälet bolsun...dowamy...
Şygryýet | Bagyşla meni
Bentner (Şugün, 14:51)

Bagyşla meni


Hmbah, mundan gelip çykdow...dowamy...
Şygryýet | Bagyşla meni
BAY-HAN (Şugün, 14:47)

Bagyşla meni


Bäh, gowy ýazypdyr bu goşgyny diýjek bolup durdum. Edil beýdäýmeli däl eken. Bimany bolsada, öz goşgyň bolsun. Bolmadyk ýerinde düzetseň bolýa....dowamy...
Şygryýet | Bagyşla meni
Gulmahrem (Şugün, 14:42)

ADMIN GÜNI - lýul aýynyň soňky Anna güni


Admininkini gotermeda beydip...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | ADMIN GÜNI - lýul aýynyň soňky Anna güni
Domen (Şugün, 14:23)

Eje 1


...dowamy...
Şygryýet | Eje 1
@menin_dunyam (Şugün, 14:07)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика