Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Owadanjam : Gyz bolmak gaty kyn:Söýüşsen samsyk,söýüşmeseñ ulumsy,Gövün bersen ýeñil,Yryp bilmeseler-?️gepini ederler

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Eliň aýasynda ereýän metal
 Betinden
 Sebap [1s]
 16.06.2025 / 18:48
 Lekum dinukum we liýe din

Himiýa älemine syýahat edilende islendik adam özüni başga bir dünýä düşen ýaly duýýar. Himiýanyň syrly güýçleri adamy haýrana galdyrýar. Himiýa bolmagy mümkin däl diýilen birnäçe hadysalaryň hem mümkündigini açyp görkezýär. Bize görünýän zatlaryň hemmesi daşdan görnüşi ýaly däldir. Eliň aýasynda ereýän metal munuňaýdyň subutnamasydyr. Metallaryň gaty jisimdigi hemmä mälimdir. Özi gaty jisim bolsa ol nädip eliň aýasynda eräp bilýär?- diýen sorag hemmä gyzykly bolsa gerek! Eliň aýasynda ereýän metal galliý metalydyr.

Eliň aýasynda ereýän metal diýlende ilkinji nobatda bu metal simapdyr diýip pikir edýärler. Bu ýalňyş, sebäbi simap aslynda suwuk metaldyr. Galliý bolsa haçanda galtaşýan meýdanynyň temperaturasy 29,76 C0 temperaturadan ýokarlansa eräp başlaýar. Ol adatça ýumşak plastiki metaldyr. Daşky temperatura bu metala täsir etmeýär, düzümi durnukly ýagdaýda saklanýar. Bu bolsa onuň iň ajaýyp täsinligidir. Temperatyranyň täsir edip başlamagy üçin haýsy hem bolsa bir üst bilen galtaşmagy zerurdyr. Adam bedeniniň temperaturasy bolsa kadaly ýagdaýda 36,6 C0 deňdir. Ony erän wagty galtaşýan meýdandan daşlaşdyrsaň derrew gatap başlaýar. Bu diýildigi galliý metalyna eliň aýasynda saklap eredip islen şekliňi berip bilmek diýmekdir. Öňki döwürlerde bu metalyň kömegi bilen birnäçe gözbagçylyklar amala aşyrylypdyr. Şol döwürde bu metala jadyly demir diýipdirler.

Aslynda metallary eretmek üçin birnäçe işler ýerine ýetirilmelidir. Netijede zyýanly maddalar hem emele gelip biler, emma galliý metalyna bu häsiýet mahsus däldir. Onuň ereme häsiýeti hiç hili zyýanly madda emele gelmezden bolup geçýär. Galliý metallaryň ýeňil metallar toparyna degişlidir. Onuň tertip belgisi 31, “ Ga” bolsa simboliki belgisidir. Ol kümüşsow reňkli we birazajyk ýylpyldysy bolan metaldyr. Galliý tebigatda erkin ýagdaýda düş gelmeýär, ony diňe birlşmeleriň düzüminde tapmak bolýar . 1875-nji ýylda elementleriň tapylmagyndan başlap ýarymgeçirijiler barada doly maglumat toplanýan wagt aralygynda splawlar esasan galliý metalynyň gatnaşmagynda taýýarlanýardy. Häzirki wagtda galliý mikroelektronikada giňden ulanylýar.

Ogulgerek ZAKIRJANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby


33

13

1

7

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 --Diamond-- [16s]
 Düýn, 17:44

+0

Akyllyja joram, gouja maglumat eken !


Betinden
Sebap [1s] (Düýn, 19:22) 

--Diamond--, sagbol tatlim yitip gitdina gowmy yagdaylaryn?


Täzeje
--Diamond-- [16s] (Düýn, 22:47) 

Sebap, ai howwa goudam sen


Betinden
Sebap [1s] (Düýn, 23:24) 

--Diamond--, sukur yagsy menem

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Sasiyona gyzlara nämeleri maslahat berýär


mowzukda haysy sasiyonan sozleri haysy açanyn sozleri dushunip bilmedim kelle bulashdy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sasiyona gyzlara nämeleri maslahat berýär
Diamante (Şugün, 00:18)

Özüňi tana


eşek diyipbatyraoou...dowamy...
Erkin mowzuklar | Özüňi tana
Diamante (Şugün, 00:07)

"ÝALŇYZLYK"


Ajayyp...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | "ÝALŇYZLYK"
rexha (Düýn, 23:15)

MANYLY SETİRLER...


Awtorlyk hukugy senkimi...dowamy...
Erkin mowzuklar | MANYLY SETİRLER...
Ahmal (Düýn, 22:35)

Özüňi tana


Doglan aýyña gora hasiyetini aydyp beryane gabat geldim welin, mysal işledip tapylýanyny erkek ýaly birinji gezek gördüm. Abraý ölmelow, yogsa he...dowamy...
Erkin mowzuklar | Özüňi tana
Ahmal (Düýn, 22:33)

Käbir ýyldyzlaryň gizlin ikinji şahsyýeti


ESET dogry😐...dowamy...
Erkin mowzuklar | Käbir ýyldyzlaryň gizlin ikinji şahsyýeti
Aixcam_nx (Düýn, 22:27)

Käbir ýyldyzlaryň gizlin ikinji şahsyýeti


Sunbulani iydiniz-may...dowamy...
Erkin mowzuklar | Käbir ýyldyzlaryň gizlin ikinji şahsyýeti
Belki (Düýn, 22:21)

Özüňi tana


Yylan boldum birinji synanysykda ikinjide esek😁😁...dowamy...
Erkin mowzuklar | Özüňi tana
Aydymcy_Jemile (Düýn, 22:18)

Keseki däldigimi bildim aç-açan…


Iberjekdim diyya sonam yatybersinler diyya nadip dushunerkam...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Keseki däldigimi bildim aç-açan…
rexha (Düýn, 22:08)

Keseki däldigimi bildim aç-açan…


Aý, bolýa-da, geçen geçdi diýeli, Goýdum seni hakydamyň töründe. Sawçylyga iberjekdim ejemi, …Goý, olam rahat ýatsyn göründe....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Keseki däldigimi bildim aç-açan…
rexha (Düýn, 22:07)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика