Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Боль души — это соль невыплаканных слез.

Forum | KÖMEK GEREK | Umumy

Ýylan ýylynda doglanlar
Premium
 BAYOGUL [2s]
 17.06.2025 / 07:09
 Yurekdesh.ru

Ýylan ýyly müçe ýyl hasabyna görä on iki ýylyň altynjysy.

Ýylan ýylynda dogulan adamlar nähili häsiýetleri bilen tapawutlanýarlar?
Gündogarda ýylan akyllylygyň nyşany hasaplanýar. Ýylan ýylynda dogulanlar ýiti akyllylygy we pähimliligi bilen tapawutlanýar. Olar köp geplemeýär, tersine pähim-paýhas bilen iş görýärler. Eger-de şu ýylda dogulan adamlar ýokary bilime eýe bolsalar, onda olaryň paýhasy daş ýaryp, köp zady öňden görüp biler. Bularyň gatnaşygynda duýgular, täsir hem-de özara sylaşyk uly orun tutýar. Bu adamlaryň hamana alty duýgusy bar ýaly. Her bir başlan işlerini hökman ahyryna çenli ýerine ýetirýärler, şowsyzlyga örän seýrek uçraýarlar. Häsiýeti boýunça sowukganly bolsalar-da, örän çalt karara gelmegi başarýarlar we işiň gözüni bilýärler. Käbirleri gysganjyrak bolýar, karz pul bermegi halamaýar. Şol bir wagtyň özünde-de, kyn ýagdaýa düşen adamlara nebsi agyryp, olara kömek berýär.

Ýylan ýylynda dogulanlar sähel kömek berse, diline çolap eden işini çişirip görkezýärler, şonuň üçin oňarsaň olaryň kömeginden gaça durmak gerek. Pula gezek gelende örän bagtly. Olar islendik wagty geregiçe pul tapyp bilýärler. Garran çagy köpüsi gysganja öwrülýär.

Bular işe çyny bilen ýapyşýarlar we köp işlemekden gaçmaýarlar, şonuň bilen birlikde az-kem ýaltaçylygy hem bar.

Söýgüde özüne ýoldaşy erkin saýlap tutýar, gabanjaň we ynjyk. Maşgala durmuşyna ýeňilkellelik bilen garaýandyklary üçin, köp kynçylyklary başdan geçirýärler. Bir wagtda birnäçe adam bilen söýgi gatnaşyklaryna girýärler. Bu olaryň iň gowşak tarapydyr. Diňe uly maşgalasynyň bolmagy olara bu babatda päsgelçilik döredip biler.

Ýylan ýylynda dogulan aýallar örän owadan bolýar. Olaryň özüne göwni ýetýär.

Ýylan ýylynda doglanlaryň durmuşy nähili bolýar?
Ömrüniň birinji bölegi asuda geçýär. Orta ýaşlarynda duýgularynyň täsirine düşýär we durmuşy lezzetli geçirmäge çalyşyp, köp azara galýar.

Ýylan ýylynda doganlar kimler bilen durmuş gursa bagtly bolar?
Bularyň 🐮 sygyr ýa-da 🐔 Towuk ýylynda dogulanlar bilen guran nikasy bagtly bolar. Bijin ýylynda dogulanlar durmuş gurmak üçin amatsyz hasaplanýar. Bars we Doňuz ýylynda dogulanlar bilen nikasy bagtsyzlyk getirmegi mümkin.

Ýylan ýyly haýsy ýyllar?
Olar: 1953, 1965, 1977, 1989, 2001, 2013, 2025, 2037, 2049, 2061, 2073, 2085, 2097 ýyllar.


39

5

1

1

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 17.06.2025 / 19:29

+0

Saytda kimler yylan yyly???

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

ADMIN GÜNI - lýul aýynyň soňky Anna güni


Birwagtlar Nowçany ýaňsylap ýazylan mowzukdy. Ýalňyşmasam @Garagujik agza ýazypdy öýdýän. Nowca lampa çalşanda otagy pyrlaýa, lampany däl. İçin...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | ADMIN GÜNI - lýul aýynyň soňky Anna güni
Rabiya (Şugün, 18:29)

Sebäp


Gowy goshgy......dowamy...
Şygryýet | Sebäp
rexha (Şugün, 17:43)

ADMIN GÜNI - lýul aýynyň soňky Anna güni


innikide mana düz...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | ADMIN GÜNI - lýul aýynyň soňky Anna güni
rexha (Şugün, 17:33)

Bagyşla meni


Bagyşlammok...dowamy...
Şygryýet | Bagyşla meni
rexha (Şugün, 17:31)

Bagyşla meni


Haý awtor diýip öldüňizleý näme bir goşgy üçin sudýa gitjek bolýaňzmy?...dowamy...
Şygryýet | Bagyşla meni
Crazy-boy (Şugün, 17:26)

Bagyşla meni


Bir görgüliň azabyny ogurlap at aljak bolýanlara nälet bolsun...dowamy...
Şygryýet | Bagyşla meni
Bentner (Şugün, 14:51)

Bagyşla meni


Hmbah, mundan gelip çykdow...dowamy...
Şygryýet | Bagyşla meni
BAY-HAN (Şugün, 14:47)

Bagyşla meni


Bäh, gowy ýazypdyr bu goşgyny diýjek bolup durdum. Edil beýdäýmeli däl eken. Bimany bolsada, öz goşgyň bolsun. Bolmadyk ýerinde düzetseň bolýa....dowamy...
Şygryýet | Bagyşla meni
Gulmahrem (Şugün, 14:42)

ADMIN GÜNI - lýul aýynyň soňky Anna güni


Admininkini gotermeda beydip...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | ADMIN GÜNI - lýul aýynyň soňky Anna güni
Domen (Şugün, 14:23)

Eje 1


...dowamy...
Şygryýet | Eje 1
@menin_dunyam (Şugün, 14:07)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика