Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Chocolate : Umytdan düşülensoň hyýala münülenok...

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

🐷Doñuz ýylynda doglanlar
Premium
 BAYOGUL [on]
 Düýn, 07:19
 Yurekdesh.ru

Doňyz ýyly müçe ýyl hasabyna görä on iki ýylyň on ikinjisi. Rowaýat etmekerine görä, Doñuz (gara keýik) ýylynda dogulanlaryñ ömürboýy päklikde ýaşamaklary gerek, hapalyk bular üçin hatarlydyr. Maksada okgunlylygyñ çägi ýok, bu babatda hiç kim bulara bäs gelip bilmeýär. Bularyñ dosty az, emma dostlaryny örän gadyrly tutýar. Olar üçin özüni oda-suwa urmaga taýýar. Häsiýetinde edermenlik ýaly oñat aýratynlyk bar. Olara syryñy arkaýyn ynanmak bolar. Hiç haçan adam satmaz ýa-da aldajak bolmaz. Her bir işe ak ýürek, jany-teni bilen ýapyşýar. Diñe hakykat ýolundan gidýär. Mert hem-de päk adamlar. Şol bir wagtyñ özünde-de, örän ynanjañ, sada hem-de biçäredirler. Olaryñ añsat göwnüne degýärler.

Esasan parahat häsiýetli, arasynda “gepçileri-de” bolaýýar. Köp geplemeýärler, ýöne çakdanaşa bilesigeliji, köp okaýarlar, bar zatdan habarly. Emma bilimini düýpli barlap görseñ, onuñ juda doly däldigine göz ýetirýärsiñ. Pul babatynda aýdylanda, olar hiç wagt pulsuz galanoklar. Olarda elmydama gowy işem, pulam bolýar. Munuñ üçin agyr zähmetem sarp etmeýärler. Ynanjañ bolandyklary üçin köplenç aldawa düşmekleri mümkin we işleriniñ bulaşybermegi ahmal. Şonuñ üçin habardarrak bolmaklary gerek. Eger-de olara ýokary derejelere ýetmek üçin kömek edýän bolsalar, ony inkär etmesinler, peýdalansynlar, sebäbi bu olara bähbit getirer.

Oýun oýnamaga ökde, ýöne oýnuñ keýpini bilmeýärler. Ýalan sözlemeýärler, sözläýenlerinde hem kyn ýagdaýda, özüni goramak üçin şeýdýärler. Daşyndan seretseñ ýönekeý görnüşi bardyr. Olarda erkiñ we gujuryñ zordugyny birbada duýmarsyñ. Her zat barada karara geljek bolsalar “boljak”, “bolmajagy” gowy ölçerip görýärler, olaryñ uzak wagtlap oýlanyşýandygyny görenler, näme etmelidigini bilmeýändir öýdýärler. Emma bu beýle däl. Etmeli işini juda gowy bilýärler, ýöne ýalñyşmazlyga çalyşýarlar, şeýdibem käwagt pursady elden berýärler. Doñuz ýyly dogulan aýallar sylagy we kiçijik şagalañlary gowy görýärler. Olar juda hojalykçy we mährem enelerdir.

Doñuz ýylynda doglanlaryň durmuşy nähili bolýar?
Doñuz ýyly dogulanlaryñ durmuşynyñ birinji we ikinji böleginde her hili kynçylyklar bolýar. Ýöne başyna nähili kyn gün düşse-de çekinjeñlik zerarly hiç kimden kömek soramaýar. Ömrüniñ üçünji böleginde asuda ýaşaýar.

Doñuz ýylynda doganlar kimler bilen durmuş gursa bagtly bolar?
Doñuz ýylynda dogulanlar 🐰 Towşan we 🐑 Goýun ýylynda dogulanlar bilen durmuş gursa gowy. Bijin ýylynda dogulanlar bilen durmuşy amatsyz bolar. Ýylan ýyly dogulanlar bilen guran durmuşy oña bagtsyzlyk getirer.

Doñuz ýyly haýsy ýyllar?
Doñuz ýyllary: 1911, 1923, 1935, 1947, 1959, 1971, 1983, 1995, 2007, 2019, 2031, 2043, 2055, 2067, 2079, 2091


22

8

1

1

0

0

1
Teswirler:
 Betinden
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 Düýn, 19:38

+0

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Sasiyona gyzlara nämeleri maslahat berýär


mowzukda haysy sasiyonan sozleri haysy açanyn sozleri dushunip bilmedim kelle bulashdy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sasiyona gyzlara nämeleri maslahat berýär
Diamante (Şugün, 00:18)

Özüňi tana


eşek diyipbatyraoou...dowamy...
Erkin mowzuklar | Özüňi tana
Diamante (Şugün, 00:07)

"ÝALŇYZLYK"


Ajayyp...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | "ÝALŇYZLYK"
rexha (Düýn, 23:15)

MANYLY SETİRLER...


Awtorlyk hukugy senkimi...dowamy...
Erkin mowzuklar | MANYLY SETİRLER...
Ahmal (Düýn, 22:35)

Özüňi tana


Doglan aýyña gora hasiyetini aydyp beryane gabat geldim welin, mysal işledip tapylýanyny erkek ýaly birinji gezek gördüm. Abraý ölmelow, yogsa he...dowamy...
Erkin mowzuklar | Özüňi tana
Ahmal (Düýn, 22:33)

Käbir ýyldyzlaryň gizlin ikinji şahsyýeti


ESET dogry😐...dowamy...
Erkin mowzuklar | Käbir ýyldyzlaryň gizlin ikinji şahsyýeti
Aixcam_nx (Düýn, 22:27)

Käbir ýyldyzlaryň gizlin ikinji şahsyýeti


Sunbulani iydiniz-may...dowamy...
Erkin mowzuklar | Käbir ýyldyzlaryň gizlin ikinji şahsyýeti
Belki (Düýn, 22:21)

Özüňi tana


Yylan boldum birinji synanysykda ikinjide esek😁😁...dowamy...
Erkin mowzuklar | Özüňi tana
Aydymcy_Jemile (Düýn, 22:18)

Keseki däldigimi bildim aç-açan…


Iberjekdim diyya sonam yatybersinler diyya nadip dushunerkam...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Keseki däldigimi bildim aç-açan…
rexha (Düýn, 22:08)

Keseki däldigimi bildim aç-açan…


Aý, bolýa-da, geçen geçdi diýeli, Goýdum seni hakydamyň töründe. Sawçylyga iberjekdim ejemi, …Goý, olam rahat ýatsyn göründe....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Keseki däldigimi bildim aç-açan…
rexha (Düýn, 22:07)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика