Ýürekdeş sözler!
Nesip : Söýgä düşünýänem ýok, düşünmeýänem.:@nesip
Çarhly dişler...
Betinden Sebap [off] Şugün, 01:56 Lekum dinukum we liýe din
Wakalara gömlüp ýatan çagalyk,
Şemal ýaly şuwlap geçip gidipdir.
Garagumda böküp oýnan tümmeklem,
Şol çagalyk ýaly göçüp gidipdir.
Ýaşym ýadymda däl bäşmi ýa alty,
Kakamyñ ýanyna çöle gelipdim.
Onuñ wezipesi sadaja, çopan,
Menem oña gowşajykja çolukdym.
Garaz daş töwerek depelik, gumluk,
Aý ýene-de näme...çerkezdir, sazak...
O ýerde dükanam,satyjyda ýok,
Biziñ goşda bolsa tükäpdi azyk.
Şonda soñky galan gaty çöregi,
Kakam görüp,tyrkyldadyp iýşimi,
Diýdi : "Berekella iýiber oglum,
Gaty çörek çarhlaýandyr dişiñi"
Şondan soñam kän-kän dişler çarhlandy,
Çörek sebäp ýaly ýitiliklerne...
Kakam mamla eken,ötüp dur bu gün,
Çarhly dişler ömrüñ gatylyklarna...
Kerim Hallyýew
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Garynjalar
garynjalar zähmet söýer welin , dişleselerem erbet dişleýärlerdä , öňler telefon zat bolmamsoň garynjalary gynap oýnaýardyk...
dowamy...
Ýokaryk