Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Zehin : Ulumsy bolma. Agacdaky el yetmez yapraklar hem wagty gelse ayaklaryn asagyna dusyar

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Barlygyňda baýdyryn
Premium
 BAYOGUL [on]
 Düýn, 20:21
 Yurekdesh.ru

(Oýlanma)

Käbir zatlar ynsana tebigy taýdan berilýär. Ony ret etmek ýa kabul etmek onuň şahsy islegine bagly bolmaýar. Şol tebigylygy üýtgetmek-de, ýerini çalyşmak-da mümkin däl. Ol tebigy kanunyň hökmürowanlygy adamzat nesli tarapyndan dowamat dowam bolýar. Käte ene bilen perzendiň arasyndaky söýgi, ruhy baglanyşyk hakynda oýlanyp, onuň şol tebigy kanunyň bir maddasydygyna göz ýetirýärsiň. Şonuň üçin-de özümize ömründen ömür bagyşlan enelere bolan ýürek ýakynlygymyz, ruhy bitewiligimiz, egsilmez söýgimiz, hormat-sylagymyz hut tebigy ýagdaýdyr.

Bir zada eýelik edýän wagtyňyz, ony ýitirmekden howatyr edip gördüňizmi? Elbetde, bu kimdir birini çäksiz söýmek, şol bir wagtyň özünde-de ony ýitirmekden gorkmak bilen bagly döreýär. Ene bilen perzendiň arasyndaky ruhy baglanyşyga hemişe şu gorky kölege salýar diýip, öz ruhy dünýämden mysal alyp aýdyp biljek. Ene öz perzendinden, perzent bolsa enesinden jyda düşmekden ätiýaç edýär. Şonuň üçinem özümize iň ýakyn adamlara ilki bilen jan saglykdyr uzak ömür dileýäris…

Çäksiz ýer giňişliginden, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän suwly gurşawdan, jokramaly çöllerden, gür tokaýlyklardandyr şypaly dag-derelerden ybarat bolan ümmülmez ýer togalagy! Onuň goýnunda ýüzlerçe halk ömür sürýär. Medeniýetleriň, ýaşaýyş çäginiň, diliniň, dininiň hem beýleki aýratynlyklarynyň barlygyna garamazdan, adamzat jemgyýetini, belki-de duýgular dünýäsi ― söýmegiň, begenmegiň, gynanmagyň, hormat goýmagyň, şatlanmagyň… birmeňzeşligi bitewileşdirýändir. Ýer ýüzüniň haýsy künjegine barsaň-da, eneler öz perzendine iň gowy zatlary bermegiň aladasynda. Bu baradaky pikirlerini şahyr Annaberdi Agabaýew şeýle setirler bilen beýan edipdir:



«Eneleň gaşynda çaga bu zemin,

Goralyň zeminde birek-biregi.

Hiç bir enä çekdirmäliň perýady,-

Birdir dünýä eneleriň ýüregi!»



Adamzadyň tebigatyna ýene bir aýratynlyk mahsus. Ol elmydama öňe gitmegiň aladasynda. Şu günde ýaşaýan hem bolsa, şu gün bilen küýi ýok, ol ertiriň gamyny iýýär. Çagaka, basym ulalmagyň, ulalansoň maşgala gurmagyň, perzent söýmegiň, ony hünärli, öýli-işikli etmegiň arzuwynda. Hemmelere mahsus bolan şol isleg çagakam mende-de bardy. Şol döwürlerde göwün isleglerim seniň tagallaň bilen hasyl bolardy, käbäm. Mundan çenden aşa kanagatlanýan hem bolsam, ulalyp öz arzuwlarym birlikde seni hem wysalyňa ýetirmegi maksat edinerdim…
Indi möwrütini bitirmegini arzuwlan çagalygymyň elini bulaýlap gidenine ençe ýyl boldy. Ulularyň dünýäsine aralaşdym. Emma bu ýer meniň göz öňüne getirişimden has üýtgeşik. Bu ýerde çagalygymdaky ýaly şady-horramlyk hem ýok. Ulularyň dünýäsinde ähli zat uly eken, eje, ― alada-ünjüler-de, arzuw-niýetler-de, pikir-oýlar-da, öýke-kineler-de. Uly durmuşyň bir ujundan ýaňyrak ädimläp başlanam bolsam, bu ýoluň soňuna çykan ýaly, seniň deý mähriban, seniň deý ýürekdeş ynsana duş gelmejekdigime ilik-düwme akylym ýetýär.

Men bolsam seniň egniňe bagtdan köýnek tikip geýdiresim gelýärdi. Dost-dolamlaryň, ýakynlaryň däl, hut öz bagtymdan. Şol lybasyň tikimçisi-de özüm bolmak isledim, beýemçisi-de. Seniň gözleriň çuňlugyndan gözbaş alýan guwanjyň egsilmez gory bolmakdy niýetim. Emma mährem keşbiňe bakyp, seniň alyn saçlaryňa ýagan garlar hakda ünji edýän. Olar gitdigiçe kök urup barýar. Ýyl geçdigi saýyn hamraklygyň artýar. Owunjak aladalary-da öz gerdeniňe ýükläp, labyryňy artdyryp otyrsyň… men welin, munuň tersine bolmagy ugrunda jan çekipdir.

Käşgä maňa berýän tükeniksiz mähriň, hamraklygyň hem üns-aladaň bir ülşüni ödäp bilsem, käbäm. Şonda-ha gözlerimi armansyz ýumardym. Gözüme çiş kakylan gijelerde kellämde ýüz dürli pikirler at çapýar. Olaryň aglabasy-da sen hakynda. Ýyllar akyl maýaňy artdyryp, onuň öwezini daşky görküňden alýan ýaly aýlanyp dur. Ýüz-gözleriň nuranalygy bilen birlikde, ýyllaryň olarda goýýan ýygyrt möhürleri-de artyp gidip otyr. Olardan haýsysynyň saňa beren öz alada-ünjülerimden dörändigini bilmedim, käbäm. Ýöne her birine sebäpkär ýaly özümi öňünde günäli duýýan. Çünki gögelekäm özümiň ulalmagymy arzuw edemde, seniň gartaňlaşjagyňy bilmändirin. Käşgä seniň garrajagyňy bilen bolsadym. Şol arzuwlarymyň ganatyny ellerim bilen gyrkardym. Ömrümi seniň gujagyňda rahatlyk tapýan gundaglyja bäbejik bolup geçirmäge-de razy bolardym…

Näçe köp adamy jan-ten bilen söýdügiňçe, şonça gowşak bolýandygyň hakynda eşidipdim. Ýüregimde mesgen tutan perzentlik duýgularymy elekden geçirip, bu jümläniň doly derejede mamladygyna şübhelenýän. Çünki saňa bolan söýgi, yhlaslylyk hem ýakynlyk maňa durmuşyň çarkandakly ýollaryny geçmäge tekge, köňlüme sabyr-kanagat berýär. Saňa bolan perzentlik söýgim ýaşaýşymyň many-mazmunydyr, käbäm. Ýanymdakaň, men güýçli hem ýeňilmezek. Seniň ýanyňda durmuş aladalary-da egnimi gemrip barmaýar. Gujagyňda baş goýdugym, çogly aýalaryň bilen başymy sypap, aladalarymdan saplaýaň. Göwnüme bolmasa, olary öz ýüregiňe siňdirýän ýaly bolup dursuň…

Gözel ruhly nurana käbäm, saňa bolan söýgimi, ruhy baglanyşygymy iki sözde beýan edesim gelýär ― barlygyňda baýdyryn, saglygyňda şatdyryn. Dünýäme bezeg, durmuşyma özensiň. Iň esasy-da beren şunça bagtyň, mähir-muhabbetiň, sarp edýän wagtyň, ukusyz geçiren gijeleriň üçin muzd islemeýäň… Enäniň hiç bir zat bilen ýerini tutup bolmajak gudratdygy hem şundan ybaratdyr.

Aýsenem GURBANOWA,


10

4

0

2

0

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Doglan guniñ gutly bolsun Fantom aga


Shularyn suyji arzuvlarnyn hemmesine goshulyan. Uzak yash jan saglyk arzuv edyan...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Doglan guniñ gutly bolsun Fantom aga
rexha (Şugün, 08:24)

Doglan guniñ gutly bolsun Fantom aga


Kimay şu, öñki niki name?...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Doglan guniñ gutly bolsun Fantom aga
BAY-HAN (Şugün, 08:12)

Doglan guniñ gutly bolsun Fantom aga


Doglan güniňiz gutly bolsun! Bu gün size tüýs ýürekden ajaýyp, şatlykly we bagtly bir ýyl arzuw edýärin. Ömrüňiz uzak, beden gyzgalaňly, işleriňi...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Doglan guniñ gutly bolsun Fantom aga
Sebap (Şugün, 08:00)

Doglan guniñ gutly bolsun Fantom aga


Menem goşulýan ýaşyň uzyn bolsun...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Doglan guniñ gutly bolsun Fantom aga
Sasiyona (Şugün, 07:10)

Doglan guniñ gutly bolsun Fantom aga


Doglan gunun gutly bolsun gorjegin dine gowluk bolsun Goroglyn yasyn bersin....dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Doglan guniñ gutly bolsun Fantom aga
BAYOGUL (Şugün, 07:02)

Hiczat tötänden däl 5nji bölümi we 6njy bolumi


Soñy gowy gutardy!!!...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hiczat tötänden däl 5nji bölümi we 6njy bolumi
Bayradot (Düýn, 23:09)

SMS


"Men ölmekden gorkýan", goşgular ýygyndysy, 2018ý...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | SMS
State (Düýn, 22:33)

Söýgi — durmuşyň özeni


Gyzykly eken...dowamy...
Erkin mowzuklar | Söýgi — durmuşyň özeni
Sasiyona (Düýn, 22:25)

SMS


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | SMS
Akademik3 (Düýn, 22:03)

Aixcam nx


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Aixcam nx
Akademik3 (Düýn, 22:01)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика