Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
BAYOGUL : Dost bardyr arkada durjak✊ dost bardyr arkadan urjak?

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

“Söýgi – durmuşyň özeni”
Premium
 BAYOGUL [on]
 Düýn, 20:25
 Yurekdesh.ru

“Söýgi durmuşy many bilen doldurýar,

manynyň peýda bolmagy bilen gelejek hem peýda bolýar.”

Serge Goodman

Söýgi munuň özi kämillikdir. Adam haçanda ilkinji gezek söýmegi öwrenen mahaly kämilleşýändir. Söýgi ýaşaýyşyň başlangyjydyr, belki-de biz owadanlyk üçin söýmeýäris, belki-de söýýänimiz üçin owadan görýäris. Ýöne “Söýgi diňe iki sany ýaş-juwanyň arasyndaky yşk – duýgy” diýip düşünmek ýalňyşlykdyr. Söýgi Ýaradandadyr, Watandadyr, ene-atadadyr, çagalardadyr, tebigatda, haýwanlarda, ösümliklerdedir, söýgi seniň özüňdedir. Adam ilki bilen özüni söýmegi başarmalydyr. Özüni söýmegi başaran adam hakyky söýgä ilkinji ädimini ätýär. Özüni söýmegi başarmaýan adam ruhy taýdan çökgündir, gorkakdyr we özüne ynamsyzdyr. Özüni söýýän adamyň özüne bolan ynamy hem güýçlidir. Beýle adamlar özlerine nämäniň gerekdigni, özleri üçin haýsy zadyň dogrydygyny has gowy bilýärler.

Biz dünýä inenimizde kim bolup, nähili sypatda, nähili maşgalada, haýsy jynsda doguljagymyzy saýlamana mümkinçiligimiz ýokdy. Şonuň üçin hem, özümizi şu dünýä gelişimiz ýaly kabul etmelidiris. Hiç wagt şuny ýatdan çykarmaly däl: dünýä gelişimizi saýlamak we üýtgetmek biziň elimizde bolmasa-da, gelejegimiz, gelejege barýan ýolumyz, maksatlarymyz, arzuwlarymyz, gelejekde kim bolup ýetişjegimiz, ýetip biljek derejelerimiz biziň öz elimizde. Hemme adam üstünlik gazanyp biler, ilkinji gazanyp biljek üstünligiňiz hem özüňi söýmekdir.

Adamyň durmuşynyň hili özüne bolan söýgiden başlanýar. Ýöne özüňi söýmek bilen egoizmy baglanyşdyrmaň! Egoizm – bu daş-töweregiňizdäki adamlaryň siziň islegiňize görä ýaşamagy, hereket etmegidir. Özüňi söýmek – bu egoizm däl, özüňe bolan ynamyň has-da berkemegi, öz hakyky barlygyňy kabul etmek, özüňe göz ýetirmek, öz içki we daşky gözelligiňi görmegi başarmakdyr, öz içki dünýäňi gurnamakdyr, özüň üçin haýsy ýoluň dogrudygyny, nämäniň gerekdigini bilmekdir. Özüňi söýmek egoistlik däldir, özüňi söýmegi öwrenýänçäň başga birini hakykatdan söýmegi başarmarsyň.

Haçan-da adam özüni söýýän wagty ol beýleki adamlaryň pikirine görä hereket etmegi bes edýär, çünki beýle adamlar nähili hereket etjekdiklerini has gowy bilýärler. Olar ýakynlary we daş-töweregindäki adamlar tarapyndan berilýän maslahatlary seljerip netije çykarmagy başarýarlar.

Hakykatdan söýmek – söýýän zadyňy ýa-da söýýän adamyňy birkemsiz söýmek we onuň hakyky barlygyny kabul etmek. Hakykatdan söýmegi başarýan adam söýýän zadynda ýa-da söýýän adamsynda hiç bir kemçilik görmez. Eger-de kemçilik görýän bolsa onda ol hakyky söýgi däldir. Özüňi söýmek şertsizdir, ýagny, “Eger-de meniň burnum kiçiräk bolan bolsady, men özümi söýüp bilerdim”, “Men beýle utanjaň bolmasadym” ýa bolmasa “Eger-de men öz karýeramda şeýleräk üstünlige ýeten bolsadym, onda men..” şulara meňzeş şertleri bir gyrada goýup, özüňe öz hakyky barlygyňy, hakyky özüňi söýmäge mümkinçilik döretmelidir. Özüňizden kemçilik gözlemegi, daş-töwerekden bolsa ideal gözlemegi bes ediň! Özüňizi birkemsiz söýüp, kabul etmegi başaryň!

Beýik şahsyýet Ç.Çaplin şeýle diýýär: “Haçanda men özümi söýmäge başlanymda, her dürli ýagdaýlarda dogry ýerde we dogry wagtdadygyma, her bir bolup geçýän ýagdaýyň diňe öz gerek pursadynda bolýandygyna göz ýetirdim. Şonuň üçin hem men özümi arkaýyn duýdum we men muny “Özüňe ynanmaklyk” diýip atlandyrdym”. Diýmek, ýokarda belläp geçişimiz ýaly özüňe ynanmaklygyň başlangyjy – özüňi söýmek. Ç. Çaplin özüňi söýmek barada şeýleräk hem belläp geçipdir: “Özümi söýmäge başlanymda özümi hemme zatdan azat etdim. Saglygyma zyýanly endiklerden, naharlardan, adamlardan, wakalardan, harytlardan, maňa zyýanly täsir edip biljek näme bar bolsa şol zatlardan özümi uzaklaşdyrdym. Ilki men oňa “Egoistlik” diýýärdim, häzir bolsa men oňa “Özüňi söýmek” diýýärin.

Özüňi söýmek barada käbir beýik şahsyýetleriň aýdanlary:

“Özüňi söýmek ömür boýy sürjek bir yşk hekaýasynyň başlangyjydyr” Oskar Wilde.

“Bagtlylyk pursatlarynyň yzyndan ylga, özüňi söýmek we söýülmek üçin zorla, dünýädäki ýeke-täk hakykat bu, galany manysyz” L.N.Tolstoý.

“Özüňi söýmek beýleki ähli söýgileriň başlangyjydyr” Oşo.

“Söýmegiň nähili manysy bolardy özüňi söýmedikden soň?” Mario Lewi.


Şasenem Mürriýewa


8

3

0

2

0

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Doglan guniñ gutly bolsun Fantom aga


Shularyn suyji arzuvlarnyn hemmesine goshulyan. Uzak yash jan saglyk arzuv edyan...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Doglan guniñ gutly bolsun Fantom aga
rexha (Şugün, 08:24)

Doglan guniñ gutly bolsun Fantom aga


Kimay şu, öñki niki name?...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Doglan guniñ gutly bolsun Fantom aga
BAY-HAN (Şugün, 08:12)

Doglan guniñ gutly bolsun Fantom aga


Doglan güniňiz gutly bolsun! Bu gün size tüýs ýürekden ajaýyp, şatlykly we bagtly bir ýyl arzuw edýärin. Ömrüňiz uzak, beden gyzgalaňly, işleriňi...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Doglan guniñ gutly bolsun Fantom aga
Sebap (Şugün, 08:00)

Doglan guniñ gutly bolsun Fantom aga


Menem goşulýan ýaşyň uzyn bolsun...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Doglan guniñ gutly bolsun Fantom aga
Sasiyona (Şugün, 07:10)

Doglan guniñ gutly bolsun Fantom aga


Doglan gunun gutly bolsun gorjegin dine gowluk bolsun Goroglyn yasyn bersin....dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Doglan guniñ gutly bolsun Fantom aga
BAYOGUL (Şugün, 07:02)

Hiczat tötänden däl 5nji bölümi we 6njy bolumi


Soñy gowy gutardy!!!...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hiczat tötänden däl 5nji bölümi we 6njy bolumi
Bayradot (Düýn, 23:09)

SMS


"Men ölmekden gorkýan", goşgular ýygyndysy, 2018ý...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | SMS
State (Düýn, 22:33)

Söýgi — durmuşyň özeni


Gyzykly eken...dowamy...
Erkin mowzuklar | Söýgi — durmuşyň özeni
Sasiyona (Düýn, 22:25)

SMS


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | SMS
Akademik3 (Düýn, 22:03)

Aixcam nx


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Aixcam nx
Akademik3 (Düýn, 22:01)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика