Ýürekdeş sözler!
ELa : Live long and prosper#banditka
Bolsaň bolýar
Betinden Sebap [off] 21.06.2025 / 13:05 Lekum dinukum we liýe din
Sürmeler bozulsa gaşdan,
Baharlar aýlansa daşdan,
Tapawdy ýok haýsy ýaşda,
Sen bir zady bilseň bolýar,
Kä gözüme ilseň bolýar!
Asman hem Zemin arasyn,
Söýginiň hökmi sorasyn.
Didämiň agy-garasy,
Sen bir zady bilseň bolýar,
Maňa mydam gülseň bolýar!
Köşeşmez kalbym zary hiç,
Galan zatlaryň bary hiç.
Ýa ir bolar, ýa juda giç,
Sen bir zady bilseň bolýar,
Çakylygma gelseň bolýar!
Armanym äkider ýeller,
Goý, geň görse görsün iller,
Soňky pursat gyssam elleň,
Hem bir zady bilsem bolýar,
Ýüregiňde bolsam bolýar!
Gülşirin HANOWA
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Test
Soň gazanyp boljak zatlara seretmeli däl , esasy ýüregi sada , terbiýeli we iň gereklisi kellesi gowy işleýän bolsa bolýar. Hä birem işeňňir bolm...
dowamy...
Ýokaryk