Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Diamante_08 : Bir söz hak etmedin, ben sana roman yazdym...

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Institutyň täze binalar toplumy “Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan bina ediler
Premium
 BAYOGUL [on]
 Düýn, 19:04
 Yurekdesh.ru


Halkymyz gurmagy, döretmegi iň bir haýyrly iş hasaplaýar. Çünki, gurmak, bina etmek geljegi nazarlaýan maksatly iş bolup durýar. Sebäbi her bir gurlan desga, bina halkymyza hyzmat edýär. Bu günki gün dünýä ulňülerine laýyk gurulýan jemgyýetçilik desgalary agzybir halkymyzyň, bagtyýar ýaşlaryň göwün guşuny ganatlandyrýar.



2023-2024-nji täze okuw ýylynda binýady tutulan ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň hatarynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumy uly orun alýar. Şeýle desgalaryň sanynyň barha artýandygy ýurdumyzda bilim ulgamynyň geriminiň barha giňeýändigini tassyklaýar.



Geljekki ykballaryny ýurduň gurluşyk ulgamy bilen baglan türkmen halky ökde hünärmen edip ýetişdirmekde uly tagallalary edýän Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty häzirki zaman ylmy we taslama bilim edarasy bolup, ol 2012-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda döredildi.



Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak bilen bir hatarda binagärlik-gurluşyk, jemagat hojalygy, himiýa, energetika, senagat we ýol-ulag pudaklaryny inžener işgärleri bilen üpjün etmek Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň esasy wezipesi bolup durýar. Häzirki wagtda institutda 7 fakultet, 126 kafedra hereket edýär, olardan 3 müňden gowrak talyp bilim alýar.



Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda düýbi tutulan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5 müň orunlyk binalar toplumy «Ajaýyp-gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan bina ediler. Binalar toplumyny 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak meýilleşdirilýär.

Jemal KURBANOWA,
Türkmen döwlet binägärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.


10

4

1

2

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 BAYOGUL [on]
  Yurekdesh.ru
 Düýn, 19:05

+0

Men islap yoren firmam suwagtam su binalary gurlup yor son ucin goydum

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Gepiň ustunde...


ýetirip dur gowy eken...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gepiň ustunde...
Sebap (Düýn, 23:59)

Gepiň ustunde...


şul şahyram gowy goşgulary tüwleme...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gepiň ustunde...
Sebap (Düýn, 23:59)

Inçelik


gowy eken...dowamy...
Umumy | Inçelik
Sebap (Düýn, 23:55)

Doglan guniñ gutly bolsun Fantom aga


Fanton agam heleyinden kop yasa ...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Doglan guniñ gutly bolsun Fantom aga
Akademik3 (Düýn, 23:47)

Doglan guniñ gutly bolsun Fantom aga


Hanonna menem öz gezegimde şu Fantom agzany gutlaýan, şü ölýänçäň ýaşa dogan, onsaňam görjegiň görgi etjegiň bergi bolsun)) Elbetde oýundyr. All...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Doglan guniñ gutly bolsun Fantom aga
Anora (Düýn, 23:35)

Inçelik


Yurege degdi nerwa degmanka indi okamayyn...dowamy...
Umumy | Inçelik
Akademik3 (Düýn, 23:32)

Inçelik


Gowy eken😊👍...dowamy...
Umumy | Inçelik
Gulum (Düýn, 23:30)

Doglan guniñ gutly bolsun Fantom aga


Görjegiñ, eştjegiñ gowulyk bolsun...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Doglan guniñ gutly bolsun Fantom aga
Annadurdy (Düýn, 23:24)

Doglan guniñ gutly bolsun Fantom aga


Janyñ sag Ömrüñ uzak bolsun murtdaş...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Doglan guniñ gutly bolsun Fantom aga
Annadurdy (Düýn, 23:23)

Doglan guniñ gutly bolsun Fantom aga


Uzak ýaşa dogan...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Doglan guniñ gutly bolsun Fantom aga
Ahmal (Düýn, 22:59)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика