Ýürekdeş sözler!
Daniel : "Her bir gyyynchylykdan sonra yenillik " 94:5
Tizlik
Betinden Sebap [off] Düýn, 22:05 Lekum dinukum we liýe din
Tizleşipdir dünýä, tizleşdi zaman,
Adamlaram juda howlukýan ýaly.
"Ulalaşym gelýäý" diýýä çagajyk,
Ömrüñ ahyrynda gowluk bar ýaly.
Tizleşipdirdünýä, tizleşdi zaman,
Durmuşa düşünmän, durmuş gurulýar.
Bagtly bolsalar aýbam ýok welin,
"Dul" adyn göterýän köpelip barýar.
Tizleşipdir dünýä, tizleşdi zaman,
Äsgermän itlerem iýenok çörek.
Ynsan tapdy derdin çalt ýeñletmegi,
Peýdalymyş has-da sabyrdan, arak.
Tizleşipdir dünýä, tizleşdi zaman,
Adamlañ ýöreýşem harsy dünýälik.
Iñ peýdaly tizlik irternetiñki,
Şonam ters ulanýar goñşymyz lälik.
Tizleşipdir dünýä, tizleşdi zaman,
Saýlamak kyn düşýär gös-göni ugur.
Tizligmiz şeýlebir aşypdyr welin,
Ynsabyñ deñinde saklanmak agyr
Kerim Hallyýew
Teswirler:
Täzeje Zohre [off] Düýn, 22:07+0Gowy gosgy
BetindenSebap (Düýn, 22:09) Zohre, aha sagbol
Soňky teswirler
Ýokaryk