Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Aypipijik : Mugt zada soygi diyyadik olam indi pullynky...

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Durmuşa bolan söýgüniň gözbaşy
Premium
 BAYOGUL [on]
 26.06.2025 / 22:43
 Yurekdesh.ru

Belki-de siz “Durmuşy söýüň, durmuş sizi söýer” diýen jümläni eşiden bolsaňyz gerek. Siziň pikiriňizçe bu näderejede dogruka? Bu soraga jogap: durmuşy söýmek bilen nämäni aňladýandygymyza we durmuşyň bize bolan söýgüsi bilen nämäni aňladýandygymyza. Käbir adamlar bu sözlemi eşidip, oňa ähmiýet berýärler diýen äheňde “Häzirki wagtda durmuşymda köp kynçylyklar, meseleler, çözülmedik meseleler bar. Ähtimal, durmuş meni ýeterlik söýenok, sebäbi men ony ýeterlik söýemok. Şeýdip kynçylyklarymdan dynmak üçin durmuşy has gowy görmäge synanyşaryn” diýen netijä gelýärler. Durmuşa bolan söýgimiz kynçylyklarymyzy özi çözer, durmuşymyzy aňsat eder diýip garaşmak uly ýalňyşlyk bolar. Şeýle-de bolsa, düşünjeli ýaşaýan we üstünlik we bagt üçin ymtylýan adam üçin durmuş söýgüsiniň ýeke-täk ýagdaýdygyna ynanmak bolar. Durmuşy söýmezlik, yzygiderli azap we ejir çekmegi, hemişe nägileligi başdan geçirmegi aňladýar. Şeýle durmuşy mynasyp durmuş diýip atlandyrmak kyn elbetde. Durmuş söýgüsini saýlasak, durmuşy söýmegi öwrenip bileris. Söýgi diňe bir duýgy däl, ol özümiziň saýlap biljek we durmuşymyzy has ýokary derejä çykarýan saýlawymyzdyr. Durmuşa bolan söýgi, ähli kynçylyklara we şowsuzlyklara gözümizi ýumup bilmekdir, ol dem alýan, ýaşaýan her günüň lezzetidir. Durmuş ajaýyp zat. Ondaky esasy zat bolsa, onda göwnüňiziň aram tapjak bir zadyny tapmakdyr we töweregeňiziň diňe gowy adamlar bilen gurşalmagyny gazanmakdyr. Şuňa synanyşsak durmuş hakykatdanam gyzykly bolar. Söýgi ýokarydan adama berlen ýerdäki iň owadan duýgydyr. Söýgi adamlaryň duýgy durmuşynda iň düşnüksiz we syrly hadysadyr. Bagtly söýgi adamy ruhlandyrýar, başyny göge ýetirip bilýär. Biri şahyrana duýga eýe bolsa, beýlekisi galamdyr boýagyny ele alanyny bilmän galýar. Aşyklar duýgulary hakda bütin dünýä gygyrmak isleýärler. Söýgi diňe bir gowy sözler däl. Birek-birege hormat goýmazdan, birek-birege sabyr etmezden, iň hyjuwly söýgi uzak ýyllara çekip bilmez. Akyldarlaryň aýdyşy ýaly “Söýgini gazanmak aňsat, ýöne saklamak kyn” diýýänleri ýöne ýerden däl. 40-50 ýyl bäri bile ýaşaýan jübütleriň bagtynyň esasy düzgünleri bar. Olaryň muny sabyr, üns we hormat diýip atlandyrmagy gyzykly zat. Her kimiň kyn günlerde bil baglamak üçin ygtybarly egnini duýmagy gaty möhümdir. Köpler ýokardakylaryň hemmesi bolmasa söýginiň mümkin däldigi bilen ylalaşarlar diýip pikir edýärin. Söýgi – ajaýyp duýgy. Ol ýönekeý we kyn, ajy we gözýaş, düýşler we aýralyk diýen zatlary öz içine alýar. Söýgini düşündirip bolmaýar, ýöne oňa düşünmek üçin diňe söýmeli. Lew Tolstoý şeýle belläp geçýär: “Söýgi – durmuşyň güýji. Söýgi ähli düzgünleriň ýerine ýetirilmegi üçin düzgün”. Ilkinji söýgi her bir adamyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýedir. Ilkinji söýgi hakda aýdanymyzda, adamlar, elbetde, çagalyk ýyllaryny, çagalar bagyny, ilkinji tanyşlyklaryny, ilkinji bakyşlaryny ýada salýarlar. Hawa. Muny ýada salanymyzda ýüzlerimizde diňe ýylgyryş peýda bolýar. Ilkinji söýgi adamyň ömürboýy ýadynda galýar. Durmuşa bolan söýgi bolsa ilkinji nobatda ýakynlarymyzyň biz hakyndaky aladasy bilen döreýär. Olaryň idegi, bize okuwa bolan söýgini döredişi, durmuşda öz ornumyza tapmak üçin elinden gelen şertleri döredişleri näçe jan etsegem yzyna gaýtaryp bolmajak derejededir. Öýüň ýaraşygy bolsa, eje. Ejeler durmuşa bolan söýginiň gözbaşydyr. Bu gün men durmuşymy söýýän, sebäbi oňa bolan söýgini mende ejem oýardy. Şu ýerde şahyr Gurbandurdy Gurbansähedowyň “Dünýäniň bar görki enedir ene” diýen setiri serime dolýar.

Eje. Bu umumy söz ýaly bolup görünýär, ýöne içinde näçe mähir, ýylylyk we näziklik bar. Enäniň ýüregi söýgiden püre-pür! Dünýäde ejeden has ýakyn we eziz adam ýok. Ol göriplik etmeýär, erbet zatlar islemeýär. Onuň gözünde diňe çagasy üçin buýsanç bar. Eje elmydama sen hakda alada edýär we kyn günlerde kömek edýär. Onuň söýgüsi bütin ömrümizde ýoldaşlyk edýär. Ulalanymyzda ejemiz bize maslahat berýär. Ene söýgüsiniň güýji hemme zady ýeňýär. Uzakdan hem bu mährem ynsanyň goldawyny duýýarys. Enäniň söýgüsi iň wepaly, sebäbi eneler hemme zady bagyşlap bilýärler. Ejelerimize mähri we aladasy üçin näçe minnetdarlyk etsegem azdyr. Ol bize hoşniýetliligi, adamkärçiligi we duýgurlygy öwredýär. Ejelerimizden görelde alyp, biz hem görelde bolýarys. Tükeniksiz söýgüleri üçin biz olara minnetdar bolmaly. Olar biziň üçin bütin dünýä. Ejäniň gözleri. Ol gündizlerine ýagty şöhle, agşamlaryna nurly şöhle bolup ykballarymyza nur çaýýar. Mähri bilenem çoýýar. Biz olaryň gulagymyza huwwalan aýdan hüwdileri, üwrän sallançaklarynyň bady bilen şu derejä geldik. Neneň onsoň bu durmuşy söýmejek!



Ahmet ATANYÝAZOW,


24

8

1

2

0

0

1
Teswirler:
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Test


Men pikrimce garyp bolsada bay bolsada wepalylyk yone bu durmusda indi kabir gyzlar pula uns beryar yone pul tukenyan zat yagdyn pul sun bolsa er...dowamy...
Erkin mowzuklar | Test
Aydymcy_Jemile (Şugün, 17:44)

Test


Gormegey, yuregi ak, akylly oglan bolsa yetik. Ozum ekleyan )...dowamy...
Erkin mowzuklar | Test
Belki (Şugün, 17:14)

Test


Pul hemme ýerde birinji rol oýnaýar. Galanlar eýýäm wagtyň geçmegi bilen öz rollaryny oýnap başlaýar. Häzirki döwürde jübsünde it uwlap duran og...dowamy...
Erkin mowzuklar | Test
Maleficent (Şugün, 17:14)

Ýürekdeşde nähili mowzuklary göresiňiz gelýär?


Okosalar men öňki ýaly "Tekiz Ýer" teoriýalarma başlaýsammykam diýýämikäm diýjek bolýamykam diýip aýtýamykam diýýän...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýürekdeşde nähili mowzuklary göresiňiz gelýär?
Khanture00 (Şugün, 17:12)

Ýürekdeşde nähili mowzuklary göresiňiz gelýär?


Wagt ýitirip okanyňa görä, özüne çekiji, many-mazmuna ýugrulan saýlama eserlerden mowzuk goýulaýsa gowy boljak. Saýtdaşlarmyzyň içinde-de köp, dö...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýürekdeşde nähili mowzuklary göresiňiz gelýär?
Gulmahrem (Şugün, 16:52)

Test


oňam bir kynçylygy bomy, hany aýt, näme üçin bu soragy ýazdyň? näme esas boldy? durmuş oýunjok dälä pully pulsuzy saýlap, düýbinden nädogry sorag...dowamy...
Erkin mowzuklar | Test
Fantom (Şugün, 16:51)

Test


Wätçik ýeňilräk sorag beräýdä, gaty kyna bu...dowamy...
Erkin mowzuklar | Test
Maleficent (Şugün, 16:35)

Test


Pul baylyk rol oynayar. Gyzlar garyp oglana barayman. In azyndan sho hojalyk, sizin onup osen hojalygynyzdan girdejisi kop bolsun. Bolmasa onus...dowamy...
Erkin mowzuklar | Test
Mahri (Şugün, 16:33)

Test


Hmbah, mena entek bu soraga jogap bermekde yaş gelyan...dowamy...
Erkin mowzuklar | Test
BAY-HAN (Şugün, 16:30)

Bermuda üçburçlugy


Bermuda ucburclugy barada gaty gyzykly wakalar estdim...dowamy...
Dünýä täzelikleri | Bermuda üçburçlugy
AKG (Şugün, 16:25)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика