Sen mundan öň durmuş deňlemesi hakda eşidipmidiň? Onuň kesgitlemesi şeýle: durmuşyň netijesi bolýan zatlara jogap berşiňe deň bolýar, başgaça beýan etsek: ýagdaý+jogap hereketi=netije. Üstün adamlaryň üstünligi hem şu deňlemäniň çäginde çözülýär. Şowsuz adamlaryň şowsuzlygy hem şu deňleme bilen ölçelýär. Hemmeler haýsy hem bolsa bir ýagdaýa sezewar bolýarlar, ýöne olaryň hersi öz garaýşyna, pikir-düşünjesine görä herek et edýär. Ine, şu jogap hereketi hem – gaýtargy pygyl hem biziň häzirki görýän netijämizi ýüze çykarýar, hasyl edýär. Şowsuz ýa-da göwnüçökgün adam şol ýagdaýda saklanýar we zeýrenip, nadyl bolup, özüni aklap başlaýar. Sähel zatdan bahana, tutaryk agtarýar. Müdiri oňa düşünenok, ykdysady ýagdaýlar durnuksyz, goşmaça öwrenmäge boş wagty ýok, üstesine daş-töweregini gurşaýan adamlar hem ýaramazmyş we ş.m. Muňa garamazdan, edil şol ýagdaýa düşen, şol menzili geçen, şol ýagdaýda ýaşaýan adamlaryň birnäçesi welin, hatda ýagdaýlary olaryňkydan hem agyr bolandygyna, çekip-çydardan, zeýrenerden çökder bolandygyna garamazdan, üstünlige ýetdiler. Ýeňiş gazanmagy başardylar. Sebäbi nämede? Sebäbi oňyn garaýyşly, üstünlik gazanýan adamlar gymmatly wagtlaryny zeýrenje sarp etmän, her bir zatdan pursat, çykalga, mümkinçilik, täze bir ýol agtardylar. «Boljak zat boldy, bolan zady üýtgedip bolmaz, emma indi boljak zatlara hökman täsir edip bolar» diýen düşünjä eýerdiler. Şeýdibem haýra garaşdylar, ymtyldylar we gazandylar. Ýeri gelende bir sözi ýatladaýyn – «kynçylyk – bu täze bir mümkinçilik» diýmekdir. Ýagdaýa ýesir bolup oturmaly däl, islendik zadyň hökman bir gowy tarapynyň bardygyny unutmazlygymyz gerek.
43
18
5
4
0
0
1
Teswirler:
Premium BAYOGUL [on] 26.06.2025 / 23:28
+0
Gowy
Täzeje Melisa(26.06.2025 / 23:31)
BAYOGUL, sag boluň
Öwreniji Kesxa [24s] Amorf we metamorfoz, oňatlyk. Düýn, 00:15
+0
Aý hawa düşnükli
Premium BAY-HAN [6s] Derdi beren Alla dermanyny hem berer Düýn, 00:37
+0
Bu agzany tanamok
Täzeje Maleficent [off] Злая фея с добрым сердцем...🖤 Düýn, 11:15
+0
Atamyň durmuş hakynda aýtmadyk zatlary. Rahmet Gylyjow
Wagt ýitirip okanyňa görä, özüne çekiji, many-mazmuna ýugrulan saýlama eserlerden mowzuk goýulaýsa gowy boljak. Saýtdaşlarmyzyň içinde-de köp, dö...dowamy...
oňam bir kynçylygy bomy, hany aýt, näme üçin bu soragy ýazdyň? näme esas boldy? durmuş oýunjok dälä pully pulsuzy saýlap, düýbinden nädogry sorag...dowamy...
Pul baylyk rol oynayar. Gyzlar garyp oglana barayman. In azyndan sho hojalyk, sizin onup osen hojalygynyzdan girdejisi kop bolsun. Bolmasa onus...dowamy...
Meň pikirim pul bln sen bagytly bolmaýaň pul tapdyrar yöne hakyky yürek tapdyrmaz hokman adamy bay ýada garyp diyip ölcenmeyar esasy zat yüregine...dowamy...
Ýekeje mowuzak acsalaram yetip dur onnam özlerinden ýazsa has Gou biriniň eden işini kopyalap name gerek!! Ýada käbirlerem gysgajyk zt ýazyp bide...dowamy...