Ýürekdeş sözler!
Diamante_08 : Yalnızlığı çok seversek, bir gün o da çekip gider mi?#Diamante
Ýesenindan 1 bowdak.
Özümiziňki Fantom [off] Düýn, 17:39 Iň uly baýlyk, bar zadyň bilen kanagatlanmakdyr.
adamlar uzograkdyr, emma gowy görüp 1 mowzuk edip açdym.
Taýsyz gije! Aý aýdyňlyk süýt ýaly,
Dünýä öwşün atýar gyzyl-ýaşylly.
Menem öz göwnüme, kalbymda häli
Gorap ýörün ýitirilen ýaşlygmy.
Sowap giden ýyllaň köne hemdemi,
Sen bu oýny muhabbete deňeme.
Goý, altyn Aý şöhlä gark etsin meni,
Saçlarmyň üstüne nur saçsyn ýene.
Goý, ol şöhle ýoýlan keşbimi meniň
Görklendirsin hem ýagtyltsyn dünýäni.
Meň söýgimi ret edip bilmersiň,
Başarmaýşyň ýaly meni söýmäni.
Söýmek bir ömürde bir gezek bolar,
Şoň üçinem, sen gyz, maňa bigana.
Otyr bizi ýersiz aldan lipalar
Aýagyn dyza çen çümdürip gara.
Bilýän, aýym, seniň mawy şöhläňde
Biziň duýgymyza berse-de gylaw,
Olar lipaň ap-ak gülleri däl-de,
Olar şahadaky gar bilen gyraw.
Söýgi döwri duşdan geçdi bireýýäm,
Herimiz terk etdik özgäniň goýnun.
Indi bu gün birek-biregi söýmän,
Diňe oýnaýarys muhabbet oýnun.
Aý, bolýa-da, sypala, guç, oýna sen,
Posaň bilen ýet bir günlük myrada,
Goý, ýürekde baky bahar ýaýnasyn
Hem söýen gözelmi salaýyn ýada.
* * *
Söýeňogam, köýeňogam men diýip,
Ýokmy, heý birjigem görküm-görmegim.
Aşak bakýaň keýpiň meýinden doýup,
Gerdenimde gezmeleýär barmagyň.
Hyjuw bary dyňzap duran sen zene
Mährimem ýok, gahrymam ýok birhili,
Bagra basanlaňdan gürrüň bersene,
Gör kimler guçduka bu inçe bili?
Kölgä dönüp geçip gitdi o günler,
Asla peselmedi kalbyň ataşy.
Senden rahat tapdy ençe göwünler.
Indem meň döşüme goýupsyň başy.
Gözüň süzüp melul-melul garýakaň,
Başga birin küýseýäniň bilýärin.
Aý, menem sen diýip ölüp barýan däl,
Göz öňümde alysdaky dildarym.
Ýanamagyn bu halaty ykbala,
Ýeňleslikden bir nyşandyr bu halat.
Duşdum saňa tötänleýin bir ýola,
Ýylgyrjaklap: «Bol — diýerin salamat».
Senem öz ýoluňa borsuň rowana,
Günler «ýükli geçer»... Islärsiň gowsun.
Degmegin sen öpülmedik juwana
Hemem ýanmadyga atmagyn owsun.
Söýgi hakda täze duşan aşnaňa
Süýnüp-sarkyp gürrüň berip gelýärkäň,
Ýol ugrunda ýene duşaryn saňa.
Ilkagşam gezmäge çykamda, belkäm.
Şonda gysmyljyrap başga birine,
Edep bilen egip heserli seriň,
Ýuwaşjadan: «Salam» diýersiň ýene,
Menem: «Salam, gurgunmysyň» diýerin.
Hiç bir duýgy galdyratmaz kalbymy,
Hiç bir duýgy ony heýjana salmaz.
Öň bir söýen bolmaz yşkdan algyly,
Öň bir ýanyp-köýen dolanyp ýanmaz.
Belki giçdir, belkäm irräkdir entek,
Bu hakda oýlanyp, ot düşdi jana.
Tüýs bir ýeňilkelle, kelpeň şahyr dek,.
Menzäp gidipdirin men Don-Žuana.
Näme boldy? Meni pelek urdumy?
Dyz baryn ýassandym, çende durmadym.
Biwepalyk egismedi derdimi,
Gaçdy gaýta öz-özüme hormatym.
Elmydam bir isleg bolardy mende,
Ýüregmi aýardym duýgydan-aldan.
Men näme agtarýan, bu ýeňilkelle,
Ýalan gözlerinden ýeňles aýallaň?
Eý. meniň ýigrenjim, sakla sen meni,
Bu ahwaly dep et däli köňülden.
Kalbym häzir sowuk ýelleň mesgeni
Hemem öwşün atýan benewşe gülleň.
Kalbymda şapagyň limon reňki bar
Hemem öz dilinde ses edýär duman.
Soň-soň yza berer erkin duýgular,
Miltiň bolsa çyk söweşe Don-Žuan!
Razy men, bireýýäm söweşe taýyn
Parhsyz men, hiç bir zat örtänok janym
Maý günüdir öýdüp tupany gaýy,
Yşkdyr öýdýän galpyldysyn synamyň.
Şeýle boldy, her gün bir gelip söýüp
Her günde biriniň dyzyndan düşmän
Gezip ýörün, bagt gülüp baksyn diýp,
Dönükligiň hasratyndan köşeşmän.
* * *
Hoş gal, dostum, hoş gal, mähriban dostum,
Eziz keşbiň meniň kalbymda galar.
Kysmatda ýazylan aýralykdan soň
Ýene-de duşuşmak miýesser bolar.
Elleşmesiz, sözleşmesiz hoş gal, dost,
Gam çekip, özüňi goýma ezýetde.
Ölmek täzelik däl dünýäň ýüzünde,
Ýaşamagam täzelik däl, elbetde.
Sergeý Ýesenin.
Sergeý_Ýesenin_Meniň_kalbymda_bahar_2023 kitabyndan alnan...
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Käbäme
Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk?
ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...
dowamy...Aÿyplaşma!!!
Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe...
Like: 8
Awtor: bar...
dowamy...
Ýokaryk