Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Sasiyona : AdaLat dineje kagyza yazyLan sozdur..,??

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

9 goşgy: Aşyr hanow.
 Özümiziňki
 Fantom [off]
 Düýn, 18:31
 Iň uly baýlyk, bar zadyň bilen kanagatlanmakdyr.

Essalowmaleýkum hormatly adamlar!
Ýenede 1 mowzuk edip size 9 sany goşgylary hödürleýärin.


1. TAP MENI!
Gijäň zaryn aýdymy kalbyňy ýaralasa-
Ýa-da manysyz boşluk göwnüňe ýaramasa-
Çykar baryn kelläňden, hiç zada garama-da –
Ylga. Şol öňki ýerde garaşaryn. Tap meni!

Güýzleň agras gussasy dilse duýgulaň taryn –
Ýatlamalaň derdinden, eger, teň bolsa halyň –
Tut-da aňry çetinden bizi duşuran ýoluň
Yzla. Şol öňki ýerde garaşaryn. Tap meni!

Öçse gündiziň reňki, gyrlyp köňül ganaty –
Ten bermegin takdyra dünýäň doňan halaty –
Ädimiňden ýakyndyr aýralygyň arasy –
Ätle. Şol öňki ýerde garaşaryn. Tap meni!


***


2. MYNAJAT
Ne beýle geñ maña düşen nesibäm,
Durmuş sahnasynda paýlanan rolum.
Agsak aýagymy ysgynsyz süýräp
Ölümime tarap mytdyldap ýörün.

Aýdymlam ýas hakda, aýralyk hakda,
Ýok ýüzümde ýylgyryşdan nam-nyşan.
Men bir garyp bende – arzuwa bakna
Dünýäni özüme jepa saýmyşam.

Ajymtyk tüssesi arzan temmäkiñ,
Ýadaw ýüregimi salýar heýjana.
Diñe derdim biraz egismek üçin,
Göýä, ybadata gatnaýan ýaly,
Barýan näletsiñen köne meýhana.

Birçak göwnüm hoşdy, arzuwlam beýik
Indi ýürek ýamalardan arypdyr.
Men bir oka gelen ýaradar keýik,
Ölmümem şowa kör awça galypdyr.


***


3. JUDA AÑSAT AŞYK BOLÝAR BU ÝAŞLAR
Juda añsat aşyk bolýar bu ýaşlar,
Juda aňsat baglaýarlar ömrüni.
Şeýdibem, ir dogýar olañ güneşi,
Şeýdibem, dessine ýaşýar iñrigi.

Sözleriñ agramy ýeñläp gidipdir,
Ýok indi öñki deý parh goýýan göze.
Söýgi gursaklarda heñläp gidipdir,
Ýeñles öwrenişmek galypdyr bize.

Ýaşlar juda añsat aşyk bolýarlar,
Toý edip, maşgala gurulýar soñam.
Olar bir-birege düýpden näbelet,
Olañ bir-biregi söýýänem ýalan.

Soñra, hersi tutup bir gapdalyndan,
Asman deýin kalby tämiz çaganyñ.
Sudlardan “adyllyk” talap edýärler,
Gerek bolsa, görkezýärler aglabam.

Üç aý möhlet ýa bolmasa ýarym ýyl,
Olañ gursagyna salanok mähir.
Sebäbi o ýerde öñden doñaklyk,
Söýgi diýlen zadam ýok ahyr sähel.

Ine, onsoñ ykbalyndan ýanan gyz,
Ine, onsoñ mañlaýy-da şor ýigit.
Kalbyndaky söýgüsi-de ýalan gyz,
Bagty bilen beýnisi-de nol ýigit.

Bu gürrüñi uzaltmaga hajat ýok,
Bu bir zaryn iññildisi döwrümiñ,
Juda añsat aşyk bolýar bu ýaşlar,
Juda añsat baglaýarlar ömrüni.


***



4. Ol oña daglary wada beripdi,
Ol oña asmany wada beripdi.
Ýürek bilen dodak baryn ugradyp,
Baky söýjegini wada beripdi.

Şirin söz ýylany çykarar hinden,
Razy boldy, iñ soñunda näz ede.
…Doñdy ýigit. Internetde şumahal,
Gelni bilen tanyşypdy täzeden.

Olar al-asmana uçdy guş deýin,
Dilde baryn aýan etdi barmaklar.
Daña çenli hat ýazyşdy ikisi,
Beýik söýgi hakda, aşyklyk hakda.

Toý tutdy hyýalda, bagta ýetdiler.
Süyji sözler näçe diýseñ taýyndy.
Äht etdiler, baky söýgiñ öñünde
Iki aşyk hemme zada kaýyldy.

Wah, hemme zat erteki deý bolýamy,
Bolan zady gaýtaran ýok yzyna.
Oglanyña barmagynda ýüzügi,
Iki sany ogly bardy gyzyñam.


***





5. AÝRALYK DUMANY
Aýralyk dumany sowlar ýuwaşdan
Aýrylar gursakdan yşkyñ labyry.
Ol seni kem-kemden unudyp başlar,
Azalyşar kalbyndaky agyry.

Öñki gelýän jañlañ üzüler yzy,
Smsler gelmesini bes eder.
Ol şatlanyp başlar. Begenip başlar.
Senem oña guwanarsyñ keseden.

Soñ ýatlarsyñ bolup geçen zatlary:
Gözler. Sözler. Ýylgyryşlar. Hyýallar.
Birden-kä dünýäñi gaplar sowuklyk,
Göýä garly gyşyñ aýazy ýaly.

Dünýäñ reñki solar, gaçar röwşeni,
Dolamak islärsiñ. Bilmersiñ nädip.
Oñ bölek kalbyny doldurar biri,
Doldurar señ galan bagtyñdan gädip.

Sen kemis bagtyñy gözlär ýörersiñ,
Ýatlamadan a:şyp, ýyllardan a:şyp.
Ol seni bireýýam undupdy, emma
Sen oña gaýtadan bolupdyñ aşyk.


***


6. ÝYLLAR GEÇÝÄR
Geçýär deňimizden ýyldyrym ýyllar,
Galýar yzda ýatlamalar ummany.
Sen indi öňkiň deý ynanjaňam däl,
Hem başarýaň gerek ýerde dymmany.

Aýralygyň ahyrzaman däldigin,
Bilýäň, gussa bilen gussaň parhyny.
Öwezini dolup bolýan känligin
bilýäň.
Ähli zadyň kesýäň nyrhyny.

Saňa akyl bermek ýerliksiz indi,
Däl indi sen öňkiň ýaly erksiz.
Daşyňdan şeýlebir epeý görünýäň,
Hat-da saçyňa-da timar beripsiň.

Ömrüň uzyn-uzyn günlerden üýşe,
Möýüň kerebi deý düzülýändigi.
Seň üçin adaty –
Ýowuz durmuşda,
Kä eziz zatlara dözülýändigi.

Garaz, sen kemala gelipsiň kemsiz.
Indi menem dogry ýola çagyrýaň...
...Eý, däli dünýäniň düzüw bendesi.
Meň saňa şeýlebir nebsim agyrýar.


***





7. MYNAJAT
Ykbalyň uýany gaçdy elimden,
Gussamyň perdesin syryp bilemok.
Delalat isteýip bakýan ölümge,
Wah, gara ýere-de girip bilemok.

Gijeleň gussasy çenden agypdyr,
Gündizleň röwşeni däl maňa bendi.
Meniň gülkülerme gussa garypdyr,
Durmuş atly içi çüýrük Ependi.

Suwlary çekilip, guramyş köller
Meniň täleýime meňzeýär juda.
Meni özüçeräk düzedip ýörler,
Bilmedim, beýle-de parhsyzmy Huda?

Gollarym günäli, tutmady Gurhan,
Belki şodur meniň kelte dil taýym.
Men bir sönüp, gaýta direlen Wulkan,
Çogmagyma sähel galdy, halaýyk!

Men gijeleň ygan öýsüz köpegi,
Tüssesiz ojagy, sönüşen közi.
Gyrylyp, inçejik umyt sapagy,
Çölde ölüm küýsäp gyşaran böri.

Elimden gaçyrdym durmuş uýanyn,
Başdanam elimde dälmidi ol ýa?
Maňa ertirdäki ajap bagt diýmäň,
Men şu gün – bagtsyz,
Ertirem – ölýän!


***



8. MEN ŞEÝLEBIR ÖWRENIŞDIM
Men şeýlebir öwrenişdim kalbymda,
Lowlap ýanýan alawyna durmuşyň.
Gözlerme gan öýdi ýigrençden ýaňa,
Arman bilen gamdan sämäp dur başym.

Men şeýlebir öwrenişdim gijeleň,
Kalbymda ýalňyzlyk oýarmasyna.
Ahmyrlaryň gursagymda könelip,
Ýylaşan toşap deý goýalmasyna.

Men şeýlebir öwrenişdim umydyň,
Gark bolup gözümden gaýyp bolşuna.
Ganaty gyrylan guşlaň keýtikläp,
Zemine kem-kemden kaýyl bolşuna.

Men şeýlebir öwrenişdim, ummanlaň
Tolkuny öňki deý edenok maýyl.
Men şeýlebir öwrenişdim durmuşy
Nesibäme düşen şor toprak saýyp.

Men şeýlebir öwrenişdim...


***


9. Galdy
Bir ýakymsyz owaz meniň aýdymym,
Onuň iňňildisi kalbymda galdy.
Bagra basyp, ykbalymdyr öýdenim
Ýatlamalaň ataş-ýalnynda galdy.

Serim hyýal bilen wysal adasy,
Köňlüm armanlaryň synyk badasy.
Bagta alyp gidýän ykbal ýodasy,
Geçmiş atly soňsuz salgymda galdy.

Düşünmedim dünýäň deňlemesine,
Ýyllaň ýadawlygy köňlüme siňen.
Gam harmanyn çekdim ömrüme diňe,
Bagt – goragy kämil ammarda galdy.

Ylgawym kem-kemden ädime döndi,
Duýgulam talandy, gädige döndi,
Durmuş “Niçüýn” bilen “Nädibe” döndi,
Ykbalym tüweleý – gomlarda galdy.

Baýguş kibi soltan oldum haraba,
Maňlaýym şorlamyş, dönüp şerebä
Mündüm durmuş atly adyl terezä,
Şükür, menli tarap agramda galdy!

Aşyr Hanow.


Aşyr Hanow - Tap meni kitabyndan alnan...


8

5

0

1

0

0

0
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Admin aga yuklemeleri goyun Programma duzdum solary ilçilige paýlajak...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Akademik3 (Düýn, 23:44)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


Okadym, 👍...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Orazjan (Düýn, 22:26)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


wuuw okayjakdym uzyn eken son bosh wagtym okaryn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Diamante (Düýn, 21:00)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


bunyňy imo foruma hödürlejekdälmi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Fantom (Düýn, 18:36)

Käbäme


Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk? ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Käbäme
Fantom (Düýn, 17:18)

Aÿyplaşma!!!


Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe... Like: 8 Awtor: bar...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aÿyplaşma!!!
Fantom (Düýn, 16:49)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


Ýene 1 like al, imo foruma alynýamy göreli ))...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Fantom (Düýn, 16:45)

Ilki bilen Salam


Ine bu mowzukda meniň köneje tanyşlarym üýşüpdir Talyplardaky:-) Nähili Rakuten agza?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Perhat_Sabirovv (Düýn, 14:55)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Goshgylary gozlemek ucinmi ? gereksiz funksiya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Boniya (Düýn, 14:14)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Borrrrrrr...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
rexha (Düýn, 12:45)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика