Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
OLiNKa : I can be a good friend,but a bad enemy#OLiNKa

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Gysganmaýanlar utansyn!
Premium
 BAYOGUL [on]
 Şugün, 07:51
 Yurekdesh.ru

Aýsapar Emelowanyñ Nukdaýnazar sahypasy üçin ýörite çykyşy

Özbekleriň bir degişmesinde: «Öňler ogrularyň elini çapýan ekenler. Ine, biziň bratoklaryň el çarpyp oturşyna seret» diýip ogurlyk aýdym aýdýanlar tankyt edilýär. Bizde-de bar şeýle el çarpyp oturýanlar. Aslynda olaryň arkaýyn el çarpyp oturmagyna özümizem günäkär. Olar halkyň üstünden gülüp edýär ony. Halkyň sowadyna göwünleri ýetenok. «Şulaň bilýän zady barmy?!» diýip edilýän ogurlyk bular. Halk bolsa okaýan, diňleýän zadyny seljermän, näme hödürlese «şahyr, aýdymçy» diýip kabul edýär. Onsaň näme olaram aňsadyna sereder-da. Bolmanam, goňşusynyň mellegine girip zat ogurlaýany ýazgaryp, goşgy ogurlaýany «şahyr» diýip arşa galdyryp oturan halkyň üstünden gülünmän, kimiň üstünden gülünsin? Bazara baranda iň gymmat eşikler bilen üstümizi bezemäni bilýäris. Ruhumyza bolsa ogurlyk goşgy, aýdymlary rowa görýäris. Gülmezçe dälem. Biri diýýär: «Sen näme janyň ýanýar. Biz gürlämizok, sen ot alyp barýaň» diýip. Üstüňden gülüp, ogurlyk zady hiç zat bolmadyk ýaly ile hödürläp dursa ot almarsyňmy?! Näme üçin biz oňa gürlemeli däl? Ol şo bolşuna häzirki döwüriň döredijiligi, poeziyasy barada öz samsyk pikirlerini aýdyp ýör. »Häzirki döwürde goşgy ýazýanlaryň arasynda şeýleräk bir pikir bar: «Goşguda bir filosofik pikir bolmaly, oňa-da şahyryň özi düşünmeli.» Bu pikire goşulamok, halk düşünmese peýdasy nä?!» diýip, özüni aklap, beýlekileriñ bar eden işini ýeke köpük hasaplaýar. Şu wagta çenli halypalaryň bar ýazanlarynyň hiç hili ähmiýeti ýok eken, muňky dogry eken. Ogurlaýany ýetmeýän ýaly özüniň edýän işini aklabam otyr. Ine men näme üçin ot alýan. Ýogsa meň oňa hiç hili bahylçylym ýa göripçiligim ýok. Käşge bolsa, bahyllap, göripçilik eder ýaly bir zatlar ýazsa-da menem hezil edip göripçilik etsem. Men edebiýaty şular ýalylardan gysganýan. Gysganmaýanlar utansyn! Nukdaýnazar


36

14

1

4

1

0

1
Teswirler:
 Premium
 Belki [off]
  Zyndan kändir -- men taşlara zyndan ýok.
 Şugün, 09:45

+0

Wah, yuregim bolupdyr Aysapar! Eline guller bitsin!


Premium
BAYOGUL [on] (Şugün, 10:12) 

Belki, Etraba baramda aydaryn

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

OTLUDAKY DUŞUŞYK" ?? Doly okañ ýaltanmañ...?( 5-nji bölümi.. bolan waka )


Gaty gyzykly hekaýa, öñ okap görüpdim, soñy aglatdy(...dowamy...
Erkin mowzuklar | OTLUDAKY DUŞUŞYK" ?? Doly okañ ýaltanmañ...?( 5-nji bölümi.. bolan waka )
Мяхрii (Şugün, 19:39)

Ish


Maymynlara dyrnak boyamagy#ovredayjek ishgar gerek...dowamy...
Işgär gerek | Ish
rexha (Şugün, 18:21)

Sborşik gerek


Menem rosssiya baramda ishlarn...dowamy...
Işgär gerek | Sborşik gerek
rexha (Şugün, 18:20)

“Meniň belgim. Meniň taryhym”: Ýamal “Barselonada” 10-njy belgini aldy


Messi name boldy?...dowamy...
Dünýä täzelikleri | “Meniň belgim. Meniň taryhym”: Ýamal “Barselonada” 10-njy belgini aldy
Mahri (Şugün, 17:38)

Doglan güniñiz bilen !!!


Meni sylap doglan gunlerni gutlan agzalarmyza cyn yurekden minnetdarlyk...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Doglan güniñiz bilen !!!
Bayradot (Şugün, 17:30)

Doglan güniñiz bilen !!!


Uzak ýaşasynlar✨...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Doglan güniñiz bilen !!!
madamee2508 (Şugün, 17:12)

Doglan güniñiz bilen !!!


Uzak yaşasynlar...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Doglan güniñiz bilen !!!
Aixcam_nx (Şugün, 17:01)

Doglan güniñiz bilen !!!


Gutly mubarek bolsun ...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Doglan güniñiz bilen !!!
Bentner (Şugün, 15:45)

Doglan güniñiz bilen !!!


Uzak yasan barynyz...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Doglan güniñiz bilen !!!
Aydymcy_Jemile (Şugün, 15:37)

Doglan güniñiz bilen !!!


Bääääää, menden başgada şu gün doglanlar käääääään ekenä. Gutlanlara sag bolsun aýdyp, beýlekilerem ýokardaky goşgym bilen gutlaýan....dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Doglan güniñiz bilen !!!
Gerceknazar (Şugün, 14:51)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика