Ýürekdeş sözler!
Belki : Hiç zat sebäpsiz däldir. Ykbal ikimizi sataşdyrdymy, diýmek, biri-birimizden öwrenjek zatlarymyz bardyr! #Belki
Elimden tutdyňmy indi öýlenmeli bolarsyň
Täzeje Gownejay [off] Düýn, 17:42
Awtobus duralgasyna gelip togtan awtobusdan adamlar düşüp başlady. Düşmek gezegi gyzyl köýnekli gyza geldi. Özüňiz bilýäňiz şaher ýollarynda ýörýän awtobuslara çakgan münüp düşülýär. Gyzyl köýnekli gyz hem şeýle etdi. Ol çakganlyk bilen aşak okduryldy. Ýöne ökjesi beýik tüflisi onuň aýdanyny etmedi. Aşaky tekjä aýak basanda. Tüfliniň ökjesi gyşardy gyz hem gyşardy. Gyz ýüzin düşüp başlady. Ýüzün düşüp baraýan gyz çep elini howada serip sag elinde bolsa telefonyny tutyp aşak ýere gapgarylmajak bolup synandy. Munyň üçin ol çep eli bilen howadan tutalga gözledi.
Şu ýerde awtobusa münmekçi bolup duran ýigit boş howadan tutalga gözleýän gyzyň ellerinden eli bilen tutyp gyzy ýykylmakdan alyp galdy. Goltgy alan gyz göwresni dogrylap sag-aman ýere düşdi. Ýigit bolsa ugrajak bolup özünden waşşyldy sesini çykarýan awtobusa böküp mündide yzyna indiki münjeklere ýol berip durdy.
Gyz bolsa aşak düşüp göwresini awtobus tarap aýlap balkyldap duran ullakan gara gözleri bilen ýigidi gözläp tapdy. Onsoň ýigide gahar bilen gyygyrdy. “Hany sen bäri gel” diydi. Yzyndan bolsa çakganlyk bilen oglanyň ýüzüni surata düşürdi.
Ýigit gyzyň boluşyna geň galyp öz gezegnde ol hem gözlerini balkyldatdy. Bu gyz meni näme üçin çagyrýarka diýen ýaly edip töwregindäkliere soragly seretdi emma bu ýerdäkiler özi bilen gümra bolany üçin ýigidiň olara seredenini görmän galdylar.
Gyz bolsa yzyna gaýdyp awtobysyň içine girip ýigide ýakyn bardy.
“Awtobusdan düş” ýogsa yzyň bilen öýüňe çenli giderinde eden işiňi öýüňe baryp aýdaryn diýdi. “Mende suratyň bar. Gitjek ýeriň ýok. Eden işiňe jogap ber. Ýogsa soňy ýaman bolar”.
Ýigit adamlaryň arasynda gyzyň igençli sözlerini eşitmejek bolup awtobusdan düşmeli boldy. Gyz awtobusdan aşak böküp düşdi. Oglan hem düşdi. Awtobus hoňň edip sesini çykaryp özünden başga hiç kime ses-üýn bermän öňe ugrady. Awtobusyň sesi pesläni gyz ýigide herreldi.
-Sen näme meniň elimden tutdyň.
Oglan.
-Menn seniň eliňden tutamak. Sen ýykyljak bolduň. Men saňa hemaýat berdim. Özüň elleriňi uzatdyň men tarapa. Men hem sen ýykylmasyn diýiň elleiňden tutyp galdym. Ýogsa sen daşa ýüzün ýykylardyň.
Gyz.
-Ýykylamda näme. Seniň nä azaryň. Meniň aladamy etmek saňa galypmy? Meniň aladamy etjekler bar. Gardaşlarym bar. Agalarym bar. Gerek bolsa söýgülim hem bar. Bilýäňmi men häzir seni näme ederin.
-Ýigit.
-Ýok bilemak. Näme edersiň?
-Gyz. Häzir men seni wideo düşürinp ejeme göýbärin, kakamada göýbärin. Olar seniň öýüňe baryp eneň-ataňa gygyrarlar. Olam az bolsa agamy üstüňe göýbärin. Agam seni uryp ýere sokar. Ol daýaw. Seniň ýaly çörek iýmediklerden däl.
-Ýigit.
-Barsa barybersinler. Meniň hem aga-inilerim hem bar. Olar jemlenişip seniň agalaryňy urarlar.
-Gyz.
-Hä, şeýlemi onda. Onda edişime seret. Gorkak bolmasaň şu ýerde dur. Häzir enem geler üstüňe.
-Gyz şeý diýip oglany wideo düşirip bu oglanyň onuň elinden tutandygyny aýdyp ýazgyny enesiniň telefonyna göýberip ugrady. Enesi bolsa ýigide telefondan gygyryp başlady.
-Hä, juwanamerk, meniň gyzyma näme degýäň. Ýa janyňdan doýdyňmy. Häzir ýanyňa bararynda kelläňe bir taşlaryn.
-Gyzym nirde sen. Baraýynmy ýanyňa. Ýa bolmasa özüň biz ýaňalyk edermiň bu dawany.
-Gyz enesine.
--Gelmeseň bolanok eje jan. Gelde bu ýigidiň boluşyna seret. Men ony şu ýerde tutyp duraryn. Sen gelde öz gözüň bilen gör bu ýigidi
-Enesi gyzyna
-Gyzym jan gezip ýörmäne wagtym ýok. Eliňden tuta tutypdyrda ölesiň ýok.
-Onda gyz enesine
-Bolupdyr onda eje, özüm bir zat ederinle. Gerek bolsa jaň ederin. Sen diňe taýyn bolup otrsaň bolany. Eger bu ýigit aýdanyma gönmese onda prokura daýyma ýüz tutarys.
-
-Ýigit indi gyzdan egsildi öýüdýän gyza mylaýymlyk bilen ýüzlenip gördi. Bu dawadan gitjek bolup.
-
-Ýigit.
-Bolýa, goýaly dawany. Men günäkär. Indi gaýdyp seniň eliňden tutmaryn eger ýykylyp derýa gaçjak bolsaňda.
-Gyz.
-Ähä gorkup ugradyňmy. Hany seiniň batyrlygyň. Häli seniň gözleriň näme görer. Özüň agzyň bilen aýytdyň men günäkär diýip. Bir minut öň bolsa özüňi aklap durdyň. Günäkär sen. Hawa. Sen meniň elimden tutmaly däldiň. Indi men öz söýýän ýigidim bilen toý etsem ol hem menden toý gijesi nikadan öň sorasa “söýgülim sen maňa halal geldiňmi. Seniň elleriňden hiç kim tutmadymy diýip sorasa men hem “ýok’ diýip jogap bersem onuň yz ýanyndan sen bir ýerde adamym bilen durkam saňa duşyp galsam biziň aramyda bolan bu geplerden adamym habar tapar. Belki sen bir ýerlerde ýaňrap goýarsyň pylanynyň aýalynyň gyz wagtynda onyň elinden tutypdym diýersiň. Onsoň bu wagt meniň adamym seniň bilen bile bir ýerde ýolagçy bolsa sen hem meniň elimden tutanlygyň barada aýdyp goýsaň ol hem meniň adamym bolsa adamym meni biwepalykda aýyplar. Indi men seniň bu edeniň üçin hiç haça durmuşa çykyp bilmerin. Çünki gyzyň elinden oňa öýlenjek ýigit nikadan soň tutyp biler.
-Ýigit.
-Munyň ýaly toslamalary oýlap tapmana utanoňkmy. Saňa ýagşylyk edende kelle ýok. Ýatardyň bu wagt ýerde çaşyp. Ýüzüň-gözüni berbät edip. Burnyň döwülerdi...
-Gyz
-Döwülende näme. Meniň burnymyň aladasy saňa galypmy? Döwülen bolsa Türkiýe Antaliýa giderdimde täze burun goýdyryp gelerdim. Haýsy özüne göwüni ýetýän gyz enesinden dogan burny bilen gezip ýör. Meni burnym gysyndyranok.
-Sen meniň elimden tutdyň. Men indi seniň bu edeniňi joralaryma aýytmaly bolaryn. Bir oglan meniň elimden tutdy diýip. Joralarym bolsa internete ýerleşdirerler. Meniň elimden tutanyňy. Suratyňam goýarlar. Belki wideony hem köpelderler.
-Söýýan ýigidim bolsa bu wideony görer. Onsoň ol meni taşlar.
-Ýigit.
-Taşlasa meniň söýgülim bolarsyň.
-Gyz
-Bolmandada şeýle etmeli bolarsyň. Eger bara bu edeniňden men zyýan çeksem sen hemmesini tölemeli bolarsyň. Ýogsa daýym prokuror. Ol seni türmä basar. Men oňa çenli ýene bir zatlar oýlap taparyn. Belki sen meni intime çagyrdyň diýerin. Onsoň sen türmä düşmeli bolarsyň
-Ýigit
-Sende ynsap diýen zat barmy? Ýa kelläňde iş barmy/? Bu hili gepleiňden soň men seniň söýgüliň bardygyna ynanyp bilmerin.
-Gyz
-Hawa dogry aýytdyň. Meniň söýýän ýigidim ýok. Ýöne ynha bolardy. Haçan bolanda men oňa seniň elimden tutandygyňy aýytmaly bolaryn. Ol bolsa bu gepi eşidip menden ýüz öwürer.
-Ýigit
-Aýytmna goýanyňda bolanokmy. Eger menden sorasalar men seniň eliňden tutmadym diýerin.
-Onda gyz.
-O nähili hiç kim görmedi. Awtobus duralgasynda bar bolan adamlaryň iň bolmanda ýarymy gördi seniň meniň elimden tutanyňy. Olar şaýat.
-Ýigit.
-Bolupdyr. Indi näme ederis. Men işden giz galýan. Sen hem okuwyňdan. Bu dawany soňa goýaly ýada her kim öz ýoluna gitsin. Haçan durmuşa çykmaly bolanyňda maňa jaň et. Eger söýýan ýigidiň seni almasa onda özüm alaryn.
-Gyz
-Ýok. Şu wagt wada ber. Men indi joralaryma bolan bu wakany aýytman goýyp bilmerin. Olar meniň üstümden gülerler. Birbada iki oglandan galan sen diýerler. Men ejeme jaň edip aýdaryn. Eje elimden ttutan oglan maňa öýlenmekçi bolýar diýip. Ejem bolsa taksi tutyp ylgap geler. Nireldigiňi anyklar. Size gyz berip bolbary onsoň bir karara geleris ejem bilen. Ejem bilen gelen karary kakama aýytmaly bolarys. Onsoň size geliber diýeris.
-Ýigit
-Onda meniň söýýän gyzyma näme bolar. Seniň söýýän ýigidiň bar bolsa meniň hem göz astyna alyp ýören gyzym bar. Ol hem eşider. Meniň seniň eliňden tutanymy. Sen başga bir gyzyň eliňden tutdyň diýip ol hem menden ýüz dönderer.
-Gyz
-Onda men ejeme gel diýeýin. Ol gelip hemme zady ýola goýar. Gerekli adamlara jaň eder.Şundan soň toý sähedini belläisde sen öz işiňe men hem okuwyma gideris. Sen iş jaýyňa jaň etde bu gün işe baryp bilmeýäniňi aýyt men bolsa mugallymlara jaň edip bu güne jogap alaýyn. Agşam bolsa seniň sawçylaryň öýe gelerler. Meni sorarlar.
-Öýdäkiler eni saňa bererler. Onsoň elimden tutanyň hakly bolar ýogsa haçanam bolsa seniň meniň elimden tutanyň çiwan ýara ýaly bolup bir däl birnäçe ýerimizden çykar.
-Seniň aýalyň gidip galar. Meni bolsa ärim kowar sen gyz wagtyňda bozgak bolan ekeniň diýerler.
-Ýigit.
-Onda meniň saňa ýagşylyk etjek bolanyma näme bolar. Men seniň eliňden tutman alyp galyp bilmezdim.
-Gyz.
-Men näbileýin. Ýazgytdyrda. Ejeme jaň edeýin.
-Jaň edýär. Eje indi gelmeseň bolanok. Elimden tutan oglan indi maňa öýlenjek diýýär/
-Ejesi
-Waha dilleriňden döneýin gyzym. Seniňem il deňinde toý etjek günüň bar eken. Derrew barýan. Gyzym oglana aýyt. Goý oglanyň enesi hem şol ýere gelsin. Biz ikimiz maslata edip göreli/
-Onda ýigit
-Menem ejeme jaň edeýin. Oýyn-oýy bilen öýlenmeli wagtym geläýdi öýüdýän.
-Ýigit hem ejesine jaň edýär.
-Eje pylan ýere gel. Men öýlenmeli boldum.
-Enesi oglyna
-Bolýa oglum seniňem öýlenjek günüň bar ekenow iller ýaly
-Bardym. Garaş.
-Indi gyz bilen oglan ikisi duralgada otryp assajykdan gürrüň edip otyrdylar.
-
-
-
-
Teswirler:
Özümiziňki Perhat_Sabirovv [off] Men hiçkim birazajyk pikirlen...! Düýn, 18:43+0Beýlede zat bolar ekeni, gyzyň özüni alyp barşy nähili Alla saklasyn. Ýöne eseriň ýazylyşy erbet däl bolýan wakalar göz öňümde janlandy
Täzeje Ahmal [off] Düýn, 19:10+0Men oglanyñ ýerinde bolsam gurnalan şantaź hökmünde garardym
Täzeje Ahmal [off] Düýn, 19:11+0Eser gyzykly
Özümiziňki Gulmahrem [off] Düýn, 19:38+0Näme bilen gutardy? Dowamy ýokmy?
Premium
BAY-HAN [1m] Ýüregi ýüregime syrdaş... Düýn, 20:55+0Maña duşsa-da şoñ yaly gyzjagaz
Gerekli Sasiyona [off] Bizimde yukumuz ağirdi ama kimseye geltaşı demedik Düýn, 20:59+0Mlds.Gyzykly eken.Yone Gyzyň özüni alyp barşyny halamadym
Öwreniji Annadurdy [off] Düýn, 23:06+0Gyzykly eken. Sagboluñ. Ýetirip duruñ. Okamadym)
Premium
Orazjan [off] Biz naparsak yapalim. onlar herzaman birşey derler Düýn, 23:46+0Hiçkim almansoň ugruny ýitirip ýören gyz bolmaly o gyz. Ejesiniň gürrüň salgysam şo
Soňky teswirler
Tasin soygi
Olaryň baştutany bu gyzy az-owlak ulanyp, bizar bolansoň, tapan ýerine taşlap gaýmagy tabşyrýar.
Samsyklyk...
dowamy...
Ýokaryk