Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Kar yağınca mikroplar ölür diyorlar. İyi misin

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Ulugyz
 Täzeje
 Bentner [off]
 Düýn, 01:14
 Люди принимают доброту за слабость.

Ýaşlyk ölse, yzgarly
Ýalňyzlykdan ölýändir.
Ýaşy ýeten gyzlaryň
Ýar bolasy gelýändir.

Ýaşlyk çagyň – ýel güni
Şuwlaýan bir gök tokaý.
Ýara ýetseň ol güni
Perzent ýoluna bakar!

Eger ýörülse diri,
Arzuw-arzuwa ýazar.
Bu arzuwlaň hiç biri,
Hasyl bolman dur häzir.

Açma, garaş – idäne.
Duş gelene ýüregňi
Ýaş çaýmawer didäňe.
Oň üçin nur deregne,

Ynha, seniňem bagtyň,
Ýigit bolup ýylgyrar.
Onsoň hoş geçer wagtyň,
Depäň ýeter ýyldyza!

Ýöne, ähli jübütleň,
Däldir ömri gül ýaly.
Aglap ýör kän ýigitler,
Kä gyz gülse gün ýaly!

Söze uýmany başar,
Bolar maňza damany.
Adam hatarna goşar,
Ýagşy gyzlar ýamany.
Ýanýoldaş däl böwrüne
Sanjy alar kä ýigitler.
Ýerganata öwrüler,
Şeýdip algyr bürgütler!

Ýigitlerde bir ýetmez –
Gyz synlarlar gyradan.
Akylyna seretmez,
Alkymyna sereder!

Bilseň ähli jübütleň,
Däldir ömri gül ýaly.
Kim aglaýar bulut deý,
Kimse gülse gün ýaly.

Kim bilýär bu durmuşda,
Näme düşerin bijä?!
Owadan totyguşlar
Dönüp gitdi kel jüýjä.

Ýeter-ýetmez aýlyga
Bagtly bagtyn baglap ýör.
Äre barman
Baýlyga
Baran gyzlar aglap ýör.

Gözellerde bir ýetmez –
Ýigit saýlar gyradan.
Akylyna seretmez
Altynyna sereder!

Başyň bogup, hasratdan
Doldurýançaň gursagyn
Aladaň ýok hiç zatdan,
Oňad-a şu pursadyň!

Goý, oň üçin ýaglygyň
Öl bolmasyn, çowy gyz.
Uýat bolar, aglama,
Ýarsyz galmaz gowy gyz!

Halyl KULYÝEW


64

20

2

8

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 Bezzat [off]
  Özim hor ýöne işdäm gowy)
 Düýn, 01:19

+0

Gulluk dowrim kitaphana boyunça iki sanjak kitap bardy olaram Italmaz Nuryyew bn Halyl Kulyyewiň gokje goşguly kitaplarydy ahli boş wagtymy şol iki kitaplar bn geçiremsoň gulluk dowruňi ŷatlatya bu goşgylar sagja bol ýetireniňe

 Özümiziňki
 Gulmahrem [off]
 Düýn, 10:50

+4

Şonuň üçin hemişe geljek hakda oýlanyň,
Baýlykda-da, görkde-de, gözlemäň siz tagtyňyz,
"Herekete bereket" diýilipdir owaly,
Allaň amallaryndan, taparsyňyz bagtyňyz–
Diýip, geldi setirler, birden urdy serime,
Siz nähili pikirde, bolardyňyz ýerime?

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Seni tanasym gelýär: 1.Rabiya


Alienus Kiçiligimden bäri bar. Allah'a hamdu senalar bolsun doglanym bäri Allah özüni unuttdyrmady, sebäbi durmuşyma nusgalyk namazly, nyýazly a...dowamy...
Söhbetdeşlik | Seni tanasym gelýär: 1.Rabiya
Rabiya (Şugün, 01:49)

Seni tanasym gelýär: 1.Rabiya


@Rabiya, ylymyny ozbasdak owrenyanmi ya halypan owredyanin barmy...dowamy...
Söhbetdeşlik | Seni tanasym gelýär: 1.Rabiya
Alienus (Şugün, 01:09)

Seni tanasym gelýär: 1.Rabiya


@Admini tanalyn...dowamy...
Söhbetdeşlik | Seni tanasym gelýär: 1.Rabiya
Alienus (Şugün, 00:43)

Seni tanasym gelýär: 1.Rabiya


Meň sesim yene Nesip, Mizan,Boniya...dowamy...
Söhbetdeşlik | Seni tanasym gelýär: 1.Rabiya
Belki (Şugün, 00:40)

Seni tanasym gelýär: 1.Rabiya


@Ahal agzany tanasak nähili)...dowamy...
Söhbetdeşlik | Seni tanasym gelýär: 1.Rabiya
Anora (Şugün, 00:34)

Seni tanasym gelýär: 1.Rabiya


Çaga dini soydurmek meselesini has ginisleyin aydaysan... Nahili sozler bilen ilkinji dusunjeler berilmeli?...dowamy...
Söhbetdeşlik | Seni tanasym gelýär: 1.Rabiya
Belki (Şugün, 00:24)

Seni tanasym gelýär: 1.Rabiya


MaşaAllah Allah razy bolsun uýam senden, InşaAllah arzuwlaryň yhlaslaryňa Allah myrat eýlesin. Üstünlik hem InşaAllah durmuş ýoluňda bagt dileýän...dowamy...
Söhbetdeşlik | Seni tanasym gelýär: 1.Rabiya
Anora (Şugün, 00:24)

Seni tanasym gelýär: 1.Rabiya


Mizan. Sebäbi biz günäkär gullar... Peygamberlerden başga günäsiz, ýagny günä etmekden goranýan kimse ýokdyr. Allah Tagalla Kuran'da Toba süre...dowamy...
Söhbetdeşlik | Seni tanasym gelýär: 1.Rabiya
Rabiya (Şugün, 00:02)

Seni tanasym gelýär: 1.Rabiya


Barselona balet etyanmi entegem??...dowamy...
Söhbetdeşlik | Seni tanasym gelýär: 1.Rabiya
NoName (Düýn, 23:57)

Seni tanasym gelýär: 1.Rabiya


Es Salamu Aleýkum saýtyň agzalary. Meni sylap-hormatlap ses beren agzalara minnetdarlygymy bildiresim gelýär. Sylagyňyz üçin Allah hemmäňizden ra...dowamy...
Söhbetdeşlik | Seni tanasym gelýär: 1.Rabiya
Rabiya (Düýn, 23:07)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика