Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Ahal : "Siz ýok bolmak üçin ýaradylmadyňyz.Siz galmak üçin,baky ýaşamak üçin geldiňiz,ölmek bilen ýeriňizi üýtgetýärsiňiz, bir menzilden başga bir menzile göçýärsiňiz"

Forum | JEMGYÝET WE YNSAN | Zenanlar bölümi

Bir gelniň durmușyndan Soňy
 Täzeje
 Dani [off]
 25.07.2025 / 18:27
  - Жизнь одна кайфуй..😎

Bir gelniň durmuşyndan (hekaýa 2-nji bölüm).

Garaz,ýedisini sogup men ýenede çagalarym bilen Aşgabada atam öýüme dolanyp bardym.Soňra känbir wagt geçmänkä daşary ýutdaky gaýnymdan habar geldi, meniň çagalarym bilen yzyma dolanmagymy haýyş etdi,bir ojakda zenan maşgalanyň orny juda uly bolansoň,ojagynyň dargamagyny islemedi we ynanyp,öýüni maňa tabşyrdy.Gaýyn enem gowy adam ,hemişe meni goldapdy,görgüli öz ýoldaşynyň soňky ýoluna ugradylşyny hem görüp bilmändi.Men hem oň sözüni ýykman onuň öýüne,ýagny yzyma dolanyp bardym.Asyl ýoldaşymy hem daşary ýurda äkidipdirler ekeni.Indi şol öýde 4 çagam we men ýaşaýaryn.
Günlerde bir gün meni sorap bir zenan maşgala we erkek adam geldi,asyl görüp otyrsam şolaryň aýtmagyna görä meň ýoldaşym şol zenan maşgala zulum edipdir,ýanyndaky ýoldaşy bolsa juda gaharly ýagdaýda meň ýoldaşymy bärik getirdip iň uly jezany berdirmek isleýändigini aýtdy,men şonda hem syr bildirmejek bolup: ,,Ýok beýle däldir,ýalňyşýansyňyz,meň ýoldaşym beýle hereketler etmez "diýip ýene-de öz ýoldaşymyň tarapyny çalmaly boldum.
Biz bolsa şol ýerde ýaşamagymyzy dowam etdik.Dogry maňa we uluja gyzyma ýarawsyzlyk geldi,ýöne Allajana ýüzde müň şükür edýän,dogýan her bir günüm -aýym indi rahatlyk bilen geçip dur.Gaýyn enem hem bize kömegini ýetirip dur,ýöne uly gyzym 9 ýaşamagyna garamazdan gorkudan ýaňa häzirem doly gürläp, diýjek zadyny düşündirip bilenok.Men gyzymy bejertjek bolup, dürli saglyk öýlerine görkezdim, hatda özüm hem ýarawsyzlygym sebäpli wagtly wagtyna bejeriş işlerini geçýärin.Ýöne şonda hem gyzymyň saglygy düzelenok,ol öz deňduş gyzlarynyň ýanynda juda kemsinýär, mekdepde tabşyrylan ýumuşlary bolsa ýerine ýetirip aýdyp bilenok.Bu ýagdaý bolsa meniň ene ýüregimi juda ynjytýar we bu çäresizlik göz ýaşlarymyň akmagyna sebäp bolýar.Men her bir ene-ataň çagalarynyň on iki süňňiniň sagat bolmagyny Beýik Biribardan dileýärin.Başardygymdan bolsa her aýda aýdan-diýenlerimi paýlaýaryn.Allajan goý biziň çagalarymyzyň jany sag bolsun.Biz üçin şondan uly bagt ýok ahyryn.Men hem çagalarym üçin ýaşamaga borçly we şolar üçin dim-dik aýakda duraryn.Indi kämähallar ýoldaşym çagalar bilen salamlaşmak üçin jaň edýär ,ýöne ne olaryň iýýän zady bilen ne-de geýýän zatlary bilen gyzyklanmaýar.Indi gyzyklanany hem gerekdäl,ýöne gyzymyň şu halyna sebäp bolany üçin goý oňa ata Watanymyza ömrüniň ahyrynda hem gelmek miýesser etmesin,ýok oňa berilen ömrüni ahyryna çenli ýaşasyn,ýöne öz ýurduna gelip bilmän ýurdumyzyň hasratyny çeksin.Elimde çäre bolmansoň, alaçsyz gyzynyň derdine derman tapmaýan ene şeýle sözleri diýmäge hem mejbur boljak eken.
Meniň häzirki ýaş gyzlara bolsa berjek kiçiräjik maslahatym bolsa ,dogry söýmegem,söýülmegem gerekdir welin,gowja tanap barsynlar,soňundan gynanyp ajy gözýaş dökmeli bolmasynlar.Goý biziň mähriban zenanlarymyz durmuşda ýekeje sapar aglasynlar,oda gelinalyjysy gelip atasy öýi bilen hoşlasan wagty bolsun.
Oglanlardan bolsa ýekeje haýyşym,öz gelniniň,çagalarynyň,ýagny ählije maşgalasynyň gadyryny bilsinler.Dogry gowy oglanlar hem bar,ana başardyklaryndan şol gowluga tarap ýykgyn etmäge çalyşsynlar.
Bu gün göreniň bolsa ertir ýok...

awtor: Merjen Pirgulyýewa.
Soňy.


79

24

1

4

0

0

2
Teswirler:
 Özümiziňki
 Fantom [off]
  Bu dünýäge biýl baglan, galdy zyýan içinde... :ah:
 29.07.2025 / 12:10

+0

Inha şu wakalaryň birine dogry diýip boljak. olam gorkydan çagaň dili. Gyýnandyryjy ýeri, aýrylyşýan juwanlar şu çagalarynyň geljegi düşşek günleri hakynda iki tarapa janserek boljagyny gözegine tutmaýarlar.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Sorag?!?


Kakasyndan ötünç soramaly...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag?!?
Narcissist (Düýn, 23:13)

ADMIN GÜNI - lýul aýynyň soňky Anna güni


Birwagtlar Nowçany ýaňsylap ýazylan mowzukdy. Ýalňyşmasam @Garagujik agza ýazypdy öýdýän. Nowca lampa çalşanda otagy pyrlaýa, lampany däl. İçin...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | ADMIN GÜNI - lýul aýynyň soňky Anna güni
Rabiya (Düýn, 18:29)

Sebäp


Gowy goshgy......dowamy...
Şygryýet | Sebäp
rexha (Düýn, 17:43)

ADMIN GÜNI - lýul aýynyň soňky Anna güni


innikide mana düz...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | ADMIN GÜNI - lýul aýynyň soňky Anna güni
rexha (Düýn, 17:33)

ADMIN GÜNI - lýul aýynyň soňky Anna güni


Admininkini gotermeda beydip...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | ADMIN GÜNI - lýul aýynyň soňky Anna güni
Domen (Düýn, 14:23)

Eje 1


...dowamy...
Şygryýet | Eje 1
@menin_dunyam (Düýn, 14:07)

Sebäp


Ÿetirip dur...dowamy...
Şygryýet | Sebäp
@menin_dunyam (Düýn, 14:05)

ADMIN GÜNI - lýul aýynyň soňky Anna güni


Hmm bex....dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | ADMIN GÜNI - lýul aýynyň soňky Anna güni
@menin_dunyam (Düýn, 14:04)

Sorag?!?


Dusunmedim soragyn̈a vapse...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag?!?
Bezzat (Düýn, 13:33)

ADMIN GÜNI - lýul aýynyň soňky Anna güni


Gijem bolsa bagyşlarsyňyzda wagtynda goýmak ýatdan çykypdyr, esasy zat ýatlap geçeýin diýdim....dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | ADMIN GÜNI - lýul aýynyň soňky Anna güni
State (Düýn, 11:45)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика