Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Ayjahan : Biz haýsydyk? Söýenmi, köýenmi, doýanmy, duýanmy Biz haysydyk...!?

Forum | KÖMEK GEREK | Umumy

Kosmologiýa
 Özümiziňki
 Khanture00 [off]
 28.07.2025 / 20:58
 Fe inne mea'l'usri yusran, inne mea'l'usri yusran

Togalak ýer modeli gutarnykly görünýär we ol model känbir sorag döredenok, (planetalar, kosmos, gün sistemasy we gallaktikalar). Emma tekiz ýer modeli gutarnykly däl we tekiz ýeriň çäklerinden aňarda näme bar diýen sorag döreýär, şol sebäpde hem ynanma kyn. Gepiň gysgasy tekiz ýer modeliniň kosmologiýasy ýok. Dogrymy aýtsam tekiz ýere ynanyp başlanym bäri, togalak ýeriň kosmologiýasyny ýitirenime diýseň gynandym, sebäbi kiçilikden astranomyýany gowy görýärdim. Çäksiz kosmosy ähli onuň owadanlygy bilen (gara girdaplar, gallaktikalar we başga planetalar) eliňden alyp, onuň ýerine hiç hili kosmossyz tekiz ýer modelini berseler bir tüýsli oňaýsyz bolýar. Ýöne häzir ol kemçiligi düzetmäge synanşarys, sebäbi tekiz ýeriň kosmologiýasy hiç neneň däl. Bu tema üçin surat çekmäne ýaltandym we aýtjak zatlarymy bir surata sygdyryp bolar diýip pikir hem edemok, ýöne öz sözlerimde köpüräk zritel obrazlary ulanmaga synanşaryn, siziň kelläňizde suraty keşpler dörär ýaly:
Ilki blen hamyr ýaýylýan agaç gapagy göz öňüne getiriň. Gapagyň ol başyndan bu başyna bir milýon kilometr diýiň. Gapyň üstinde hiç hili ýagtylyk ýok, şol sebäpden hiç wagt eremäýän doňakçylyk diýip göz öňüne getiriň. Tutuş bir milion kilometr doňakçylyk, suwlaryň ählisi doňan, ýer doňan we hiç hili janly-jemende ýok. Soň birden gapagyň çaý käse ýaljak meýdanynda gün bilen aý peýda bolýar diýip göz öňüne getiriň. Gün bilen aý gapagyň üstünde peýda bolýar we hyýaly merkeziň daşyndan aýlanyp başlaýarlar. Günüň ýyladyp bilýän meýdany, gapak bileň deňeşdireňde, çaý käseden uly däl. Gapagyň galan ýerleri, entegem baky buzluk bolup ýatyr. Onsoň ýaňky günüň ýyladýan meýdanynda, garynjajyklar peýda boldy diýip göz öňüne getiriň. Garynjajyklar günüň aşagyny taşlap daşa gidip bilenoklar, sebäbi günüň aşagyndan çyksaň baky doňaklyk başlaýar, ýöne garynjajyklar gapagyň ähli ýüzüni öwrenesleri gelýärler. Garynjajyklaryň bagtyndan olaryň güni we aýy şol bir nokadyň daşyndan aýlanman, eýsem haýaljakdan gapagyň başga ýerlerinede süýşüp barýar. Emma gün bilen aý örän haýaljakdan süýşeni sebäpli, garynjajyklar ol üýtgeşmeleri görenoklar. Eger garynjalar bir näçe müň ýyl ýaşaýan bolsalar, olar öz üstündäki günüň müň kilometr gapdala süýşip, eýýäm başga ülkeleriň doňuny çözüp başlandygyny we öňki ýaşan ýerleriniň doňaklyk tutandygyny görerdiler. Gün bilen aý gapagyň üstünde bir ýerde durman, täze ülkeleriň doňuny çözýärler we köne ülkeleri baky doňaklyga gaplaýarlar. Gapagyň üstünde gün bilen aýyň hereketi şolar ýal. Eger garynjajyklar örän uzak ýaşaýan bolsalar, olar gün bilen aýyň, gapagyň ýüzünde bir aýlaw edip, ýene aýlanyp öňki nokadyna gelýändiklerini görerdiler.
Garynjajyklar gapagyň üstünde diňe özleri ýaşaýandyr diýip pikir edýärler. Garynjajyklaryň pikirine görä, gapagyň üstünde diňe olaryň aýy bilen güni bar we günüň düşmeýän ýeri baky buzluk ýaly bolup dur. Ýöne garynjajyklar ýalňyşýarlar, sebäbi gapagyň aňary tarapynda başga bir gün bar we ol gün hen öz aşagyndaky meýdanyň buzyny erdeýär we ýaşamaga şert döredýär. Ýöne ol günüň aşagynda eýýäm garynjajyklar dälde, termitlar ýaşaýar. Onsoň gapagyň üstünde çaý käse ýaly meýdanda birek birekden bihabar 2 sany mör möjekleriň görnüşi ýaşap ýör. Ol mörmöjekler birek birege myhmançylyga giderdiler, emma olaryň hiç biri öz gününiň aşagyndan çykyp bilenoklar, sebäbi örän sowuk. Hakykatda bolsa gapagyň üstünde aýlanyp ýören günleriň sany diýseň kän, ýöne ol günleriň arasy bir birinden uzak bolany üçin, olaryň ýaşaýjylary birek birekden bihabar. Güniň aşagynda ýaşaýan haýwanjyklaryň tapawutly bolşy ýaly, günleriň özi hem tapawutly, mysal üçin garynjajyklaryňky sary gün bolsa, termitlaryňky ýaşyl gün. Gapagyň üstünde gök günüň aşagynda aýlanyp we oň yzyna düşüp ýören jandarjyklar hem bar. Gapagyň käbir ýerinde bolsa, hatda asmanda iki sany günli ýerler hem bar. Başga ýerleriň meýdany çaý käse ýaly bolsa, iki sany günli ýerleriň meýdany şa käse ýaly meýdany tutýar. Gapagyň üstündäki günleriň ählisi, gapagyň üstünde bir ýerde duranoklar we ýuwaşlyk bilen hereket edýärler we özleriniň ýyladýan ýerlerini çalşýarlar. Şol bir wagtda hiç bir gün başga günüň yzyndan ýetenok, günleriň araçägi ölçenen we hiç haçan üýtgänok. Gapagyň üstünde ýaşaýan käbir jandarlar, öz günleriň çäginden çykyp, başga günleriň aşagynda başga jandarlaryň ýaşaýandygyny bilmegi başardylar. Elbetde öz günüň çäginden çykyp, başga günüň aşagyna syýahat etmek üçin, tehniki taýdan örän ösen bolmaly. Ýöne tehniki taýdan näçe ösen bolsaňda, başga gapaga syýahat etmek, hiç bir jandara başardanok. Hawa hawa, gapaklaryň sany hem ýeke däl. Biziň gürrüň beren gapagymyz, nolunjy derejede dur diýip pikir ediň. Biziň gapagymyzdan ýokarda ýene 7 sany gapak bar we ol gapaklaryň üstünde fizikaň nähili kanunlkaryň hereket edýäni hiç kime belli däl. Biziň nolunjy gapagymyzdan aşak düşseň hem ýene 9 sany gapak bolmaly, ol gapaklarda hem nämeleriň bolup geçýändigi bize belli däl. Ýöne käbir garynjalaryň aýtmagyna görä, biziň gapagmyzdan aşakdaky gapaklarda, gün diýen zat ýokmyşyn we ol ýer baky garaňkymyşün. Belki gapagyň çäklerine barsaň näme bolýar diýip sorajak tapylar? Soraga jogap bermezden öň gapaklaryň merkezinde näme bolýanyny düşündireýin. Gapaklar birek biregiň üstünden gaýtmaz ýaly, gapaklaryň merkezinden äpet bir daragt geçýär we ähli gapaklar şol daragta berkidilen, ol daragtyň kökleri iň aşagdaky gapaga tarap gidýär we agajyň iň depesinde iň soňky gapak ýerleşýär, garynjalar ol gapaga 7-nji gat asman diýýärler. Gapaklaryň ählisi we olaryň merkezinden geçýän daragyt bilen bilelikde, örän äpet ýumurtga şekilindäki bir gaba gaplanan. Her bir gapagyp uçlary şol gabyň içki diwaryna degip dur. Ýokarda agzalan sistemadan daşyna çykyp synlap bolýan bolsa, sistema ýumurtgany ýadyňa salýar, ýa-da birje üzümi? Ýumurtgadan daşyna çyksaň, eýýäm hakyky kosmos başlaýar. Ýumurtgalaryň sany hem ýeke däl, ýumurtgalar, ýa-da ýapyk sistemalar edil üzümiň hoşasy ýaly bolup birleşip, ýene uly bir sistema döredýärler. Üzüm hoşasyndan aňarda näme bar, ondan aňarda üzüm agajy bar.


122

31

5

3

0

0

2
Teswirler:
 Täzeje
 Avtohuligan [off]
 28.07.2025 / 21:04

+0

Sana sorag, beyleki planetalar sen ucn togolakmy ya dami?


Özümiziňki
Khanture00  (28.07.2025 / 21:07) 

Avtohuligan, tegelek


Täzeje
Avtohuligan  (28.07.2025 / 21:13) 

Khanture00, onnan yer nahili, dort burc tekizmi ya tegelek gornusdaki tekizmi?


Özümiziňki
Khanture00  (28.07.2025 / 21:21) 

Avtohuligan, şu blogda ýazylana

 Täzeje
 Kitkat [off]
 28.07.2025 / 21:45

+0

Henizem ýer tegelek diýip ýörşiñmi señ😁😁😁


Özümiziňki
Khanture00  (28.07.2025 / 21:49) 

Kitkat, kim sen?


Täzeje
Kitkat  (29.07.2025 / 08:43) 

Khanture00, Güljan men


Özümiziňki
Khanture00  (29.07.2025 / 08:47) 

Kitkat, kim Güljan?


Täzeje
Kitkat  (29.07.2025 / 14:28) 

Khanture00, doslukda bardym öñ


Özümiziňki
Khanture00  (29.07.2025 / 17:03) 

Kitkat, tanamok

 Täzeje
 Ahmal [2m]
 29.07.2025 / 00:08

+0

Talyplar.com da suna menzes bir suratam gordum oytysn, elde cekilen, Adalat19 dy yalnysmasam. Ya da Jek. Menä señ şu teoriýa ynanýanyñada ynanamok. Sebabi fizikanyn gaty kän kanunyna garşy bu.


Özümiziňki
Khanture00  (29.07.2025 / 07:39) 

Ahmal, fizikaň kanuny diýip zat ýok Allaň kanuny bar ☝️

 Täzeje
 Ahmal [2m]
 29.07.2025 / 00:13

+1

Gyzykly ýöne, garaşýan dowamyna

 Premium
 BAYOGUL [1s]
  Yurekdesh.ru
 29.07.2025 / 07:07

+0

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

ADMIN GÜNI - lýul aýynyň soňky Anna güni


Birwagtlar Nowçany ýaňsylap ýazylan mowzukdy. Ýalňyşmasam @Garagujik agza ýazypdy öýdýän. Nowca lampa çalşanda otagy pyrlaýa, lampany däl. İçin...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | ADMIN GÜNI - lýul aýynyň soňky Anna güni
Rabiya (Şugün, 18:29)

Sebäp


Gowy goshgy......dowamy...
Şygryýet | Sebäp
rexha (Şugün, 17:43)

ADMIN GÜNI - lýul aýynyň soňky Anna güni


innikide mana düz...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | ADMIN GÜNI - lýul aýynyň soňky Anna güni
rexha (Şugün, 17:33)

Bagyşla meni


Bagyşlammok...dowamy...
Şygryýet | Bagyşla meni
rexha (Şugün, 17:31)

Bagyşla meni


Haý awtor diýip öldüňizleý näme bir goşgy üçin sudýa gitjek bolýaňzmy?...dowamy...
Şygryýet | Bagyşla meni
Crazy-boy (Şugün, 17:26)

Bagyşla meni


Bir görgüliň azabyny ogurlap at aljak bolýanlara nälet bolsun...dowamy...
Şygryýet | Bagyşla meni
Bentner (Şugün, 14:51)

Bagyşla meni


Hmbah, mundan gelip çykdow...dowamy...
Şygryýet | Bagyşla meni
BAY-HAN (Şugün, 14:47)

Bagyşla meni


Bäh, gowy ýazypdyr bu goşgyny diýjek bolup durdum. Edil beýdäýmeli däl eken. Bimany bolsada, öz goşgyň bolsun. Bolmadyk ýerinde düzetseň bolýa....dowamy...
Şygryýet | Bagyşla meni
Gulmahrem (Şugün, 14:42)

ADMIN GÜNI - lýul aýynyň soňky Anna güni


Admininkini gotermeda beydip...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | ADMIN GÜNI - lýul aýynyň soňky Anna güni
Domen (Şugün, 14:23)

Eje 1


...dowamy...
Şygryýet | Eje 1
@menin_dunyam (Şugün, 14:07)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика