“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
Ýürekdeş sözler!
paradox : Seniň gözleriňe bakan başka dünýâni görmez

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Edebiýatdan gyzyklanýan agzalara sorag!
 Özümiziňki
 Arzuw [off]
 11.02.2024 / 12:51
 Haýyşt saňa, Öňki meni gaýdyp ber!

Atdylar maşyna, ses etdiň aglap,
Topuldym, çekdiler golumdan towlap.
Bir menzile gitdim yzyňdan ylgap,
Gök kürtelem bolsaň, heniz gyz wagtyň.

Kerim agaň ,,Ýaşlyk dramasy" diýen goşgusynyň şu bendinde, ,,Gök kürtelem bolsaň, heniz gyz wagtyň" diýýä. Näme üçin gök kürtelem bolsaň diýip aýtdyka? Türkmençilikde gök kürte ikinji durmuşyny gurýan zenana atyp ugradylýan eken. Näçe edebiýat mugallymlardan soradym jogap tapmadym. Belkem siz jogap berersiňiz.


195

26

9

4

0

0

3
Teswirler:
 Premium
 Belki [57s]
  Alladan dilänim -- bu gün ol meñki!
 11.02.2024 / 12:54

+0

Sorag hany?


Özümiziňki
Arzuw  (11.02.2024 / 12:55) 

Belki, inni ýazdym


Täzeje
GuGaPRO  (11.02.2024 / 13:00) 

Belki, Biziñ bilişimiz boýunça köp eserlerde gök kürte diýip dilde aýtmak añsatlygy we kapiýa dogry gelýänligi üçin aýdylýar. Mugallym bize şeýdip öwredipdi.


Özümiziňki
Burning  (11.02.2024 / 13:05) 

GuGaPRO, çaklama etmeklik bu ,,dogry jogap" diýmeklik däl. Dogry kä halatlarda,çaklamalaryñ dogry gelmegi mümkin emma o hem kä wagt. ,,Bu dogry gelmekligi (çaklamany) hemme wagt ulanmaly" diýildigi dälmikä diýýän


Premium
Belki [57s] (11.02.2024 / 13:57) 

GuGaPRO, dogry

 Täzeje
 Seyidovfilm [off]
 11.02.2024 / 13:01

+0

Gok kurtelam dp men pikirmca heniz kurtelam bolsan gyz wagtyn gic dal diydigi bolaymasa bu gok yone gosgyny duzulsinde sozleri gabat geler yaly


Täzeje
GuGaPRO  (11.02.2024 / 13:03) 

Seyidovfilm, dogry aýtýañ sebäbi başyna kürte atylan bolsada häli gyzlyk (gyzlygy gitmedik) dünýäsini terk etmedik diýen manyda ýazylan.

 Özümiziňki
 Perman [off]
 11.02.2024 / 13:01

+0

,,Goýy pikirli ynsan" ýaly özini alyp barýan agzalarymyz, özini görkesselerdi şu ýerdede.


Özümiziňki
Arzuw  (11.02.2024 / 13:03) 

Perman, şoň üçin açdym

 Premium
 BAY-HAN [off]
  Ýüregi ýüregime syrdaş...
 11.02.2024 / 13:07

+0

bu yerde "gök kürteli" diymek - diňe bir ikinji durmuş manysynda däl-de, eýsem, "owadan, ýaşyl" manysynda hem gelýär, meselem: bir goşguda "Ýatýar soňam bir gowy, Gundagly bäbek bolup. Gök kürteli tokaýyň, Bu gün ýene giň göwni" diyen setirlerinde duş gelyar, mundan başga-da şeylerak aytgylar hem bar: "Gyzlar durmuşa çykanda gündiz gyzyl kürte geýýärler, gije bolsa aslynda teýi gara, gök kürte atynýarlar. Sebäbi il içinde bar bolan yryma görä, gyzyl reňkde gijesine jynlar gizlenip, ýaş çatynjalaryň arasyna alagözlük salmasyn diýlip şeýle edipdirler".


Özümiziňki
Arzuw  (11.02.2024 / 13:10) 

BAY-HAN, bulam bolup biler, edebiýatçylaram Kerim agaň şo setirine üns berdimikä, näme üçin ,,Gök kürte" diýipdir, diýip?


Premium
BAY-HAN  (11.02.2024 / 13:12) 

Arzuw, belki üns berenleri hem bardyr


Özümiziňki
Burning  (11.02.2024 / 13:21) 

BAY-HAN, Gyzyl kürte gowy gelşik berýär we gyzlary ak pota hemde gyzyl (gupboly) kürtete, durmuş toýlaryny sowulan ekeni.
Gök kürte bolsa.. we ilkinji durmyşy bozulan zenanyñ ýeñse saçynyñ ujyndan kesmeklik arkaly zenanyñ durmuşa gadam basyp, soñ bolsa durmuşy şowsuzlyklara uçuranlygyny şol ýollar arkaly bildiripdirler #Garry ýaşy ulynyñ gürriñlerinden.
Bu teswiriñ bilen menä kanagatlanmaýan, awtory bilmedim


Premium
BAY-HAN  (11.02.2024 / 17:29) 

Perman, kanagatlanman bilersiň, sebäbi bu meň pikirim däl, internetden aldym


Täzeje
Jasmin  (14.02.2024 / 02:01) 

BAY-HAN, onyy

 Täzeje
 Id_327 [off]
 11.02.2024 / 13:15

+0

Goşgyda her söze göni düşünmek dogry däl (goşgyda asyl dilde, gepleşikde ulanylyş manysyndan başga manylarda ulanylýan sözler kän bolagandyr).


Özümiziňki
Arzuw  (11.02.2024 / 13:16) 

Id_327, ,,Gök kürtäň" aňyrsynda hem kän many, meňzetme ýatyr, şoň üçin sorandyrn


Täzeje
Id_327  (11.02.2024 / 13:18) 

Arzuw, hümm. Gözzöşdürip göröýün hany onno menem. Onnan-munnan idäkgöröýün
Menä häli mekdewede baramak kän bilmiýen düşünmiýen by zatlara)

 Özümiziňki
 Perman [off]
 11.02.2024 / 13:37

+1

Çaklama bilen dogry jogap ortasynda uly parh bolanlygy üçin ,,anyk jogabyny bilmedim" diýip goýmana mejbur.
Şu sorag meni juda gyzyklandyrdy.
Nähilidir bir, dürli sewäpler bilen şu mowzugy yzarlap bilmesem, jogabyny dogry bilýänler dogry jogaby aýtsalar awtor, mañada duýdyraýda


Özümiziňki
Arzuw  (11.02.2024 / 13:39) 

Perman, näçe ýyl bäri şu soraga jogap gözleýäň diýip sora

 Premium
 Belki [57s]
  Alladan dilänim -- bu gün ol meñki!
 11.02.2024 / 13:54

+1

Çeper edebiýatda gök sözi diñe bir göni manysynda gelenok. Muña mysal:
"Başyñda gök kürte
Gyzyl ot kürte
Indi bu dünýäde bagtym ýok örte"

N. Rejebow

Kerim aganyñ goşgusynda-da, bu goşguda-da göklügiñ üsti bilen nygtaljak bolýan zat kürtäniñ gözelligi. Eger bu ýerde "Gyzyl kürtelem bolsañ, entek gyz wagtyñ" diýsedi, hem-ä gulaga ýakymsyz eşdiljekdi, hemem bogun sazlaşygy, goşgynyñ akgynlylygy ýitjekdi. (Pikrimçe)

 Özümiziňki
 yurekdes [off]
  Her dünýäñ öz dünýasi bar, dünýäde💕
 11.02.2024 / 22:43

+0

Gök kürte edebiyatda köp ýerlerde gabat gelýa hemem sygyrda gyzyl kurte diyilen bolsa akgynlylygy bozjak hemem gelsiksiz gosgyda gok kurte diyilenem bolsa name ucin okyyjy hokmundr men goz onimde gyzyl kurte janlanya

 Gerekli
 Dreamfull [off]
  Каждому нужен кто-то, кто его выслушает.
 12.02.2024 / 10:39

+0

Hic hilak gyzykdaldey sol soza mana


Özümiziňki
Arzuw  (12.02.2024 / 10:42) 

Dreamfull, okaman geçseňem bolardy


Gerekli
Dreamfull  (12.02.2024 / 11:19) 

Arzuw, Pikiiriniz gyzyklydy sadece

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ahmyr


Gaty gowy goşgy, ýetireniňe minnetdar!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ahmyr
arzy (Şugün, 00:45)

Ahmyr


Sary öýmeli...😔😔😔😔😔...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ahmyr
Daniel (Düýn, 20:40)

Ahmyr


👍 ☆☆☆☆☆...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ahmyr
Burning (Düýn, 20:22)

SORAG ♥️♥️♥️ N°3


Gysga ömrüň ýoly uzak görünýär, Gelmänkä göwünler oňa höwes edýär, Gelse-de şol höwes birden gömülýär- Jogaby bu:gelip-geçýän ömür bolyar!...dowamy...
Erkin mowzuklar | SORAG ♥️♥️♥️ N°3
Талант (Düýn, 19:51)

SORAG ♥️♥️♥️ N°3


👍 şular ýaly gyzyklyja sorag jogaply (agzalary özüne çekiji, teswirleri aktiw ediji) ... mowzugy köpüräk açyň şeýdip....dowamy...

Ahmyr


Bähh......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ahmyr
Gulmahrem (Düýn, 18:30)

SORAG ♥️♥️♥️ N°3


Ol ömürdir, gysgadyr, uzak ýaly görüner, Ol Käbe – gitmekligi höwes eder göwünler, Gussalardan ruhyň çökse, bu höwesler gömüler, Düşünşimçe, sora...dowamy...

Sen jennet bolsañam saňa gelmerin.


Sagbol ýetireniñe!...dowamy...

Sen jennet bolsañam saňa gelmerin.


Familyanyñ sonky harpy galypdyr...dowamy...

Sen jennet bolsañam saňa gelmerin.


Gowy ýazylan, gussaly goşgy ýöne...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->